Kynçylykly döwürdäki ruhy hemaýat

6 Iýun 2024
378

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleri watançylygyň we belent ahlaklylygyň, ruhubelent ýaşaýyş durmuşynyň mizemez ýörelgeleriniň waspçysy bolup, ynsan kalbynyň töründe müdimilik orun almagy başardy. Onuň şygyrlarynyň gadyr-gymmaty il-günüň başyna hupbat bolup inen 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda aýratyn ähmiýete eýe bolupdy.

1940-njy ýylyň 17-nji maýynda Magtymguly Pyragynyň ýubileýini bellemek hakynda döwlet derejesinde möhüm karar kabul edilipdir. Şu karardan ugur alyp, şol wagt SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan filialynyň Taryh, dil we edebiýat instituty diýlip atlandyrylan ylym ojagynyň alymlary gysga wagtyň içinde Magtymgulynyň edebi mirasyny toplamakda aýratyn tapawutlanypdyrlar. Bu babatda görnükli edebiýatçy alym Ahmet Ahundow-Gürgenliniň (1909-1943 ý.ý.) bitiren hyzmaty aýratyn ýatlanylmaga mynasypdyr.

Atabaý NAZAROW,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar