"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Magtymgulynyň şygryýetinde ylmy garaýyşlar

Magtymguly Pyragynyň şygyr älemine aralaşsaň, onuň, hakykatdan-da, umman ýaly giňdigine, many-mazmun taýdan baýdygyna göz ýetirýärsiň. Bu ýagdaýy şahyryň şygyrlarynyň köp sanly ylmy maglumatlary özünde jemleýändigi bilen hem düşündirmek bolar. Magtymguly Pyragynyň asman jisimleri baradaky aýdanlarynyň hem häzirki zaman ylmy üçin uly gyzyklanma döredýändigini bellemelidiris. Mysal üçin, şahyryň:

Geologik maglumatlaryň gaýtadan barlanmagynyň wajyplygy

Geologiýa-barlag işleriniň gözleg we barlag tapgyrlarynda seýsmiki-barlag işleriň esasynda taýýarlanan meýdançalarda geçirilýän gözleg gazuwy netijesinde senagat taýdan ähmiýetli uglewodorod akymlary alnyp, nebitgazly känler ýüze çykarylýar, her bir ýatagyň beýikligi, ýaýraýyş meýdany, görnüşi, kollektor-gatlaklaryň sygym-syzdyryjylyk alamatlary we başga ölçegler kesgitlenilýär, ýataklaryň uglewodorod gorlaryna baha berilýär. Işläp geçmeklige taýýarlanylanda, kän boýunça bar bolan geologik maglumatlar, balansda duran gorlar barlagdan geçirilýär. Ýataklaryň ölçegleri hemmetaraplaýyn jikme-jik öwrenilip, gorlaryň hasaplanyşynda ulanylýan kollektor-gatlaklaryň fiziki alamatlary has çuňňur derňew edilýär. Zerurlyk çykan ýagdaýynda, baha beriş guýularyň gazylmagy arkaly kollektor-gatlaklaryň doýgunlylygy barlanylýar, ýataklaryň modelleri takyklanylýar. Bu derňew işleriniň ahyrynda käniň özleşdirilişe taýýarlanmagy bilen bilelikde goşmaça ähmiýetli netijeleri hem gazanyp bolýar. Mysal üçin, Merkezi Garagum gümmeziniň günortasynda ýerleşýän Gurruk, Günorta Gurruk, Tamdyrly, Atabaý, Çaşgyn, Sakarçäge känleri boýunça bar bolan geologik maglumatlary, hasaba alnan uglewodorod gorlary Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geologiýa bölüminiň gaz känleriniň geologik-mowzuk barlag we taslamalaşdyryş laboratoriýasynyň hünärmenleri tarapyndan jikme-jik öwrenilip, känleriň gorlaryny hasaplamakda

Biotehnologiýa boýunça täze maksatnama

Türkmenistanda ösen biosenagaty döretmegi nazarlaýar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekde möhüm ädime öwrüldi. Täze Maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Şu mynasybetli 11-nji maýda geçirilen hoşallyk maslahatynda edilen çykyşlarda-da bellenilişi ýaly, bu resminamada biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Göwni garagumda, yşky ylymda

Ýer ýüzünde onuň aýak yzy galmadyk çöl ýok. Käbirlerine bolsa bir däl, birnäçe gezek hem baryp, olaryň tebigy aýratynlyklaryny ylmy esasda içgin öwrenipdi. Basaňda aýagyň çümüp gidýän gyzgyn çägeli depelerden aşyp öwrenen, özleşdiren maglumatlary asyrlar aşsa-da könelmejek, gymmatyny ýitirmejek kitaplara, ylmy makalalara öwrülip, gyzgyny bilen okyjylara gowşupdy. Şeýdip, kä howur-epgekli, käte bolsa sowuk-aýazly günlerde, dürli yklymlaryň goýnunda ýörelen ýollar, toplanylan tejribeler ony belli alym hökmünde bütin dünýä tanatdy. Türkmen ylmynyň ösmegine uly goşant goşan bu alymyň adyny eşitmedik ýok diýen ýaly. Ol — geografiýa ylymlarynyň doktory, professor, halkara baýraklaryň eýesi, akademik Agajan Geldiýewiç Babaýew. Ykbalyny ylma baglan alym çölleri öwrenmek bilen baglylykda, dünýäniň ençeme ýurdunda iş saparlarynda bolýar. Owal-ahyr türkmeniň ýaşaýyş sallançagyna deňelýän Garagum bolsa onuň üçin has eziz, has mähriban! Çünki Garagum onuň üçin hazynaly huma barabar. Alymyň ylym ýolunyň ilkinji ädimleri-de hut şu ýerden başlanypdy. Garagumda ýadaman-ýaltanman ýörelen ýollar soňra dünýäniň dürli künjeklerindäki Gyzylgum, Tar, Sahara, Gobi, Atakama, Takla-Makan ýaly çöllere çenli uzapdy...

Ruhy baýlygyň çeşmesi

Halkymyz kitaba uly hormat goýýar, onuň gadyr-gymmatyna oňat göz ýetirýär. Kitap ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Şol hazynanyň açaryny ele almagyň zerurdygy, onuň adamlaryň durmuşyndaky ähmiýeti barada dürli döwürlerde ýaşap geçen danalarymyz, akyldarlarymyz gyzyla gaplaýmaly setirlerini nesillerimize miras galdyrypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Belli türkmen alymy Zamahşary «Ylym pikirlenmekdir» diýipdir. Orta asyryň alym ussatlarynyň biri Fahreddin er-Razy başga iş bilen meşgul bolýan wagtynda-da, kitap okapdyr. Öýünden medresä barýança hem, kitap okapdyr. Ol wagtynyň aglaba bölegini kitap okamaga sarp edipdir» diýen setirler bar. Munuň özi kitabyň durmuşda näderejede ähmiýetlidigini, gymmatlydygyny görkezýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda halkymyzda, şol sanda ýaşlarda kitap okamaga, onuň many-mazmunyna dogry düşünmäge bolan isleg we höwes has-da artýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen kitaphana işi hem özgerýär, ösýär. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda ruhy baýlygyň çeşmesi bolan kitaplar geljekki nesillerimiz üçin aýawly saklanýar. Häzirki wagtda döwletimizde kitaphana işini has-da kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň maglumat-tehnologiýa mümkinçilikleri yzygiderli kämilleşdirilýär.  

Alymyň halypalyk mekdebi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň täsin tebigatynyň köpöwüşginliligini we gözelligini gorap saklamak, ony geljekki nesillere tebigy durkunda we has baýlaşdyryp, miras goýmak barada uly tagallalar edilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ekologiýa meselelerine uly üns berilýär. Şol ugurda birnäçe işleri alyp baran kinologiýa ylmyndan hem uly işleri bitiren Türkmenistanyň bilimde at gazanan işgäri, belli alym, mugallymlaryň, hünärmenleriň, talyp ýaşlaryň hormatly halypasy, bütin manyly ömrüni mukaddes ata Watana, ylym-bilime bagyş eden zoolog-ornitolog, kinolog we ekolog, alym Öwez Sopyýewdir. Alym mugallym Öwez Sopyýewiň ylmy işleriniň netijeleri ýörite monografiýalarda, ylmy maglumatnamalarda, dissertasiýa işlerinde, ensiklopediýalarda, okuw kitaplarynda, şeýle hem tebigaty goramak boýunça başlangyçlary teleýaýlymlarda taýýarlanylýan gepleşiklerde, kitaplarda giňden ulanylýar. Alym mugallymyň maslahaty bilen Türkmenistanyň tebigaty we haýwanat dünýäsi hakynda gürrüň berýän gysga söhbetli kinofilmler döredilendir. Onuň ylmy ýolbaşçylygynda hünärmenleriň ençemesi kandidatlyk dissertasiýasyny goradylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Milli kinologiýamyzyň ösüşinde uly işleri durmuşa geçiren belli alym, ornitolog Öwez Sopyýewiň we ýurdumyzyň tebigatyny goramakda

Innowasiýalar — ösüşiň kepili

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde innowasiýalardan peýdalanmak bilen, häzirki zaman ylmy usullary arkaly ýurdumyzda innowasion ösüşiň ilerledilmegine gönükdirilen täze tehnologiýalary işläp düzmek babatda ylmy-barlag, ylmy-tehnologik, taslama-konstruktorçylyk işleri alnyp barylýar. Hususan-da, ýerli çig mallar esasynda importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň tehnologiýalaryny işläp düzmek babatda tejribe-barlag işleri geçirilýär. Geçen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Tehnologiýalar merkeziniň köpugurly, döwrebap barlaghanalarynda döwlet maksatnamalaryna laýyklykda giň gerimli işler alnyp baryldy. Aýratyn-da, ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda magniý oksidinden ýokary temperatura durnukly magneziýa briketlerini almak, biotehnologiýanyň usullary arkaly nebitşlamly topraklary arassalamak, ýerli dermanlyk ösümliklerden biologik işjeň maddalary bölüp almak, alternatiw energiýa çeşmelerini utgaşdyryp, ikilenç serişdeleri peýdalanmagyň tehnologiýasyny işläp düzmek, topragyň agrohimiki düzüminiň esasynda sanly tematiki kartalary işläp düzmek ýaly ylmy barlaglar ýerine ýetirildi.

III Açyk halkara internet olimpiadasy açyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, talyp ýaşlaryň döwlet, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmegini gazanmakda giň mümkinçilikler döredilýär. Düýn 6-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Nazary mehanika» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy. Halkara internet olimpiadasyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden, daşary ýurtlaryň 15-inden ýokary okuw mekdepleriniň 66-yndan talyp ýaşlar gatnaşýar. Bu halkara internet olimpiadasy şahsy we toparlaýyn görnüşinde geçirilip, şu ýylyň maý aýynyň 6 — 11-i aralygynda dowam eder.

Žurnalistikanyň we kommunikasiýanyň häzirki zaman gurallary boýunça okuw maslahaty

1 — 3-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda žurnalistikanyň we kommunikasiýanyň häzirki zaman gurallary boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary hem-de žurnalistika hünärinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň esasy maksady degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň žurnalistika hünärinden bilimlerini artdyrmak bolup durýar. Şeýle-de häzirki zaman şertlerinde žurnalistika bilimine we žurnalistlere bildirilýän esasy talaplar boýunça pikir alyşmakdan ybaratdyr.

Ylmy gözlegleri işjeňleşdirmek — döwrüň talaby

Häzirki wagtda Türkmenistanda ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň alyp barýan işleri hem bu ugurdaky tagallalara goşantdyr. Merkezde ygtyýarnamalar esasynda ýerine ýetirilýän iş görnüşlerinden daşgary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ylma bolan höwesini artdyrmak, ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek, iri möçberli ylmy-tehniki wezipeleri bilelikde çözmek we ýokary okuw mekdeplerinde işlenip düzülen ylmy taslamalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny giňeltmek maksady bilen, onlarça ylmy-barlag, ylmy-gözleg, taslama işleri alnyp barylýar.

