"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Binagärlik sungaty: däp bolan ýörelgeler we häzirki zaman meýilleri

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guralan wekilçilikli forum Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlandy. Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata gatnaşmaga Azerbaýjanyň, Belarusuň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Malaýziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr professorlary, halkara guramalaryň, ýurdumyzda işleýän belli gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri çagyryldy.

Baýrama mynasyp sowgatly

Eziz Tagangulyýew, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy: — Men 6-njy synpdan başlap, biologiýa, fizika derslerine ýykgyn etdim. Şunlukda, bu derslerden döwlet we halkara derejelerindäki ders bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanyp gelýärin. Geçen okuw ýyllarynda maňa «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda, şeýle-de Litwa döwletiniň Wilnýus şäherinde geçirilen VILIPO halkara taslama bäsleşiginde üçünji orny eýelemek bagty miýesser etdi. Daşary ýurtlaryň 36-synyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen bu taslama bäsleşiginde öňe saýlanmak meni bilimimi has-da çuňlaşdyrmaga ruhlandyrdy. Men bäsleşige «Daşky gurşawy goramak we tygşytlylygy gazanmak» atly taslama işim bilen gatnaşdym. Şunda buýan kökünden alnan galyndylary zaýalaman, ondan gurluşyk önümini öndürmegiň usullaryny taýýarladyk. Ylmy ýolbaşçym Toýly Gurbanowyň ýardam bermeginde taýýarlan bu taslama işime mynasyp baha berildi. Biz taslama bäsleşiginden soňra Wilnýus şäheriniň gözel ýerlerine gezelenç etdik. Ol ýerdäki ajaýyp teatry we taryhy-medeni ýadygärlikleri ýakyndan synlamak bize ýatdagalyjy täsirleri bagyş etdi. Biz birnäçe daşary döwletleriň ýaşlary bilen dostlaşdyk. Olar gözel paýtagtymyzyň üýtgeşik owadanlygyny aýratyn belläp geçdiler.

Beýik ösüşleriň binýady

12-nji iýun — Ylymlar güni Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizi ýokary depginler bilen ösdürmekde, onuň syýasy, ykdysady we medeni giňişlikde bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda ylym ulgamy aýratyn orun eýeleýär. Şonuň üçinem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürüldi. Ilkinji nobatda bellemeli zat hem, ýurdumyzda ylmyň hukuk esasy döredildi. Bu bolsa ulgamy kämilleşdirmekde, ony hil taýdan täze derejelere götermekde täze çemeleşmelere ýol açdy. Şonuň netijesinde, ähli ugurlarda öňdebaryjy tehnologiýalar, ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary giňden ornaşdyrylyp, ösüşiň täze belentliklerine ynamly ugur alyndy.

«Magtymguly» diýip adyny tutanlar

Su­rat­da: aka­de­mik Baý­mu­ham­met Gar­ry­ýew iş pur­sa­dyn­da. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi gözbaşyny ХVIII asyrdan alyp gaýdýar. Geçen asyrda Magtymgulyny öwrenmek meselesi türkmen alymlarynyň öňünde duran ylmy wezipeleriň esasysy bolýar. Men Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda işlemek bilen, ylmy gözleglerden daşary bu ylym merkezinde zähmet çekýän halypa alymlardan magtymgulyşynas türkmen alymlary hem-de taryhyň sahypalaryna siňen pursatlara şaýat bolan fotosuratlardaky keşpler hakda gyzyklanyp, olaryň berýän täsirli gürrüňlerini belläp alýaryn. Arada filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbanjemal Ylýasowanyň iş stolunda akademik Baýmuhammet Garryýewiň iş pursadynda düşen suratyny görüp, alym zenandan ol barada gürrüň bermegini haýyş etdim. Ol Magtymgulynyň döredijiligini öwrenen belli alymlaryň biri hökmünde akademik B. Garryýew hakda şeýle gürrüň berdi:

