"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Saklanyp galan pursatlar

1963-nji ýylda düşürilen suratda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyplary Käbe Borjakowa bilen Gurbanjemal Ylýasowanyň synaglara taýýarlanýan pursaty şöhlelenýär. Olar häzirki döwürde ýurdumyzda giňden tanalýan alymlardyr.

Arkadagyň saglyk serpaýy

Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 14-nji tomy giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan reňkli suratlar bilen bezelip, ýokary hilli neşir edilen bu kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyna gymmatly sowgat boldy. On dört tomdan ybarat bolan bu ylmy-ensiklopedik häsiýetli iş ynsan saglygyny goramak bilen bagly ýerine ýetirilen işleriň iň ähmiýetlisidir. Bu ylmy eseriň esasynda Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkyna we sahawatly türkmen topragyna bimöçber söýgüsi, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy başaran pederlerimiziň ajaýyp tejribelerine çuňňur hormaty bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, jemgyýetimiziň aň-bilim binýadyny pugtalandyrmak, ylymly-bilimli sagdyn nesli kemala getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş kadalaryny işjeňleşdirmek babatynda ähli zerur şertler döredilýär. Lukmançylyk diplomatiýasynyň dabaralanmagy ugrunda uly hyzmatlary bitiren we geljekde-de bu beýik işi dowam etmäge ygrarly lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümli

Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň buýsanjy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Döwletimizde amala aşyrylýan her bir beýik işlerde ýaşlaryň aňly-düşünjeli kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri, olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky wezipeler göz öňünde tutulýar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda: “Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir. Şoňa görä-de, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini giň gerimde gurup ulanmaga berýäris. Bu bolsa ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim bermäge mümkinçilik döredýär” diýip bellemegi ýaşlar syýasatyna möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Ynsanyň kämil adam bolup ýetişmeginde ylym-bilim derwaýys meseleleriň biridir. Şeýle hem döwletiň gülläp ösüşi, ilkinji nobatda, bilimiň hem ylmyň ösüşine bagly bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlarymyzyň döwür bilen aýakdaş bolup, kämil bilim goruna eýe bolmagy, ylym bilen meşgullanmagy we kämilleşmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary, esasan-da, oba hojalyk, lukmançylyk pudaklary, derman, azyk, himiýa senagatlary, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri ýaly ugurlar boýunça ýerli çig mallary ulanmak arkaly, ekologiýa taýdan arassa, innowasion tehnologiýalara esaslanýan ylmy-barlaglar ýerine ýetirilýär. «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, düýpli we amaly işler alnyp barylýar. Tehnologiýalar merkezinde hojalyk hasaplaşygy esasynda amala aşyrylýan ylmy işleriň gerimi giňeldilip, ylmy-barlaglar önümçiligiň zerurlyklaryna gönükdirilýär. Hususan-da, «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň garamagyndaky edara-kärhanalar, zawodlar, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Seýdiniň nebiti gaýtadan işl

Nebitgaz guýularynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň täze ugurlary

Batyr MÄMMEDOW,Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň prorektory, tehniki ylymlarynyň kandidaty. (Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)

