Arkadagyň saglyk serpaýy

11 Oktýabr 2022
1763

Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 14-nji tomy giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan reňkli suratlar bilen bezelip, ýokary hilli neşir edilen bu kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyna gymmatly sowgat boldy. On dört tomdan ybarat bolan bu ylmy-ensiklopedik häsiýetli iş ynsan saglygyny goramak bilen bagly ýerine ýetirilen işleriň iň ähmiýetlisidir. Bu ylmy eseriň esasynda Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkyna we sahawatly türkmen topragyna bimöçber söýgüsi, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy başaran pederlerimiziň ajaýyp tejribelerine çuňňur hormaty bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, jemgyýetimiziň aň-bilim binýadyny pugtalandyrmak, ylymly-bilimli sagdyn nesli kemala getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş kadalaryny işjeňleşdirmek babatynda ähli zerur şertler döredilýär. Lukmançylyk diplomatiýasynyň dabaralanmagy ugrunda uly hyzmatlary bitiren we geljekde-de bu beýik işi dowam etmäge ygrarly lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 14-nji tomy hem umumadamzat saglygyna gönükdirilen iň ynsanperwer işdir.

«Türkmen dünýäsi».
Beýleki habarlar