Türkmenistan üstaşyr hyzmatdaşlygy üçin yzygiderli konteýner otlyny işe girizdi

21 Fewral 2024
478

Milli demirýol ýük gatnawlaryny amala aşyrýan “Demirýollary” AGPJ, esasy üstaşyr geçelgeleri boýunça ugurlary açyp, öz wagtynda halkara ýük daşalşynyň guralandygyny habar berdi. Kesgitlenen anyk tertipde işleýän yzygiderli konteýner otlusy logistikany optimallaşdyrar we Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlarynda harytlaryň iberiliş wagtyny azaldar.

Bu taslama, tutuş ugur boýunça demir ýol lokomotiw flotunyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde mümkin boldy. Uly göwrümli rekonstruksiýa we düzümi täzelenenden soň, häzirki zaman ýokary kuwwatly esasy teplowozlar işe girizildi.