ÝOLLAR UZAR DOST-DOGANA SARY

31 Ýanwar 2024
433

Eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny ynamly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag diplomatiýasynyň dabaralanyp, dünýä çykýan döwri rowaçlanýar. Şonuň netijesinde bu günki gün ýurdumyzda gurulýan ak, ajap ýollar dost-dogana, yklymlara we sebitlere uzaýar. Gadymy Ýüpek ýolunyň şahasy bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly-da şeýle ýollaryň biridir. Ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrüljek bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” mynasyp ornuny tapan iri taslamalaryň biridir.

Uly ynam bilen gadam basan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna eden iş saparynyň çäklerinde bu gatnawly ýoluň Tejen — Mary böleginiň gurluşygynda zähmet çekýän ýol gurujylar bilen duşuşyp, olaryň armasyny ýetirmegi, işleriň ýagdaýy, döredilýän mümkinçilikler bilen tanyşmagy bu işi tamamlaýjy tapgyrda alyp barýan işçi-hünärmenleriň göwün guşuny ganatlandyrdy. Öz gezeginde zähmetsöýer ýol gurujylar Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize, şu ýokary tizlikli ýoluň gurluşygyna başlanan gününden bäri gelip, armasyny ýetirip duran Milli Liderimize çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler. Asyryň iri taslamasy bolan bu ýoluň gurluşygynda zähmet çekmek bagty miýesser eden işçi-hünärmenleriň buýsanç bilen aýtmagyna görä, onuň ugrunda döwrebap köprüleriň, awtobus duralgalarynyň, myhmanhanalaryň, söwda nokatlarynyň we dynç alyş merkezleriniň bolmagy sürüjiler hem-de ýolagçylar üçin amatly şertleri üpjün eder. Olara edilýän hyzmatlaryň hiliniň dünýä derejesine çykmagyna ýardam berer.