Köňül kelamy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, saýlan hünärine kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürip, ony halkara derejesine çykarmakda amala aşyran beýik tutumlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Serdarymyz bu günki günde bilim-terbiýeçilik edaralarynda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmäge aýratyn üns berýär. Bu asylly ýörelgeler ýaş nesilleriň sagdyn durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim-terbiýe almagy, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmäge, şeýle hem bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmaga gönükdirilendir.