"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Algebranyň atasy

Maglumatlardan aýan bolşy ýaly, alym 12-den gowrak ylmy eserleri döredipdir. Muhammet ibn Musa al-Horezminiň galamyndan çykan işleriň hemmesi musulman Gündogar dininiň we ylmynyň ýörgünli dili saýylan arap dilinde ýazylypdyr. Biz şu ýazgymyzda Türkmenistanyň çäginde, esasan, VIII — IX asyrlarda ýaşap geçen, ensiklopediki ylmyň düýbüni tutan Abu Japar Muhammet ibn Musa al-Horezmi (780 — 850 ý.ý.) hem-de onuň döwürdeşleri hakynda durup geçmekçi. Muhammet ibn Musa al-Horezmi tutuş musulman Gündogarynyň iň ajaýyp, iň beýik alymlarynyň biri saýylmak bilen, takyk ylymlaryň — matematikanyň, astronomiýanyň kemala gelmegine, ösmegine ägirt uly goşant goşdy. Akyldaryň döredijiligi umumadamzat medeniýetiniň we ylmynyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Dünýä ylmynyň taryhnamasynda Gündogarda IX asyryň birinji ýarymynyň «al-Horezminiň döwri» diýlip ykrar edilmegi muňa aýdyň subutnamadyr.

Kämil ylym — köpugurly ösüşlere şamçyrag

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy hem-de ýakyn ýardamy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda: «Ylym almak — iňňe bilen guýy gazmak», «Ylym — yhlas» diýen ýaly çuň manyly jümleler getirilýär. Bu paýhasly sözler ylmyň jemgyýetdäki möhüm ornundan habar berýär. Durmuşyň ykbal kesgitleýji, aýgytlaýjy meselelerini üstünlikli çözmegiň ýeke-täk ýoly ylymdyr. Şol sebäpli ylym döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylmy ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Alymlaryň ylmy-barlaglary alyp barmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügini belleýär.

Akylyň açary

Dil — ynsan aragatnaşygynyň iň möhüm serişdesidir. Dil bilmek adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlygy bolup, ol adamyň sözleýiş medeniýetini ösdürýär. Ynsan geplemegiň edebini dil üsti bilen ýerine ýetirýär. Dil bolsa, ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, ýüregiň we akylyň açarydyr. Türkmen dili gadymy we baý dildir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyza peşgeş berlen «Paýhas çeşmesi» atly gymmatly kitapda dil barada örän baý many-mazmunly nakyllar bar. Olardan «Dil — ýüregiň açary», «Dil — gylyçdan ýiti», «Dil — akylyň açary», «Dil bar — düzer, dil bar — bozar», «Dil bar bal getirer, dil bar bela getirer» diýen ýaly örän manyly nakyllary mysal getirmek bolar. Bular bolsa halkymyzyň milli etomologik häsiýetlerini açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi» hem-de «Türkmen diliniň orfografik sözlügi» kitaplary dil baýlygyny gorap saklamakda we baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup, giň okyjylar köpçüligi üçin örän ähmiýetli gollanmadyr. Dili ýerlikli ulanmak ussatlygy talap edýär. Çeper sözli adamlar elmydama uly hormata mynasyp bolup, olar il agzybirligine, abadançylygyň we asudalygyň pugtalanmagyna goşant goşupdyr. Dile çeper adamlar toý-märekäniň adamy hasaplanýar. Çeper dil arkaly halkyň milli häsiýetleri açylyp görkezilýär. Türkmen halkynyň çeper söze aýratyn sarpa goýandygyna hem-de sözleýş

Fizika boýunça nobel baýragyna mynasyp bolanlar

2020-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda nobatdaky Nobel hepdeligi öz işine başlady. Bu hepdelik üstümizdäki ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolanlary äşgär etmek üçin geçirildi. Şwed himigi Alfred Nobeliň adyny göterýän Nobel baýragy dünýäde iň abraýly halkara baýrakdyr. Ol baýrak fizika, himiýa, lukmançylyk we fiziologiýa, edebiýat hem-de parahatçylyk ugurlary boýunça halkara derejede ýerine ýetirilen has ähmiýetli işler üçin berilýär.