Oba hojalygynda sanly tehnologiýalar

1 Aprel 2021
1891

Ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy ylmy-tehnologiýalaryny öwrenmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynda innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan zehinli, kämil hünärmenleri ýetişdirmek we bu pudakda alnyp barylýan işleri döwrebap ýola goýmak babatdaky tagallalary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylýan döwrebap tehnikalardan baş çykaryp hem-de önümçilikde ulanyp bilýän kämil hünärmenleri ýetişdirmekde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp ýaşlarymyza berilýän döwrebap bilimleriň, okuw tejribeleriniň ähmiýetiniň ýokarydygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Talyplarymyzyň halypa mugallymlaryň ýolbaşçylyk etmeginde alyp barýan ylmy işleri oba hojalyk pudagynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, innowasion tehnologiýalardan netijeli we oňyn peýdalanmagyň usullary bilen baglanyşyklydyr.

Wepamyrat HOJAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar