Biotehnologiýa ösüş­iň öň ha­ta­ryn­da

22 Aprel 2024
677

Häzirki zamanda ylmyň we tehnologiýanyň ösüş depgini ýokary derejelere çykdy. Olaryň adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyna edýän täsiri hem görnetin artdy. Indi ylymsyz we tehnologiýasyz durmuşy göz öňüne getirmek hem kyn. Ol ýokary depginli ösüş biziň Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda özüni görkezdi. «Türkmenistanyň ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýanyň ähli ugurlar boýunça ösmegi, şeýle hem durmuşa giňden ornaşmagy babatda giň ýol açdy.

Ylmyň we tehnikanyň ösüşinde ileri tutulýan ugurlaryň biri hem biotehnologiýalardyr. Biotehnologiýalar janly bedenleri, olaryň ulgamlaryny ýa-da biologiki ösüşiniň gidişini ulanmagy öwrenýär.

Ýusup MÄMMEDOW,
biologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar