"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ösüşleriň esasyny düzýän gymmatlyk

Ylym ýurduň ösüşleriniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde onuň durmuşynda möhüm orny eýeleýär hem-de dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynda esasy şert bolup durýar. «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr» diýip, örän jaýdar belleýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ylmyny hil taýdan täze, ösüşiň dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary halkymyzyň we döwletiň durmuşynyň gündelik meselelerini çözmäge gönükdirmek babatda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da ykdysady, syýasy, medeni ugurlarda bolşy ýaly, ylym ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ulgamda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine döwlet derejesinde uly goldaw berilýändigi, bu ugurda daşary ýurtlaryň degişli düzümleri bilen gatnaşyklaryň ýola goýulýandygy we ösdürilýändigi, ýurdumyzda halkara derejedäki ylmy maslahatlaryň, forumlaryň yzygiderli geçirilýändigi munuň aýdyň güwäsidir.

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ylmy esaslary» atly maslahat geçirildi. Ýurdumyzda giň gerimde bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli ýokarda agzalan edaranyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy we zenanlar guramasy tarapyndan geçirilen dabaraly çärä «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň düzümlerinde zähmet çekýän hünärmenler, ylmy işgärler gatnaşdy. Dabaranyň başynda Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ýolbaşçylary Garaşsyz ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ylym-bilimiň, sanly ulgamyň ösdürilişi, nebitgaz toplumynyň önümçilikleriniň täze tehnikalar, agregatlar, tehnologiýalar, enjamlar bilen üpjün edilişi, onuň çykarylýan önümiň mukdaryna, hiline ýokary täsiri, edara-kärhanalarda zähmet köpçüligi üçin döredilýän amatly şertler, ylym bilen meşgullanýan alymlara, ýaş hünärmenlere döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berlişi barada çykyş etdiler.

Ylym «gara altyndan» berdi ak bagtym

Şeýle at bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi tarapyndan Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň açylyşynda ýurdumyzyň mundan beýläk-de pajarlap ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän pudagyň baýry ylmy edarasynyň halypa alymlaryna we ýaş ylmy işgärlerine, nebitgaz önümçilik birlikleriniň tejribeli hünärmenlerine, şeýle hem sebitleýin senagat ulgamynyň ylym-bilim ojaklarynyň sarpaly mugallymlaryna we talyplaryna alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw edip, institutyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, himiýa ylymlarynyň kandidaty Oraz Orazow ylym-bilime goýýan sarpasy üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdy.

Döwrüň hereketlendiriji güýji

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak, ony dünýä ülňülerine kybap getirmek ugrunda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim ojaklarynyň döwrebap binalary gurulýar, iri ugurdaş merkezler, halkara guramalar we gaznalar bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmyň we önümçiligiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmegi, olaryň özara baglanyşygyny berkitmegi, innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga ýaşlary işjeň çekmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitleýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 1-nji martynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda» Karara gol çekmegi ýurdumyzyň ylym-bilim we tehnologiýalar ulgamlarynda taryhy ähmiýetli wakadyr. Bu merkeziň esasy maksady ýurdumyzda we sebitde nano, bio we maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk, emeli aň we kompýuter, mobil programmalary, elektron enjamlaryň tehnologiýalary ýaly ugurlarda innowasion önümleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Ylym — Soňlanmaýan hazyna

Bilşimiz ýaly, ylym bagta sary barýan ýollaryň çelgisidir, röwşen şuglasydyr. Döwlet Baştutanymyz: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir. Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýip, ýurdumyzda ylmy gözlegleriň binýadyny berkitmegiň hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny, bu babatda ýaşlara uly ynam bildirilýändigini nygtaýar. Şu ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçirilmegi möhüm syýasy waka hökmünde täze taryhymyza möhürlendi. Milli Liderimiziň çuňňur mazmunly çykyşynda milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlaryny, şol sanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek babatda möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Ösüşleriň özeni, bagtyň binýady

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, zähmetsöýer, milli ruhda terbiýelenen kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň: «Türkmenistanyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesillere baglydyr» diýen sözleri ata Watanymyzyň ösüşinde ýaşlaryň ornunyň we goşandynyň örän ýokarydygyny görkezýär. Ylym islendik döwletiň ösüşiniň esasy sütüni bolup, bagtly geljege ýagtylyk saçýan ýoldur. Ýurdumyzda ylmyň täze gazananlary netijeli gözlegler bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda alymlarymyz dürli ugurlarda ylmy gözlegleri geçirip, dünýä ylmyna goşant goşýarlar.