Gaz desgalaryny poslamadan goramakda ingibitorlary saýlap almagyň ugurlary

Gaz enjamlaryny poslamadan goramagyň köpýyllyk tejribesi känleriň ygtybarly işlemegini üpjün edýän çäreleriň biri hökmünde ingibitorlary ulanmaklygyň ykdysady we tehnologik taýdan möhümligini görkezýär, ingibitoryň gorag netijeliligi onuň dogry saýlanylyşyna we ulanyş usulyna baglydyr. Tebigy gaz gazylyp alnanda, onuň bilen çykýan ugurdaş turşy gazlaryň (H2S we СО2), gatlak suwlarynyň, organiki kislota garyndylarynyň we başgalaryň täsir etmeginde gymmat bahaly gaz önümçilik desgalarynyň enjamlarynyň poslama netijesinde ygtybarly, howpsuz işlemegine öz täsirini ýetirip durýar. Şol sebäpli hem ýerasty we ýerüsti gaz önümçilik enjamlaryny poslamadan goramaklyga toplumlaýyn çemeleşmelidir.

Ýer gatlaklaryny düýpli barlaýan tehnologiýa işlenip taýýarlanyldy

Russiýanyň «TNG-Grupp» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ylmy-tehniki müdirliginde täze enjam — programma toplumy üstünlikli synagdan geçirildi. Guýularyň senagat-geofiziki barlaglarynyň maglumatlaryny düşündirýän özboluşly intellektual tehnologiýany döretmek işine iki ýyl mundan öň girişilendigini «Neftegaz.RU» internet-žurnaly habar berýär. Toplum nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamaga gözegçilik edýän we ýer gatlaklarynyň ýagdaýyna ekologiýa monitoringini amala aşyrýan optiki-süýümli ölçegleri öz içine alýar.

Ýagşy adam ýatdan çykmaz

Ömrüni nebitgaz pudagyna bagyşlan halypalar bilen gürrüňdeş bolanymyzda, «Nurmyrat Mawyýew hem ýatlanmaga mynasyp iş bitiren halypalaryň biridir» diýip, ony ýagşylykda ýatlaýarlar. Arada Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kataloglary gözden geçirip otyrkak, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory Nurmyrat Mawyýewiň bitiren işleri hakyndaky käbir maglumatlara gabat geldik. Onuň kandidatlyk we doktorlyk işlerinde ylmy ýolbaşçylary bolan halypalary — Moskwanyň I.M.Gubkin adyndaky nebitgaz institutynyň professor-mugallymlary Wladimir Knýazew, Pawel Florenskiý we beýleki kärdeşleri bilen bilelikde, şeýle hem ýekelikde ýazan birnäçe okuw kitaplarynyň, okuw gollanmalarynyň sanawy bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Onuň Turan plitasynyň gatlaklary temasy bilen bagly dürli ýyllarda «TYA-nyň habarlary» (häzirki «Türkmenistanyň ylym we tehnika» žurnaly) neşirinde çap edilen ylmy makalalarynyň hem ençemesi bar. Şol maglumatlardan käbir mysallar: Knýazew hem Florenskiý bilen bilelikde ýazan Günorta Murgap çöketliginiň platforma örtük düşeginiň çökündileri barada SSSR-iň Ylymlar akademiýasynyň dokladlary, 1974 ý.; «Türkmenistanyň platforma territoriýasynyň binýady (fundamenti) kartalarda we shemalarda», Aşgabat, 1978 ý.; Günorta Turan plitasynyň binýadynyň we aralyk toplumynyň weýranlaşma gatlaklary barada ÝOM-nyň habarlary, «Geologiýa we barlag» 1983 ý.; 1997-nj

Halkara ylmy-taslama bäsleşigi

1 — 5-nji iýun aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň bilelikde guramagynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň birinji saýlama tapgyryna 12 ýurduň 25-e golaý ýokary okuw mekdebinden talyplaryň 40-a golaýy, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-sinden 100-e golaý talyp özleriniň alyp baran ylmy-taslama işleri bilen gatnaşdy. Şolardan ylmy-taslama işiniň düzgünnamasynda görkezilen talaba laýyklykda, eminler topary tarapyndan saýlanan daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň 4-sinden hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 7-sinden jemi 40-a golaý talyp bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Türkmenistan we bütin dünýä üçin ähmiýetli azyk howpsuzlygy, şeýle-de ekologik meselelerine ýaşlaryň ünsüni çekmek, talyplaryň döredijilik ukyp-başarnygyny, ylmy gözleglere we hünärine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen yglan edilen halkara bäsleşik iki tapgyrda geçirilýär. Birinji saýlama tapgyrda, bäsleşigiň düzgünnamasyna laýykly

Agrobiotehnologiýa — durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň şerti

Hormatly Prezidentimiziň 10-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy tassyklandy. Täze döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde biotehnologiýanyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde, geljekde biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslary işlenip düzülýär. Oba hojalyk toplumynyň innowasion ösüşinde biotehnologiýa ähmiýetli orun eýeleýär we ol geljegi uly ugur hasaplanýar. Uzak möhletli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, daşky gurşawyň barha üýtgeýän şertlerinde oba hojalyk önümçiligini ylmy esasda netijeli alyp barmakda innowasion çözgütleri öňe sürýän agrobiotehnologiýa geljegiň tehnologiýasydyr. Bio we nanotehnologiýalar oba hojalygynyň ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk, balykçylyk, weterinar lukmançylygy ýaly dürli ugurlarynda peýdalanylýar. Dünýäde ählumumy meseleleri çözmekde, oba hojalygynyň möhüm wezipelerini ýerine ýetirmekde, innowasion önümleri öndürmekde we hyzmatlary ýola goýmakda häzirki zaman agrotehnologiýalarynyň, şol sanda oba hojalygynda mikrobiotehnologiýanyň, fitobiote

Ahalteke atçylygynda möhüm möwsüm

Ahalteke atlarynyň juda gadymy taryhy bar. Şeýle-de bolsa, ahalteke atlarymyzy ylmy taýdan öwrenmek işi 1920-nji ýyllarda başlanýar. Ylmy taýdan öwrenmegiň maksady ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny saklamak bolup durýar. Häzirki wagtda bütin dünýäde tohum atlaryň diňe üçüsi — ahalteke, arap we iňlis atlary arassa ganlylygyny saklamak arkaly köpeldilýär. Atçylykda atlaryň tohum arassalygyny saklamak, baş sanyny artdyrmak hem-de ýeterlik mukdarda köp, sagdyn taýlary almak we ösdürip ýetişdirmek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin her bir ene baýtaldan ýylda bir taý almaga çalşylýar. Baýtalyň gulunlamazyndan has öň aladasy edilmelidir. Şonda ene baýtalyň bogazlygyny ýa-da gysyrlygyny kesgitlemek aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Çünki gysyr baýtallary öz wagtynda ýüze çykarmak ony gaýtadan höwre goýmaga mümkinçilik berýär.

Geljek ynamly gollarda

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasaty ýurdumyzyň röwşen geljegine gönükdirilendir. Çünki ak ertirleriň bagtyýarlyga we rowaçlyklara beslenmegi şu günki ýaşlara baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýmek bilen, döwletimiz, onuň geljegi bilen ýaş nesliň ykbalynyň aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýratyn nygtaýar. Ýurdumyzda ýaşlar meselesiniň döwlet derejesinde üstünlikli çözülmegi üçin berk kanunçylyk binýady döredildi. Ähli kanunçylyk namalary bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýar. Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, kanunçylygyň kepili, raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi bolup çykyş edýär. Bagt Kanunymyzyň esasynda işlenilip düzülen we kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny aýratyn orunda durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýerlikli belleýşi ýaly, bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdy. Kanunda ýaşlaryň ykdysady taýdan özbaşdak bolmaklaryny, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni durmuşa işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek maksady bilen, telekeç

Sanly ulgam — ygtybarly ösüş

Sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp, olaryň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Döwletimiziň depginli ösüşini artdyrmak, şonuň bilen birlikde, durmuş-ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanylany bäri, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Döwletimizde sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi netijesinde ýurdumyz dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine goşulýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ösüşi üpjün edilýär, halkymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegine we durmuşyň eşretlerini görüp ýaşamagyna hemme mümkinçilikler açylýar.

