Eşrete besleýän işler

5 Fewral 2024
524

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Bu babatda ilatly ýerleri tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Il bähbitli, ýurt ähmiýetli işler Lebap welaýatynda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şonuň netijesinde arzan we amatly ýangyçdan peýdalanýan hojalyklaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

— Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän Oba milli maksatnamasynyň çäginde geçen ýylda welaýatymyzda döwletimiziň düýpli maýa goýumlarynyň 18,4 million manady özleşdirildi. Munuň özi ýyllyk meýilnamanyň 2,4 esse artygy bilen berjaý edilendiginden habar berýär. Şonuň netijesinde dürli basyşly gaz geçirijileriň 40 kilometre golaýy çekildi — diýip, «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň düýpli gurluşyk bölüminiň başlygy Agajan Seýidow gürrüň berýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».