Ösüşli ýollaryň döwrebap wezipeleri

20 Fewral 2024
524

Türkmen halky «Ýol» sözüne köp many-düşünjäni sygdyrýar, şolaryň ählisi-de oňyn mazmunly bolup, döwletlilik, dowamat-dowam bolmak, maksat tutup, myrada gowuşmak ýaly manylarda ulanylýar. Halkymyz ýol-köpri-geçit gurmagyň sogapdygyna, şol geçitden geçen müňlerçe adamyň alkyş-hoşallygynyň ony gurana rysgal-döwlet, abadançylyk bolup dolanýandygyna ynanypdyr. Eziz Watanymyzda — sebitara, yklymara möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda kuwwatly halkara ulag-üstaşyr ulgamynyň döredilmegi halkymyzyň şol gadymy ynamynyň täze döwürde dabaralanmasy bolup şöhlelenýär. Ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalar, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalar bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmekde, söwda, medeni we beýleki gatnaşyklary giňeltmekde mümkinçilikleri açýar. Täze ulag geçelgeleriniň açylmagy sebit we dünýä söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täzeçe itergi berýär.

Ýol-ulag ulgamynyň köpugurly ösdürilmegi milli ykdysadyýeti ösdürmegiň aýrylmaz düzüm bölegidir. Dünýä ulag ölçeglerine, ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän ulag ulgamynyň, hereket ukyplylygynyň durnukly ösüş, kuwwatly ykdysadyýet üçin derwaýys ähmiýeti bar. Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň elýeterli bolmagy, ýol-hereket kadalarynyň howpsuzlyk üpjünçiligi, sebit we sebitara ulag-üstaşyr gatnaşyklarynyň çatryklarynyň we halkara geçelgeleriniň açylmagy ençeme yklym döwletleriniň açyk deňiz giňişliklerine çykmak mümkinçiliklerini artdyrmakda zerur şertleri döredýär. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň bimöçber ähmiýeti halkara derejesinde ykrar edilýär.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».