Döwrüň möhüm talaby

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyplaryň ökde hünärmenler, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýärler. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin düzgünnamalar täzelenilip, rejelenen görnüşde kabul edildi. Şu nukdaýnazardan hem talyplara berilýän sapaklar döwrebap, netijeli ýola goýulýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine ösen tehnologiýalaryň, ylmyň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ýokary isleg bildirilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply bolan önümleriň öndürilişini artdyrmaga ýardam edýär. Bu gün iň täze tehnologiýalaryň esasynda öndürilen ýokary hilli önümlere içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.

Innowasion sanly ykdysadyýetde emeli aň

Häzirki ylym we sanly tehnologiýalar eýýamynda Türkmenistanda innowasiýalara, ylmy çemeleşmelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen konsepsiýany we işlenip taýýarlanylan meýilnamany üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de maglumat tehnologiýalar babatynda ösdürmek, ykdysady ulgamyny sanlylaşdyrmak we döwrebap innowasiýalary, sanly maglumat tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Tehnologiýalaryň barha kämilleşýän döwründe dünýä ýüzünde adamzat durmuşyna iň soňky tehniki enjamlaryň ornaşdyrylmagy ertirki günümizde has ýeňillikli durmuşda ýaşamaga mümkinçilikleri döredýär. Ýeri gelende bellesek, ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň «Halkara okuw sapary» atly maksatnamasy bilen «Halkara ösüş baradaky agentliginiň», «Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek» taslamasy tarapyndan, «Bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar» atly okuw sapary gurnaldy. Bu okuw saparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň hünärmenleri, mugallymlary we magistrleri taýýarlamak okuwynyň talyplary hem gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň dostlukly ýurda nobatdaky saparynyň çäklerinde geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda bilelikdäki işde gazanylan üstünliklere syn berip, sanly sowatlylygy ýokarlandyrmak, sanly we kiberhowpsu

«Google» Afrikany Awstraliýa bilen birikdirjek täze aragatnaşyk ulgamyny gurar

Google» Afrika we Awstraliýa yklymlaryny gönüden-göni birleşdirjek «Umoja» süýümli optiki aragatnaşyk ulgamyny gurýar. «Bloomberg» munuň dünýäniň iň az çetki künjeklerinde hem aragatnaşygyň gowulaşmagyna ýardam etjekdigini habar berdi. «Umoja» «Google» kompaniýasynyň Afrikany Ýewropa bilen birleşdirýän «Equiano» sanly torlarynyň üstüni ýetirer. Täze aragatnaşyk ulgamy ummandan Awstraliýa geçmezden ozal, Uganda, Ruanda, Kongo, Zambiýa, Zimbabwe, Günorta Afrika hem-de Keniýa ýaly ýurtlaryň çäginden geçer. Bu taslama beýleki ýurtlara täze aragatnaşyk infrastrukturasyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän giriş nokatlaryny öz içine almak bilen Afrikanyň ähli ýerlerinde ulanyljak bitewi bir ulgamy emele getirer.

Ýaşlar hünärlere ugrukdyrylýar

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesle zamanabap bilim, asylly terbiýe bermek bilen bir hatarda olara dürli ugurlar boýunça hünärler öwredilýär. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine her ýyl ýaşlaryň müňlerçesi okuwa kabul edilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi hem hünär öwrenmäge isleg bildirýän ýaşlaryň höwes bilen okaýan bilim ojagydyr. Bu ýerde, esasan-da, dokma, himiýa, gurluşyk senagaty, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kärhanalar hem-de maliýe-ykdysady ulgamlar üçin hünärmenler taýýarlanylýar. Mekdepde jemi on bir ugur boýunça hünär öwredilýär. Şu bilim ojagynda gerekli hünärleri öwrenen ýaşlar önümçilik kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýärler. Hususan-da, ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mekdebiň uçurymlary göreldeli işleýärler.