Marsda kislorod almagyň täze usuly

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň ýolbaşçylygyndaky halkara ylmy-barlag topary plazmanyň kömegi bilen Mars gurşawynda kislorody almagyň usulyny oýlap tapdy. Alymlaryň işi «Amaly fizika» žurnalynda çap edildi. Onda «Kislorody bölüp çykarmak üçin kömürturşy gazynyň molekulalarynyň dargamagy çylşyrymly hadysadyr. Munuň üçin täsirleşme wagtynda alnan gaz garyndysyndan kislorody bölüp aýyrmak zerurdyr. Plazma iki meseläni hem çözmäge kömek eder» diýilýär. Plazma ionlaşdyrylan gazdyr. Plazmada elektron we ion ýaly erkin zarýadly bölejikler bar. Gazlary elektronlar arkaly aňsatlyk bilen dargadyp bolýar. Elektronlar kömürturşy gazynyň molekulasy bilen çaknyşanda, ony bölüp bilerler. Şeýlelikde, kislorod bilen gazlaryň garyndysy emele geler. Plazmada emele gelen ýylylyk kislorodyň bölünmegine hem goşant goşýar. Alymlar bu açyşlaryny synag arkaly subut etdiler. Olaryň pikiriçe, bu tehnologiýa Marsda ýaşaýyş üçin zerur bolan ýangyçlary, gurluşyk önümlerini, dökünleri gaýtadan işlemekde gerekli çig mallary we esasy himiki serişdeleri işläp taýýarlamakda, şeýle-de ýerdäki howanyň üýtgemegi bilen bagly meseläni çözmekde wajyp orny eýelär.

Nebitgaz guýularynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň täze ugurlary

Batyr MÄMMEDOW,Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň prorektory, tehniki ylymlarynyň kandidaty. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zamanyň iň ösen we öňdebaryjy tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak baradaky öňdengörüjilikli ylmy-tehniki syýasatyna eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygyndaky ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşinde önümçiligiň ähli ugurlarynda dünýä ylmy-tehniki öňegidişliginiň gazananlaryny we has kämil tehnologiýalaryny giňişleýin ornaşdyrmaklyga mümkinçilikler döredildi.

Ýaşlaryň alnyndan dogan ak Gün

Şu güýzüň ilkinji gününde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşan hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi türkmen ýaşlarynyň ykbalynda täze tylla sahypany ýazdy. Çünki Kanunyň rejelenen görnüşi ýaşlaryň bagtyýar durmuşymyzdaky hak-hukuklaryny has-da ösdürýär. Kanuny kämilleşdirmek baradaky başlangyjyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini aýratyn nygtamak gerek. Eziz Arkadagymyz ýurdumyzyň sebitlerinde ýaşlar bilen ýörite duşuşyklary geçirip, bu Kanuny kämilleşdirmek baradaky öz tekliplerini orta atdy we ýaş nesliň wekilleriniň pikirlerini diňledi. Täze Kanun şol teklipleriň ählisi çuňňur öwrenilip kabul edildi. Şu makalamyzda Kanuna girizilen üýtgeşmeleriň we goşmaçalaryň iň möhümlerine ünsüňizi çekmek isledik. Has düşnükli bolmagy üçin olaryň her birine aýry bölümlerde orun berdik.Kanunyň rejelenen görnüşi baradaky söhbedi esasy üýtgeşme bilen başlamak has ýerine düşer. Mundan ozal ýurdumyzda «ýaşlar» düşünjesi 30 ýaşa çenli bolan raýatlarymyzy öz içine alan bolsa, rejelenen görnüşdäki Kanunda bu ýaş 35-e çykaryldy. Diýmek, 35 ýaşa çenli islendik raýatymyz ýaşlar üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp biler.

Ylym ýolunda taplanan

Halkyň Arkadagly zamanasynda buýsanjyň joşup, beýik söz ussadynyň kitaplaryny gaýta-gaýta okasyň, her bir setirini aň eleginden geçiresiň gelýär. Şol pikirlere berleniňde, «Magtymgulyny okamadyk, onuň öňdengörüjiligine haýran galmadyk bir barmyka?» diýen sowal seriňe dolýar. Çagalygymyzdan ýaşulular çaý başyna üýşende, gürrüň Magtymgulynyň şygyrlary barada bolardy. Käbir adamlaryň söz ussadynyň ähli şygyrlaryny ýatdan bilmekleri haýran galdyrardy. Şeýdibem her bir setir aňyňa ýazylardy. Aňyňa ýazylan zatlara ýeke özüň däl-de, daşyňdakylar bilen bilelikde buýsanmaga howlugarsyň. Magtymguly Pyragy barada kalbyňda şeýle täsin duýgulary döredýänleriň biri-de, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Romanguly Mustakowdyr. Romanguly aga Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny, onuň öňe süren pikirlerini içgin öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, olary daşary ýurt dillerine terjime edip, uzak ülkelerdäki dostlarymyza ýetirmegi maksat edinipdir.

