"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Çökündileriň nebitgazlylygynyň görkezijileri

Institutymyzyň alymlary nebitgaz gorlary bilen bile duş gelýän ýerasty gatlak suwlarynyň aýratynlyklaryny indi 70 ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda toplumlaýyn öwrenýärler. Çünki ýerasty gatlak suwlary nebitgaz ýataklarynyň emele gelmeginde, saklanylmagynda we dargamagynda aýratyn kesgitleýji orny eýeleýär. Olaryň emele gelşini, hereketini we himiki düzümini, fiziki häsiýetlerini, tebigy kanunalaýyklyklaryny ýüze çykarmak çökündileriň nebitgazlylygynyň görkezijisi hökmünde uly ähmiýete eýedir. Ylmy barlaglaryň netijesinde gatlak suwlarynyň himiki düzümi, onuň aýry-aýry elementleriniň mukdary boýunça çökündileriň nebitgazlylygynyň düzülen görkezijileri gözleg, barlag we agtaryş işleriniň meýilnamasy düzülende amaly taýdan ylmy teklipler görnüşinde önümçilikde peýdalanylýar. Alynýan maglumatlar nebitgaz görkezijileriniň üstüni ýetirýär. Gorlary hasaplamak we işläp geçmek baradaky gözükdirijileriň talaplaryna laýyklykda, gidrogeologik we gidrohimiki maglumatlar amaly taýdan degişli derejede peýdalanylýar. Olar gidrodinamiki şertleriniň häsiýetlendirilmegine we has takyk kesgitlenmegine ýardam berýär. Goturdepe nebitgaz käniniň günbatar böleginde gatlak basyşynyň derejesini saklamak üçin ýöriteleşdirilen gözegçilik guýulary arkaly deňiz suwlarynyň barlag gatlagyna kowulmak işleri ýola goýlup, gidrohimiki gözegçilik işleri amala aşyryldy. Netijede, gatlak basyşynyň, nebitsuw çägini

Ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak ugrunda

Döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, milli ylym ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Öňdebaryjy tejribeler, ylmyň gazananlary ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ulgamyň döremegi üçin ähli ylmy-barlag edaralaryny iň kämil tehnologiýalar, kompýuter we barlaghana enjamlary bilen doly üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bu ugurdan ylmy-barlag işlerine ýöriteleşen edaradyr. Institut tarapyndan, esasan, üç ugur — mineral, gidromineral hem-de uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny, tehnologiýalaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak, himiýa, nebit-gaz senagaty we beýleki pudaklaryň önümçiligine ylmy-tejribe kömegini bermek, seljeriş işlerini, ylmy-önümçilik barlaglaryny hem-de derňewlerini geçirmek esasynda tehnologiýa resminamalaryny işläp düzmek, şeýle hem ýurdumyzyň suw, toprak, howa gurşawlarynyň himiýasyny we ekologiýasyny öwrenmek we baha bermek ýaly möhüm ugurlar boýunça ylmy-barlag, seljerme işleri alnyp barylýar. «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» boýunça işlenip düzülen meýilnamanyň çäginde ylmy temalar boýunça hem-de şertnamalaýyn esasda ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär.

ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE

ÝAŞ ALYM ELEKTROHEREKETLENDIRIJILERIŇ ÖŇÜNI ALJAK USULY OÝLAP TAPDY

Biotehnologiýa — ösüşiň döwrebap ugry

Milli ylmy ösüşleriň gözbaşynda duran esasy ugurlaryň biri-de biotehnologiýalardyr. Biotehnologiýa — janly bedenleriň, olaryň ulgamlarynyň ýa-da biologik häsiýetleriniň önümçilikde ulanylmaga uýgunlaşmasydyr. Biotehnologiýa arkaly anyklaýyş serişdelerini, iýmitleri, dökünleri we dermanlary öndürmek mümkin. Biologiýa, himiýa we tehniki ylymlaryň özeninde dörän ylmy we tehnologik ösüşiň dersara ugruna biotehnologiýalar diýilýär. Gadymy döwürlerden bäri adamlar çörek bişirende, turşadylan gönezligi we kyrkgasanak şiresi bilen fermentlenen süýt önümlerini taýýarlamakda biotehnologik iş usullaryndan peýdalanypdyrlar. Şol döwürlerde mikroorganizmleriň kömegi bilen fermentasiýany amala aşyrmaklyk adamzadyň amaly işlerinde özüniň wajyp orundadygyny äşgär edip başlapdyr. Biotehnologik amallar bakteriýalary, hamyrmaýany, mikroskopik kömelekleri we suwotulary ulanmak bilen ýerine ýetirilýär. Munda döreýän dürli mümkinçilikler belli bir maddalaryň öndürilmegine şert döredýär. Häzirki wagtda biotehnologiýalar çalt depginlerde ösmek bilen ýlmy we tehnologik ösüşleriň öňdäki orunlaryny eýeleýär. Himiýanyň we fizikanyň gazananlaryna esaslanýan biologiýa ylmynyň has ösendigi üçin biotehnologiýa ulgamynyň işi has ilerleýär. Ylmy açyşlar milli ýkdysadyýetimizde, oba hojalygynda, saglygy goraýyşda we daşky gurşawy goramakda juda ähmiýetli orna eýedir. Biohimiýa we molekulýar biologiýa pudagynda

Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär. Hünärmenleriň hatarynda şu oçerkiň gahrymany Aýjemal Ezizowa hem bolup, ol 30 ýyla golaý zähmet ýoluny Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna bagyşlady. Orta mekdebi tamamlandan soň, geljekki hünäri seçip almak Aýjemal üçin kyn düşmedi, çünki kakasy Baýmyrat Gurdow onuň üçin görelde bolup, halypa hünärmen tutuş zähmet ýoluny Döwletabat gazkondensatly käniniň işlenip taýýarlanmagyna bagyşlady.

Asman giňişliginde «Arkadag» ýyldyzy şöhle saçýar

Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Milli Liderimiz bilen birlikde bu ajaýyp şäheriň barha meşhurlygy artýar, çawy dünýä dolýar. Her güni taryhy wakalara beslenýän ajaýyp Watanymyzda ýene-de bir ýatdan çykmajak waka şaýat bolmagymyz biz — ylym-bilim işgärleriniň göwün guşuny asmana göterdi. Ýagny «Kosmos-Ýer» jemgyýeti tarapyndan älem giňişliginde täze asman jisiminiň hasaba alynmagy we ol jisime hem bitiren ägirt uly il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri üçin Milli Liderimiziň hormatyna «Arkadag» adynyň dakylmagy dünýä alymlar jemgyýetçiligi tarapyndan ýurdumyza goýulýan hormat-sarpanyň örän çäksizdigini äşgär etdi.

Innawasion ösüşleri nazarlap

Diýarymyzda ylmy ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim syýasatynda yzygiderli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi kämil nesil terbiýesiniň özenini düzýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran Karary bilen ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlarynyň 6-sy tassyklandy hem-de bu ulgamy ösdürmäge, onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen kanunlaryňdyr döwlet maksatnamalarynyň birnäçesi kabul edildi. Ylmy we ylmy-pedagogik işgärleri taýýarlamak, olaryň hünärini yzygiderli kämilleşdirmek innowasion ulgamy ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir.

Halkaraçy talyplar «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldular

9-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetinde bilim alýan talyp ýaşlar «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldular. Tomusky tanyşlyk hem-de önümçilik tejribeliklerini geçýän talyplar gazetiň döredijilik, maket, dizaýn işleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Şeýle-de redaksiýanyň degişli işgärleri talyplara gazete ýerleşdirilýän materiallaryň mazmun hem-de grammatik taýdan düzedilişi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar nazaryýetde alan bilimlerini tanyşlykdyr önümçilik tejribeleriniň üsti bilen has-da berkitýärler. Olar öz okaýan ugurlary boýunça ýurdumyzyň pudaklaýyn we dolandyryş edaralarynda, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky tejribeliklerini geçýärler.

«Döwrüň belent ruhy bilen, öňe barýar bagtly ýaşlar»

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda okaýan, dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlarymyzyň 107-si ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldular Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Biz ýaş alymlarymyzyň ylmy açyşlaryny, innowasion tejribelerini, ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglaryny döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmekde örän möhüm hasaplaýarys.

Haşal otlar we olara garşy göreş çäreleri

Şu günler ýurdumyzyň oba hojalygynyň ekerançylyk pudagynda gyzgalaňly döwür dowam edýär. Ekin meýdanlarynda gowaçalary ösdürip ýetişdirmek boýunça işler ýokary derejede alnyp barylýar. Şeýle işleriň biri hem gowaçalaryň ösüşine zyýan berýän haşal otlara garşy göreş çäreleridir. Haşal otlar ekinlerden öň gögerýärler we toprakdaky iýmiti we suwy peýdalanyp, hasyllylygy kemeldýärler. Haşal otlaryň ýaýran meýdanlarynda topragy bejermek, hasyly ýygnamak üçin geçirilýän işler kynlaşýar. Mysal üçin, çaýyr, gamyş ýaly köki ýüzde ýatýan köpýyllyk otlar gögeren meýdanlarda kultiwasiýa işlerini geçirmek kynlaşýar. Maşyn bilen ýygylan gowaça meýdanlarynda itüzüm ýaly miwesi we ýapragy köp bolan hem-de düzüminde suw saklaýan otlar gögerýän bolsa, pagta ýygylanda agregatlary yzly-yzyna ýuwup, arassalap durmaly bolýar.

