Geňeşli ýerde kemlik ýok

22 Awgust 2023
458

Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzy şöhratlandyrjak ählihalk maslahaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyryna badalga berjek şanly gün hökmünde taryhy ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletimiziň syýasy ulgamynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hökmünde öňe çykýar. Çünki türkmen halkynyň ozaldan gelýän däpleriniň iň naýbaşysy halk bilen, ýaşulular bilen maslahatlaşyp, möhüm meseleleri çözmekdir. Bu däp Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap dowam etdirilýär. Her ýyl geçirilýän ählihalk maslahaty döwleti edara etmäge halky çekmekligiň möhüm usullarynyň biridir.

Jemile PÜRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.