Ykbalyň serpaýy — talyplyk döwri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaşlara kämil derejede bilim almak, hünär öwrenmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu maksat bilen her ýyl ýaşlaryň müňlerçesi Diýarymyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine talyplyga kabul edilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da döwletimiz boýunça ýaşlaryň 26 müňe golaýy okuwa kabul edilip, talyp bolmak bagtyna eýe boldy. Şolaryň hatarynda welaýatymyzyň wekilleri hem bar. Olar ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýärler: Maral ORAZOWA,Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň I ýyl talyby:

Nebitgazlylyga baha bermegiň ölçeg alamatlary

Geologiýa ylmynda gury ýerleriň we suwasty geologik kesimiň nebitgazlylygyna baha bermegiň birnäçe ölçeg alamatlary bar. Bu işde olaryň her biriniň üstünde gysgaça durlup geçilýär. Nebitgazlylyga baha bermegiň ölçeg alamatlary (kriteriýalary) — bu olaryň geljeginiň derejesi boýunça geologik obýektleriň nebitgazlylygynyň synplandyrylyşynyň (klassifikasiýasynyň) esasynda goýlan nebitgazlylygynyň alamatlarydyr. Nebitgazlylyga baha bermegiň ölçeg alamatlary empiriki we teoretiki kanunalaýyklyklaryň esasynda saýlanylýar we adatça, nebitiň, gazyň geologiýasynyň pudaklary boýunça toparlanýar: tektoniki (şol sanda paleo we neotektoniki), paleogeografiki, litologik, geohimiki we gidrogeologik.

“Ylymly il ozar”

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyz ylym, bilim we beýleki ulgamlarda döwür bilen deň gadam urýar. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr. Binanyň berkliginiň binýadyň mäkämligine baglydygy bize durmuş hakykatyndan mälimdir. Binýat näçe berk, oýlanyşykly goýulsa, gurýan ymaratymyz hem şonça gaýym hem ajaýyp bolar. Ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden açmakda, dünýä derejeli ylmy düşünjesi bolan hünärmenleri, alymlary ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmagy zerur wezipe hökmünde aýratyn nygtamak isleýärin. Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir we munuň üçin ylym-bilimiň basgançaklary dünýä standartlarynyň talaplaryna doly laýyk getirilmelidir. Ylmy döredijiligiň ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşyny ösdürmekdäki täsiriniň artmagy üçin daşary ýurtlar bilen ylmy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna üns bererin» diýip, parasatlylyk bilen bellemegi, ähli ösüşleriň özeniniň ylym öwrenmek, bilim almak bilen baglydygyny aňladýar.

Ýaşlar hemişe öň hatarda bolmalydyr

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hasabat-saýlaw ýygnagy geçirildi. Oňa TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli kärde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Hasabat-saýlaw ýygnagynda hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde TMÝG-niň welaýat geňeşiniň alyp barýan işleri, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeler barada gürrüň edildi. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, zähmetsöýer, ylymly, bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda tutumly işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen hem, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, TMÝG-niň welaýat, şäher we etrap geňeşleri tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli mazmunly çäreler, bäsleşiklerdir sport ýaryşlary geçirilip durulýar. 

