Ulag we kommunikasiýalar ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi

19 Fewral 2024
609

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 116,1 göterime deň boldy. Şu ýylyň ilkinji aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,7 göterime barabar boldy.