Bol hasyl almakda mineral dökünleriň ähmiýeti

Häzirki wagtda ýurdumyzda däneçilik, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, miweçilik, üzümçilik, bakjaçylyk we beýleki ugurlar işjeň ösdürilýär. Oba hojalyk pudagyny döwrebap talaplara görä netijeli ösdürmek, ekinlerden ýokary hilli hasyl almak boýunça uly işler dowam edýär. Şunda topragyň hilini gowulandyrmak, ekerançylykdan alynýan hasyly artdyrmak, tohumçylygy kämilleşdirmek pudagyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hataryndadyr. Türkmenistanda obasenagat toplumyna döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Oba hojalygynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, şol sanda gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünleriň önümçiligi boýunça zawodlaryň gurulmagyna maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Toprakdan bol hasyl almakda mineral dökünleriň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle dökünler ösümlikleriň iýmitlenmegi, topragyň hasyl berijiliginiň gowulanmagy üçin zerur bolup durýar. Mineral dökünler ýokary we durnukly oba hojalyk hasylyny almak maksady bilen ulanylýar. Türkmenistanda mineral dökünleri öndürýän himiýa kärhanalarynyň birnäçesi bar. Türkmenabatda fosfor dökünleriniň önümçiligi boýunça S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasy, azot dökünlerini öndürýän «Tejenkarbamid», «Maryazot», «Marykarbamid» we «Garabogazkarbamid» zawodlarynyň, kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk kaliý dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy oba hojalygyny ýokary hilli mineral dökünler we himiýa serişdeleri bilen üpjün

Elýeterli ýyladyşhanalar: geljegi uly önümçilik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda işewürligiň yzygiderli ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Netijede, türkmen hususyýetçileri tarapyndan önümçiligiň dürli ugurlarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Şeýle ugurlaryň biri hem ýylsaýyn giň gerime eýe bolýan ýyladyşhana işewürligidir. Aslynda, ýyladyşhana näme üçin zerur? Munuň özi adamlaryň hemişe ter, täze iýmite bolan islegi, tebigy talaby bilen baglydyr. Ösen dünýäde adamlar tebigata bagly däl ýagdaýda, emeli şertlerde hem iýmit üpjünçiligini amal etmek mümkinçiligine eýe boldy. Şunda ýyladyşhanalara uly ornuň degişlidigini wagt hem-de tejribe eýýäm görkezdi. Mundan ötri ýurduň azyk garaşsyzlygynda hem-de eksport meselesinde ýyladyşhanalaryň biçak uly mümkinçilikleri barha giňemek bilen. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamak gerek. Türkmenistanda ýyladyşhana işewürligini ösdürmäge, bu ugurda dünýäde iň öňdebaryjylaryň birine öwrülmäge diýseň uly şertler bar. Muny ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlaryň salgytlardan doly boşadylandygy, ekin meýdanlarynyň giňdigi, energiýa serişdeleriniň bahasynyň arzandygy, ýyladyşhanalarda ýetişdirilen önümleri eksport etmek üçin amatly geografik ýerleşiş mümkinçilikleri bilen delillendirip bolar. Şeýle-de türkmen topragynda ýylyň dowamynda 270 — 300 günläp güneşli ho

Ideg işleri utgaşdyrylyp geçirilende...

Gowaçadan doly gögeriş alnandan soň ilkinji hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ösüş suwunyň tutulyp başlanmagy bilen, her gezek suw tutulandan soň, ýerleriň taba gelşine görä, hatararalarynyň bejergisi geçirilýär. Hatarara bejergisiniň esasy maksady toprakdaky yzgaryň ýitgisiniň we duzlaryň ýokary galmagynyň öňüni almakdan, şeýle hem gowaçanyň kök ulgamynyň kadaly howa çalşygyny üpjün etmekden, topragyň üstki gatlagyny gowy bejerilen ýagdaýda saklap, hatararalaryny haşal otlardan arassalamakdan ybaratdyr. Ilkinji bejerginiň ýokary netijeli bolmagy üçin hatararalary 90 santimetr bolan 7 sany işçi guralynyň gatnaşmagynda toplum bilen ýumşatmaly. Gorag zolagynyň giňligi gowaçanyň hatarynyň her gapdalyndan 8 – 10 santimetr bolmaly. Şeýlelikde, işlenip bejerilýän zolagyň ini 90 santimetr hatararada 70 – 74 santimetr bolýar. Gowaçalar ýekelenip, otag işleri tamamlanandan soň, ikinji hatarara bejergi işleri geçirilýär. Bu bejergi 90 santimetr hatararasynda 14 – 16 santimetr çuňlukda geçirilýär. Gorag zolagynyň giňligi bolsa 10 – 12 santimetr bolmalydyr. Her ösüş suwundan soň, hatarara bejergileri geçirilýär. Bejerginiň çuňlugy 90 santimetr hatararasynda 18 – 20 santimetr bolmaly. Hatarara bejergileri işçi abzallarynyň doly toplumy bilen üpjün edilen kultiwatorlar bilen geçirilmelidir. Gowaçany ýekelemek onuň kadaly gürlügini almak üçin geçirilýän örän jogapkärli agrotehniki çäredir.

“Ylym bir daragtdyr”

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyz ylym, bilim we beýleki ulgamlarda döwür bilen deň gadam urýar. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr. Binanyň berkliginiň binýadyň mäkämligine baglydygy bize durmuş hakykatyndan mälimdir. Binýat näçe berk, oýlanyşykly goýulsa, gurýan ymaratymyz hem şonça gaýym hem ajaýyp bolar. Täze taryhy eýýamda ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: “Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden açmakda, dünýä derejeli ylmy düşünjesi bolan hünärmenleri, alymlary ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmagy zerur wezipe hökmünde aýratyn nygtamak isleýärin. Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir we munuň üçin ylym-bilimiň basgançaklary dünýä standartlarynyň talaplaryna doly laýyk getirilmelidir. Ylmy döredijiligiň ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşyny ösdürmekdäki täsiriniň artmagy üçin daşary ýurtlar bilen ylmy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna üns bererin” - diýip, parasatlylyk bilen bellemegi, ähli ösüşleriň özeniniň ylym öwrenmek, bilim almak bilen

Atçylyk: ylym — gel­je­ge ynam

Arkadag şäheriniň merkezinden geçýän şaýol gaýduwsyz Keýmir serdaryň adyny göterýär. Ýolboýy şäheriň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasy, Ruhyýet köşgi, Döwlet arhiwi, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi ýaly edara binalarynyň duşundan geçip gidýärsiň. Bu şaýol Atçylyk ylmy-önümçilik merkezine getirýär. Merkeziň baş binasy sekizburçluk keşbi bilen uzaklardan lowurdaýar. Ýüzüni daga tutup oturan 7 gatly binany arkalap uzaýan aýlaw nal şekili oňa gelşik berýär. Nalyň nyşany — şäherdäki atçylyga degişli desgalaryň aýrylmaz bölegi. Binalar öz keşbi bilen ondaky kesplerden gürrüň açýar. Ylmy-önümçilik merkezi iki sany ajaýyp binanyň arasynda ýerleşýär. Gündogarynda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, günbatarynda bolsa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy şähere gözellik berýär.

Institutyň ylmy-barlag işleri önümçilikde

Häzirki wagtda «Nebitgazylmytaslama» institutynyň agzybir hünärmenleri tarapyndan gazlift we ştangaly çuňlukdan sorujy usullar bilen işleýän hereketdäki guýularyň nebit çykarylyşyny artdyrmaga ýa-da durnukly işlemeklerine ýardam berýän birnäçe teklipler hödürlenilýär we guýularda öz beýanyny tapýar. Ylmy-barlag işlerinde ştangaly çuňlukdan sorujy guýularda sorujynyň işleýşi, oňa täsir edýän faktorlar öwrenilip anyklanylýan bolsa, ýörgünli gazlift usuly bilen işleýän guýularda hem berilýän gazy sazlamak we tygşytlamak arkaly alynýan maglumatlar seljerilip, täzeden işlenip, önümçilige teklipler hödürlenilýär. Institutyň hünärmenleriniň wezipesi önümçiligiň jümmüşinde bolup, gazlift we ştangaly çuňlukdan sorujy usul bilen işleýän guýulardan nebit çykarylyşynyň ýokarlanmagyna ýardam berýän dürli görnüşli barlaglary geçirip, guýularyň kadaly işlemeklerini gazanmakdyr we olary köp önüm berýän guýularyň hataryna goşmakdyr. Şu mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başlarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň we «Nebitgazylmytaslama» institutynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda gazlift guýularyna sarp edilýän gazyň udel kadasyny kesgitlemek boýunça ady agzalan institutda giňişleýin maslahat geçirildi. Şonda gazlift guýularynyň iş düzgünini kadalaşdyrmak we guýulara berilýän gazyň udel sarp edilişini azaltmak we beýleki meselelere garaldy.