Akgoýunly döwletiniň meşhur alymlary

Taryha ser salsak, kuwwatly türkmen döwletlerinde ylym-bilimiň ýokary derejede ösdürilendigine göz ýetirmek bolýar. Türkmen döwletleriniň hökümdarlary ylmyň ösmegi üçin alymlary öz ýurduna çagyryp, howandarlyk edipdirler. Akgoýunly türkmen döwletiniň hökümdary Uzyn Hasanyň bu ugurda amala aşyran işleri hem muňa aýdyň mysaldyr. Akgoýunly türkmen döwletini Oguz han neslinden bolan Baýyndyrlar esaslandyrypdyr. Maglumatlara görä, akgoýunlylar orta asyrlarda Horasandan Diýarbekiriň töwereklerine göçüp barypdyrlar. Akgoýunlylaryň ilkinji taryhy şahsyýeti Turaly begdir. Turaly begiň agtygy Gara Ýülük Osman beg 1403-nji ýylda merkezi Diýarbekir şäheri bolan Akgoýunly döwletini esaslandyrypdyr. Gara Ýülük Osman begiň agtygy Uzyn Hasanyň döwründe bu döwlet gülläp, çägini giňeldip, şadöwlet (imperiýa) derejesine ýetýär.

Ylmy-barlag işleriniň netijeliligi

Diýarymyzda innowasiýany ösdürmek milli ykdysadyýetimizi has ýokary ösüş derejesine getirmek bilen baglydyr. Innowasion ykdysadyýetiň maksady meseleleri, ugurlary täze önümleri öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzmäge hem-de ylmy, bilimi jemgyýetiň ähli hyzmat ediş çäklerinde ulanmaga gönükdirilendir. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ösmek, ylmy barlaglary geçirmek we olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak ylmy-tehniki ösüşiň esasyny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda giň gerimli, toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ylmy-barlag işlerini döwrebap alyp barmak üçin ylmy institutlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Olarda ylmy-barlag işlerini alyp barmaga, işgärleri taýýarlamaga hem-de ýaşlary ylmy döredijilige işjeň çekmäge giň mümkinçilikler bar.

Öý guşlaryny iýmitlendirmegiň ähmiýeti

Halkymyz öý guşlary bolan towugy ýedi hazynanyň biri hasaplaýar. Şonuň üçin oba ýerlerinde hojalygynda öý guşlaryny saklaýan, olara ideg edýän maşgalalar örän köp. Çünki guşçulyk biziň ýurdumyzda iň girdejili pudaklaryň biridir. Ilatyň guş etine we ýumurtga bolan islegini kanagatlandyrmakda ýörite guşçulyk toplumlarynyň ylmy-tejribä esaslanyp alyp barýan işleri özüniň oňyn netijesini berýär. Bereketli türkmen saçagynda towuk etinden we towuk ýumurtgasyndan gündelik taýýarlanylýan tagamlar ýokary derejedäki ýokumlylygy we lezzetliligi bilen tapawutlanýar. Ýöriteleşdirilen guşçulyk toplumlarynda bolsa ýumurtga ugurly guşlar ösdürilip ýetişdirilende, olaryň talabalaýyk iýmitlendirilmegine uly üns berilýär. Munuň üçin adaty guş iýmlerine ýörite iýmlik goşundylary goşmak zerur hasaplanylýar. Bu bolsa ýumurtga berýän towuklaryň sagdyn, ýumurtgalaryň ýokumlylygynyň we hiliniň ýokary bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Paýhas ummany

Kitap döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arabaglanyşygyny özünde jemleýän baýlykdyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýän, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýän, Watana, halka bolan söýgini artdyrýan çeşmedir, adamzadyň akyl-paýhasyny durlaýan gymmatlykdyr. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli medeniýetimiziň ruhy binýadyny berkidýän, ynsan paýhasyny durlaýan eserleriň, ruhy we medeni gymmatlyklaryň ojagy bolan kitaphanalaryň işi häzirki wagtda döwrüň talaby esasynda guralýar.

