Bu ýerde ykdysadyýet Günüň dogmagyna garaşmaýar

18 Fewral 2024
553

Eliň aýasy ýaly ýerde ýerleşip, dünýä ykdysadyýetiniň ösen nusgasyny sergä çykarmak diňe Ýaponiýa başartsa gerek. Käbirleri: «Ýaponiýa Günüň dogýan ýurdy ahyry. Türkmençilikde: «Ir turan işinden dynar» diýilmeýärmi näme?» diýip biler. Ol dogry, ýöne onuň başga-da sebäpleri bar. Ine, oňa käbir deliller.

Gündogar Aziýanyň modeli hasaplanýan Ýaponiýa ägirt uly, ösen sosial bazar ykdysadyýetli ýurt hökmünde bilinýär. Häzirki wagtda Ýaponiýanyň ykdysadyýeti jemi içerki önümi boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň dünýäde 4-nji, eksporty, importy boýunça 4-nji, adam başyna düşýän jemi içerki önümi boýunça 34-nji orunda durýar. Şeýle-de Ykdysady çylşyrymlylyk indeksine (ECI) görä, dünýäniň 1-nji çylşyrymly ykdysadyýeti hasaplanýar. Resmi hasaplamalara görä, 2023-nji ýylyň ahyrynda satyn alyş güýji boýunça Ýaponiýanyň görkezijisi 5,309 trillion amerikan dollaryna deň boldy. Bu ykdysatçylaryň çaklamalaryndan 10 göterim ýokarydyr. Ýurduň ilaty 123,3 million bolup, jan başyna düşýän jemi içerki önümi 34 müň 550 amerikan dollaryna deňdir.

Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».