Atçylygyň ylmy-önümçilik merkezi

Arkadag şäheriniň döredilmegi halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşan taryhy wakalaryň biri boldy. Bu ajaýyp şäheriň aýratynlyklarynyň biri hem onuň ahalteke bedewleriniň merkezine öwrülmegidir. Şu günki gün bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, şeýle hem Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hereket edýär. Bu hem Arkadag şäheriniň diňe Türkmenistanda ýa-da sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde halkara atçylygyň merkezine öwrülendiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Milli atçylygy ösdürmek babatda yzygiderli amala aşyrylýan işler, hususan-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi ýurdumyzyň häzirki wagtda dünýä medeniýetiniň baýlygyny — ahalteke bedewini geljekki nesiller üçin aýawly saklaýan uly halkara merkez bolup durýandygyny dolulygyna äşgär edýär.

«Bedew atlar adam ýaly syzýa»

Atlar adamlar ýaly gürläp bilmeýärler, emma öz aralarynda aragatnaşygy saklaýarlar. Beden dili we özlerine mahsus sesleri bilen «Gaharym gelýär», «Ajykdym», hatda «Seni gowy görýärin» ýaly sözleri duýduryp bilýärler. Gysga wagtlyk okuw arkaly bu at dilini öwrenmek mümkindir. Bar mesele atlaryň öz aralarynda aragatnaşygy saklamak üçin edýän hereketlerini nähili ýormalydygyny öwrenmekden ybaratdyr. Boýun. Atlar uzyn we muskullak boýnuny dürli maksatlar üçin ulanýarlar. Bularyň iň möhümi bedeniniň deňagramlylygyny saklamakdyr, mundan başga-da, aragatnaşyk saklamak, gaşanmak we mör-möjekleri kowmak üçin ulanýarlar. Atyň halamaýan bir zady bar bolsa, başga bir at ýa-da adam ony biynjalyk edýän bolsa, başyny ýaýkap (mör-möjekleri kowmakdan başga) nägileligini görkezýär.

Biotehnologiýa ösüş­iň öň ha­ta­ryn­da

Häzirki zamanda ylmyň we tehnologiýanyň ösüş depgini ýokary derejelere çykdy. Olaryň adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyna edýän täsiri hem görnetin artdy. Indi ylymsyz we tehnologiýasyz durmuşy göz öňüne getirmek hem kyn. Ol ýokary depginli ösüş biziň Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda özüni görkezdi. «Türkmenistanyň ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýanyň ähli ugurlar boýunça ösmegi, şeýle hem durmuşa giňden ornaşmagy babatda giň ýol açdy. Ylmyň we tehnikanyň ösüşinde ileri tutulýan ugurlaryň biri hem biotehnologiýalardyr. Biotehnologiýalar janly bedenleri, olaryň ulgamlaryny ýa-da biologiki ösüşiniň gidişini ulanmagy öwrenýär.

Tehnologiýalar merkeziniň ylmy açyşlary

Žurnalymyzyň şu sanynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada okyjylara gürrüň bermegi makul bildik. Şu maksat bilen, Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowa bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol bize ýandakdan (Alhagi persarum) taýýarlanan dermanlyk ekstraktynyñ mikrokapsulirlenen görnüşe geçirilişi barada şeýle gürrüň berdi: — Biz biotehnologiýa tejribehanasynyň beýleki hünärmenleri bilen birlikde, ýandakdan mikrokapsulýasiýa etmek üçin tehnologiýany işläp düzdük. Şonuň bilen hem bize ýandagyň çig malyndan suwuk ekstrakty almak başartdy. Şeýlelikde, ýandagyñ ekstraktyny kapsula ýerleşdirdik.