Ýaş alymyň üstünlikleri

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň Guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek laboratoriýasynyň müdiri Emir Allanurow «Günbatar Türkmenistanyň känleriniň nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek» atly ýazan ylmy dissertasiýa işini gorap, tehniki ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine eýe boldy. Bu dissertasiýa işine Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, tehniki ylymlaryň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Rahmanguly Esedulaýew ylmy ýolbaşçylyk etdi. Nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmak, olaryň durnukly iş düzgünini saklamak hem-de özleşdirmegiň ahyrky döwründe ulanylýan känlerde guýularyň abatlaýyş işlerini geçirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary önümçilige hödürlemek ylmy işiň esasy maksady bolup durýar.

Ylym­syz öý — ot­suz ojak

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň baştutanly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş mak­sa­dy hal­kyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­dyr. Bu asyl­ly mak­sa­da ýet­mek­de jem­gy­ýe­tiň ru­hy dur­mu­şy­nyň tä­ze ma­ny-maz­mu­na eýe bol­ma­gy­na, mu­nuň üçin bol­sa ylym-bi­lim ul­gam­la­ryn­da düýp­li öz­gert­me­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ne uly orun de­giş­li­dir. Hä­zir­ki wagt­da bi­lim ul­ga­my­nyň me­se­le­le­ri­ne döw­let ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li üns be­ril­mek bi­len, giň göz­ýe­tim­li, tä­ze­çe pi­kir­len­me­gi ba­şar­ýan döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na dü­şün­ýän, in­no­wa­si­ýa­la­ra esas­lan­ýan yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mä­ge go­şant go­şup bil­ýän ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mek mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Hut şol se­bäp­li hem, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ylym-bi­lim ul­ga­my­ny dur­muş yk­dy­sa­dy ösü­şe kuw­wat­ly iter­gi ber­ýän, jem­gy­ýe­ti ös­dür­ýän dö­re­di­ji güýç hök­mün­de uly ala­da bi­len gur­şap al­ýar.

Ruhy baýlygyň ojagy

Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolan kitaphana işine uly üns berýär. Şeýle uly aladalaryň netijesinde kitaphana ulgamy has-da kämilleşdirildi. Welaýat merkezlerinde dünýä hil ülňülerine doly laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen kitaphanalar halkymyzyň hyzmatynda. Indi sekiz ýyl bäri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamy ýola goýlan. Kitaphanalarymyza gelýän kitaplary okyjylaryň aýawly saklamagyny gazanmak, şonuň bilen bir hatarda, halkymyzyň ruhy baýlygyny, taryhyny, medeniýetini öwrenmek, olar baradaky anyk maglumatlary halka ýetirmek, aýratynam ýaş nesillere geçirmek biziň — kitaphanaçylaryň borjy bolup durýar. Kitaphana tekjelerimiziň bezegi bolan edebiýatlaryň, ylmy eserleriň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhaslaryndan döreýän ajaýyp kitaplaryny görkezmek ýakymlydyr. Şu günler hem hormatly Prezidentimiziň döwet-galamyndan çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eseri okyjylarymyzda uly gyzyklanma döredýär. Kitapda Änew medeniýetiniň aýratynlyklary anyk maglumatlaryň üsti bilen beýan edilýär hem-de halkymyzyň dünýä medeniýetindäki ösüşi giňişleýin açylyp görkezilýär. Bu bolsa şöhratly taryhymyza, medeni gymmatlyklarymyza, ruhy-ahlak ýörelgelerimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Biz bu ajaýyp eser esasynda mas

Miweli baglaryň ýazky idegi

Güneşe baý Diýarymyzda ezber bagbanlarymyz tarapyndan öndürilýän miweler tagamlylygy, süýjüligi we hiliniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Miweli baglardan bol hasyl almak üçin agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi zerur hasaplanylýar. Aýratyn hem baglarda agrotehniki çäreler, ideg işleri kadaly ýerine ýetirilende, olar gysga döwürde hasyla durýarlar we oňat hasyl berýärler. Munuň üçin oturdylýan nahallaryň gowy hilli bolmagy zerur.