Türkmenistan — ylmy jemgyýetçiligiň üns merkezinde

14 Iýun 2024
462

Ýakynda — 12-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mejlisler jaýynda Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan çärä daşary ýurtly myhmanlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, alymlar we hünärmenler gatnaşdy.

Halkara ylmy çärä gatnaşyjylar maslahat açylmazdan öň, ýagny 11-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler. Şeýle hem şol gün olar üçin «Ylham» seýilgähine gezelenç guraldy.

«Watan».
Beýleki habarlar