Nol barada gyzykly maglumatlar

Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, «nol» sözi greklerden alnypdyr: Ptolimeý sanlaryň ýok ýerinde «0» harpy ýazypdyr (omikron — «hiç zat» diýmegi aňladýar). Beýleki alymlaryň bellemegine görä, «nol» sözi Hindistandan gelip çykypdyr. Hindistanda arifmetikanyň gazanan esasy üstünlikleriniň biri-de onlugyň nol hasap edilmegidir. Nolly ýazgylaryň has gadymylaryna Hindistanda 876-njy ýylda tapylan ýazgy degişlidir. Kampuçide we Indoneziýada şeýle ýazgylar VII asyra gabat gelýär (nol nokat görnüşinde ýa-da kiçijek tegelejik görnüşinde aňladylypdyr). Ilki nol «san» diýen söz bilen atlandyrylypdyr. Bu ýagdaý XIX asyra çenli dowam edipdir. XV asyrda noly san hasap etmändirler. Fransuz matematigi Žirar (1629ý.) ilkinji bolup noly deňlemäniň köki hökmünde, ýagny san hökmünde kabul edipdir, ýöne ondan has soňrak (1697ý.) Oksford uniwersitetiniň professory Djon Ballis «nol san däl» diýen pikiri öňe sürüpdir. Natural sanlaryň düzümine nol Eýler tarapyndan 1768-nji ýylda girizilipdir.

Gowaçanyň tohumçylygyny ylmy esasda alyp barmagyň usullary

Sortuň haýsy hem bolsa bir alamatynyň ünsden düşürilmegi pagta hasylyny öndürijilere ýa-da dokma senagatyna uly zyýan ýetirip biler. Mysal üçin, sortuň fuzarioz ýa-da wertisillioz süllerme kesellerine durnuklylygynyň ýitirilmegi ilki bilen, alynýan hasylyň azalmagyna, süýümiň hiliniň ýaramazlaşmagyna getirýär. Ýurdumyzda gowaça sortlarynyň tohumçylyk işlerini alyp barmak boýunça birnäçe usullar işlenip düzüldi we önümçilikde ulanyldy. Olar «Gowaçanyň önümçilige ornaşdyrylan sortlarynyň elita tohumyny sort içre gül çakyşdyrma usuly bilen öndürmek», «Gowaçanyň önümçilige ornaşdyrylan sortlarynyň saýlantgy we 1-nji arkaly tohumyny ýekebara seçgi bilen öndürmek», Türkmenistanda işlenilip taýýarlanylan «Gowaçanyň önümçilige ornaşdyrylan sortlarynyň saýlantgy (elita) we 1-nji arkaly tohumyny döwürleýin ýekebara seçgi, barlag hem-de tohum saklamak bilen öndürmek», şeýle hem «Gowaçanyň önümçilige ornaşdyrylan sortlarynyň elita (saýlantgy) tohumyny öndürmegiň kämilleşdirilen usullary» ýaly ylmy gollanmalardyr. Soňky usulyň beýany aýratyn gollanma görnüşinde 2000 — 2009-njy ýyllarda neşir edilip, oba hojalyk işgärlerine, tohumçylyk bilen meşgullanýan hünärmenlere ýetirildi. Gollanmalar ýurt boýunça köpçülikleýin ýaýradylan hem bolsa, oba hojalyk işgärleriniň söýgüli gazeti bolan «Bereketli topragyň» üsti bilen pagtaçylyk, aýratyn-da, gowaçanyň tohumçylygy bilen meşgullanýan tohumçy hünä

Ýeralma – gymmatly azyklyk ekin

Ýaňy-ýakynda ýurdumyza Russiýa Federasiýasyndan getirilen ýeralmanyň birnäçe sortlarynyň ýerli toprak-howa şertlerinde ösüşini we hasyllylygyny öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri geçirildi. «Ariel», «Žukowskiý», «Meşeriý», «Armada», «Udaça», «Guliwer», «Metlor», «Granada», «Wympel» we «Krepyş» sortundan bolan ýeralmalarynyň tohumlary uniwersitetimiziň synag-tejribe meýdançasynda ýazlyk ekilip, aýratynlykda olaryň ösüşine fenologiki gözegçilik işleri (ekilen möhleti, gögerip çykan wagty, köpçülikleýin gülleýän döwri, baldagynyň uzynlygy we ş.m.) alnyp baryldy.