Halkara ylmy-tehnologiýa parky:

döwrüň talabyndan ugur alynýar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi 2014-nji ýylyň 12-nji iýunynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlipdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan giň gerimli dabaralara beslenýän şu ýylda onuň döredilmegine 10 ýyl dolýar. Ministrler Kabinetiniň 7-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bolsa hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda» Karara gol çekmegi bilen, bu merkeziň ady we hukuk ýagdaýy üýtgedildi. Onuň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky diýlip atlandyrylmagy we halkara derejäniň berilmegi bu ýerde zähmet çekýänleriň, ähli türkmen alymlarynyň buýsançly başyny göge ýetirdi.

Ylym — röwşen geljegiň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzy ösdürmekde innowasion ykdysadyýete möhüm orun berilýär. Şonuň üçin hem ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurduň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär. Bu ugurda uly işler durmuşa geçirilip, ylmy işgärlere giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ylmy ýokary depginler bilen ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ylmy kämilleşdirmek, ösdürmek we goldamak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Ylym – röwşen geljegiň çyragy, ösüşleriň binýadydyr. Ýurdumyzda göz öňünde tutulan ägirt uly özgertmeleriň ýeterlik derejede, düýpli ylmy esasynyň bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Şu maksat bilen, ýurdumyzda ylmyň düýpli we ygtybarly hukuk binýady döredildi. Ylmy we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek boýunça hem zerur işler ýola goýuldy. Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösmegini üpjün etmek, ýurdumyzyň senagat taýdan ösmegi üçin uly ähmiýete eýe bolan iri taslamalary ylmy taýdan esaslandyrmak bilen bagly meseleleri çözmek häzirki günüň möhüm wezipeleri bolup durýar.

Gurluşyk-binagärlik pudagynyň ylmy binýady berkidilýär

Häzirki döwürde ylym her bir ýurduň dünýädäki ornuny pugtalandyrmagynyň, ähli babatda ösmeginiň möhüm şertidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täzeçil başlangyçlara, ylmy çemeleşmelere esaslanýan öňdengörüjilikli syýasaty, wajyp ykdysady meselelere hem-de olaryň çözgüdine giňişleýin garaýyşlary Türkmenistanyň köpugurly kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň ähli babatda dünýä gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny şertlendirýär. Eziz Diýarymyzda ylma we tehnologiýalara şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlyk hökmünde garalýar. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Garaşsyz Watanymyzyň ornuny pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Tü­ken­me­ýän baý­lyk

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Ylym-bi­lim — ba­ha­syz ha­zy­na. Ýur­duň bag­ty­ýar gel­je­gi­niň ylym-bi­lim bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de döw­le­ti­miz­de ylym-bi­li­me hö­we­sek ýaş­lar üçin oka­ma­ga, öw­ren­mä­ge, bi­lim al­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bi­lim ojak­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw jaý­la­ry­nyň hem-de or­ta mek­dep­le­riň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­lip, ola­ryň ylym­ly-bi­lim­li ýaş­la­ryň yg­ty­ýa­ry­na be­ril­me­gi ýur­du­myz­da ylym-bi­li­miň has-da gül­läp ös­me­gi­ne ge­tir­di.

Döwür bilen aýakdaş

Ýurdumyzda uly ösüşleriň amala aşyrylýan döwründe ähli pudaklar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hem belent sepgitlere ýetilýär. Ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artdyrylýar, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek ugrunda zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Olaryň işine täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününiň döwlet derejesinde bellenilip, halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi hem türkmen ylmynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi ugrunda, şeýle-de ýurdumyzda alymlar, ylmy işgärler hakynda edilýän aladanyň, döwlet tarapyndan berilýän uly ünsüň subutnamasydyr.

Ylym dünýäsiniň ägirdi

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary indi üç asyr bäri halkymyzyň dilinden düşmän, islendik durmuş meselesinde dogry çözgüde gelmäge ýol görkezýän şamçyrag, älem-jahan barada bilimleri öwrenmäge mümkinçilik berýän paýhas akabasy hökmünde görülýär. Halkymyz şahyryň goşgularynda häzirki döwre çenli dünýä ylmy tarapyndan öwrenilen hadysalaryň we çözülmedik syrlaryň kändigine ynanýar. Beýik filosofyň döredijiligi bilen içgin tanşanyňda, bu pikiriň hakykatdygy äşgär bolýar. Çünki Magtymgulynyň goşgularynda takyk ylymlaryň kadalaryny düşündirýän setirler hem az däl. Magtymguly Pyragy goşgularynda Ýer togalagynyň we asman giňişliginiň gurluşy barada gymmatly maglumatlary getirýär. Akyldaryň «Bu dünýä» diýen goşgusynda:

Biotehnologiýa — ylmyň möhüm ugry

Döwrebap ykdysady ösüş, esasan, üç ugur, ýagny biotehnologiýa, nanotehnologiýa hem-de maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň esasynda ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak babatda ýokary derejeli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 10-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Karara gol çekip, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamagy ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işlere täze depgin berdi. Biotehnologiýa mikroorganizmleri senagatda ulanmaga gönükdirilen innowasion ylmy-tehnologik ösüşiň wajyp ugurlarynyň biri bolmak bilen, ylmyň we önümçiligiň çalt ösýän köptaraplaýyn hem-de toplumlaýyn pudagyna öwrüldi. Biotehnologiýa senagat biotehnologiýasyny, genetik we öýjük inženeriýasyny öz içine alýar. Ol oba hojalygynda, senagatda we gündelik durmuşda ulanylýan serişdeleri almakda, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda ykdysady taýdan bähbitlidir.

Durnukly ösüşde ýaşlaryň orny

Öňňin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy-taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu bäsleşik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýerli hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi. Indi ikinji gezek guralan bäsleşigiň esasy maksady ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, ýerli we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary has işjeňleşdirmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnygyny, ylmy gözleglere, hünäre höwesini artdyrmakdan ybaratdyr. Onuň birinji tapgyryna ýurdumyzyň hem-de Özbegistan, Russiýa, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Koreýa, Latwiýa, Malaýziýa, Polşa, Çernogoriýa, Sloweniýa döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinden 130 iş hödürlenip, olar eminler topary tarapyndan içgin seljerildi. Ikinji tapgyra 38 sany ylmy-taslama işi saýlanyp alyndy. Onuň netijeleri boýunça 19 awtor ýeňiji diýlip yglan edildi. Olaryň 5-si daşary döwletleriň, 14-si ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň işidir. Birinji orna 4, ikinji orna 6, üçünji orna 9 ylmy-taslama işi mynasyp görül

Abu Aly ibn Sinanyň ylmy döredijiliginiň gymmatlygy

Güljemal ANNABAÝEWA«Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnalyň baş redaktory Abu Aly Huseýin ibn Abdallah ibn al Hasan ibn Aly ibn Sina (latynça ady Awisenna) Orta Aziýanyň görnükli dünýä belli lukmany, filosofy, ýazyjysy, tebigaty öwreniji alymydyr. Ol 980-1037-nji ýyllarda ýaşap geçipdir. Abu Aly ibn Sina Buharanyň golaýyndaky Afşana obasynda dogulýar. Çagalygyny we ýaşlygyny Buharada geçirýär, öz döwrüniň tejribeli alymlaryndan ylahyýet, filosofiýa, matematika, lukmançylyk ylymlaryny öwrenip, ylmy we amaly lukmançylyk işine başlaýar. Abu Aly Ibn Sina ökde lukman hökmünde gysga wagtda abraý gazanmany başarýar we emir Nuh ibn Mansury üstünlikli bejerenligi üçin alyma emiriň köşgündäki kitaphanada saklanýan golýazmalardan peýdalanmaga rugsat berilýär. Bu ýerde alym poeziýa, filosofiýa, matematika, geologiýa, astronomiýa, tebigy ylymlary, esasanam, lukmançylyk ugurlary boýunça bilimini artdyrýar. Samanidleriň häkimliginiň ýykylmagy bilen alym bu ýerde alyp barýan üstünlikli lukmançylyk we tebipçilik işini tamamlamaly bolýar. 1002-nji ýylda Ibn Sina Horezmiň paýtagty Gürgenje (häzirki Ürgenç) göçýär we Şah Mamunyň köşgünde ýaşap, ylymlary öwrenmegini dowam edýär. 1007-nji ýyldan başlap Horasanda, 1012-nji ýylda Ispyhanda we Hamedanda ýaşap, Hamedanyň hökümdarynyň lukmany we döwletiň weziri bolýar. Horezmda Ibn Sina öz döwrüniň tanymal alymy Biruni, alym-lukman Abul-Hasan-Ha

Biotehnologiýanyň toplumlaýyn ösüşi

Döwlet Baştutanymyz ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran Alym Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, ylym we bilimi ýurdumyzyň öňe gitmeginiň binýatlyk esasy hasaplaýar. Ylmy esasly, okgunly özgertmeler eziz Watanymyzyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna ýardam berýär. Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu maksatnamanyň esasy wezipesi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 

Ylym — ösüşleriň binýady

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda giňden bellenip geçiljek seneleriň biri-de Ylymlar günüdir. Güneşli diýarymyzda bu sene ýylyň-ýylyna baý many-mazmunly çärelere sepleşip, giňden dabaralandyrylýar. Munuň özi ýönelige däldir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda bellenilişi ýaly, «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir». Şonuň bilen baglylykda, bu gün ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlandyrylmagyna uly üns gönükdirilýär, ýurdumyzda ylmyň dünýä derejesinde laýyk getirilmegine ähmiýet berilýär, ylym-bilim maksatly gurulýan binalar giň gerimler bilen ýaýbaňlandyrylýar. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurdaky taýsyz tagallalar ösen tehnologiýalardan habarly, giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegine itergi bolýar.

Ruhy çeşmä öwrülen şahyrana dünýä

Her alymyň baş maksady, ylmy ýörelgesi, saýlap alan temasy bolýar. Ol öňünde goýan şol maksadyna ýetmäge çalyşýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedow hem alymlara mahsus edebiýaty öwreniş ylmynyň çylşyrymly, şol bir wagtda jedel döredýän ägirt uly meselelerini ylmy taýdan barlamagy özüniň baş maksady edip goýýar. Irginsiz ylmy gözlegleriň netijesinde, alym türkmen edebiýatynyň nazaryýetine, taryhyna, şu gününe degişli möhüm meseleleriň onlarçasyny çözýar. Biz halypa alym Muhammetguly Amansähedowy nusgawy edebiýaty, edebiýatyň nazaryýetini ilik-düwme bilýän alym hökmünde tanaýarys. Ol edebiýatyň nazaryýetiniň milli aýratynlyklaryny, kemala geliş, ösüş ýollaryny halypalary Aman Kekilowyň, Öde Abdyllaýewiň, Rahman Rejepowyň, Muhammetnazar Annamuhammedowyň edebi taglymatynyň esasynda täzeçe işlemegi we türkmen edebiýatynyň milli nazary esaslaryny döretmegi başardy. Ýönekeýlikden çylşyrymlylyga, giňlikden çuňluga gitmek Muhammetguly Amansähedowyň iş usuly. Ol haýsydyr bir möhüm meseläni ylmy taýdan barlajak bolsa, edebiýatyň kerwenbaşylaryna ýüzlenýär we meseläniň milli aýratynlyklaryny ylmy taýdan ykrar edýär. Alym ylmy gözlegleriniň başyny häzirki zaman temasyndaky türkmen romanlarynda gahrymanyň durmuşy işjeňligi meselesine bagyşlaýar. Alym temasy bilen baglanyşykly daşary ýur

Gymmatly neşire sözbaşy ýazan

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine gezek gelende, kakam Myratgeldi Söýegow bizden örän düşünjeli sözlemegi talap ederdi. «Magtymgulynyň şygyrlary biziň üçin uly bir durmuş mekdebidir» diýerdi. Onuň goşgularyndan ýat tutmagy sargardy. Arada kakamyň şahsy arhiwinde saklanýan Magtymguly Pyragy baradaky tekstleri tertipläp otyrkam, öňümden şu makalasy çykdy. Makalany edebi neşirimiziň okyjylaryna hödürlemegi makul bildim. Aýna SÖÝEGOWA, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň mugallymy.

Kynçylykly döwürdäki ruhy hemaýat

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleri watançylygyň we belent ahlaklylygyň, ruhubelent ýaşaýyş durmuşynyň mizemez ýörelgeleriniň waspçysy bolup, ynsan kalbynyň töründe müdimilik orun almagy başardy. Onuň şygyrlarynyň gadyr-gymmaty il-günüň başyna hupbat bolup inen 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda aýratyn ähmiýete eýe bolupdy. 1940-njy ýylyň 17-nji maýynda Magtymguly Pyragynyň ýubileýini bellemek hakynda döwlet derejesinde möhüm karar kabul edilipdir. Şu karardan ugur alyp, şol wagt SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan filialynyň Taryh, dil we edebiýat instituty diýlip atlandyrylan ylym ojagynyň alymlary gysga wagtyň içinde Magtymgulynyň edebi mirasyny toplamakda aýratyn tapawutlanypdyrlar. Bu babatda görnükli edebiýatçy alym Ahmet Ahundow-Gürgenliniň (1909-1943 ý.ý.) bitiren hyzmaty aýratyn ýatlanylmaga mynasypdyr.