Ylymly nesil - ynamly nesil

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Dün­ýä her bir yn­sa­nyň özün­den baş­lan­ýar. Özü­ňe dü­şün­mek, ýö­re­jek ýol­la­ry­ňy, et­jek iş­le­ri­ňi aýyl-sa­ýyl et­mek, ýol­la­ryň dü­zü­ni saý­la­mak üçin yn­san ba­la­sy uzak asyr­la­ryň do­wa­myn­da elin­den ki­ta­by­ny dü­şür­mez­den, ir­gin­siz göz­leg­de bo­lup­dyr. Edi­len yl­my açyş­lar, ýa­zy­lan eser­le­riň äh­li­si yn­sa­nyň özü­ne ni­ýet­le­nen­dir. Mu­nuň özi Ýu­sup Ba­la­sa­gun­ly­nyň «Ylym bi­li­mi bil­mek­dir. Ylym özüň bil­mek­dir» di­ýen dür­dä­ne söz­le­ri­niň gys­ga­ça tym­sa­ly.

BAGTDAN PAÝLY, ÝEŇIŞDEN SERPAÝLY ÝAŞLAR

12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda her ýylda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilýän ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan Şahadatnamalary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, mekdep okuwçylary şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdylar. Şu ýyl ylmy bäsleşige ýaşlaryň 1 müň 670 sanysy gatnaşyp, özleriniň ylmy-barlag işleriniň ähmiýetlidigini subut eden ýaşlaryň 107-si has tapawutlanyp, bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda 2024-nji ýylyň 11-14-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan Federal Uniwersitetinde (KFU) guralan Halkara ylmy ýaşlar maslahatynyň çäginde geçirilen bäsleşigiň hem-de hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykd

Ylym we innowasion işjeňlik

Türkmenistan beýik özgertmeler ýoly bilen öňe ynamly ädim ädip, çalt depginde ösýän döwletleriň hataryna goşulýar. Ýurdumyzyň ykdysady syýasaty erkin ykdysadyýeti, bazaryň we döwlet kadalaşdyrmasynyň düzümleriniň sazlaşygyny, oba hojalygynyň, senagatyň döwrebaplaşdyrylmagyny, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegini maksat edinýär. Şunuň bilen birlikde, intellektual ulgama — bilime, ylma, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmegiň maksatnamalaýyn çäreleri birnäçe ugurlary öz içine alýar. Olara ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, innowasion ykdysadyýetiň kemala getirilmegi, senagatlaşdyrma syýasaty, maliýe durnuklylygy, işjeň maýa goýum syýasaty, durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmak arkaly, milletiň intellektual mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak ýaly ugurlar degişlidir. Agzalan strategik ugurlar esasynda innowasion ykdysadyýetiň döredilmegi bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn çäreler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň ylym we bilim ulgamyndaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi üpjün etmek, ylmy işgärleri taýýarlamak, düýpli hem-de ylmy-amaly barlaglary geçirmek, halkara hyzmatdaşlygy işjeň alyp barmak ýurdumyzyň ýokary

Döwrebap mümkinçilikleriň ähmiýeti

Ylmy barlaglara we işläp taýýarlamalara, tehnologik we guramaçylyk innowasiýalara gönükdirilýän maýa goýumlaryň ýyl-ýyldan artdyrylmagy, olary ulanmagyň esasynda ýokary ykdysady netijeleriň gazanylmagy innowasiýa işiniň ösdürilmegi üçin zerur şertleri döredýär. 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu merkez bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmegi, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmagy, sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplaryny, wideo we audio okuw materiallaryny, elektron okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlamaga ýardam bermegi, maglumat we innowasiýa tehnologiýalary babatdaky işleri utgaşyklylykda alyp barmagy hem-de bilim maksatnamalary boýunça işleri ýokary derejede guramagy maksat edinýär. Innowasiýa maglumat merkezini döretmekdäki işlerde sanly ulgam boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň, ýagny Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Singapur ýaly ýurtlaryň tejribesinden ugur alyndy.

Meş­hur alym

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Or­ta asyr Gün­do­gar aly­my, Luk­man He­kim ta­hal­lu­sy­ny alan Ibn Si­na­nyň luk­man­çy­lyk yl­my we tej­ri­be­si ba­bat­da go­ýan aja­ýyp mi­ra­sy bü­tin dün­ýä­de meş­hur­ly­ga eýe­dir. Beý­le­ki dö­wür­deş­le­ri we egin­deş­le­ri Abu Reý­han Bi­ru­ni, Omar Haý­ýam, Al Ho­rez­mi, Al-Fa­ra­by ýa­ly, Ibn Si­na hem yl­myň ju­da köp ugur­la­ry bo­ýun­ça ýa­zan yl­my iş­le­ri bi­len özü­ne en­sik­lo­pe­di­ýa­çy alym diý­di­rip­dir.

Ylym­lar gü­ni

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ylym – dur­muş­da ýo­lu­ňa ýag­ty saç­ýan çy­rag­dyr. Oka­mak, ylym öw­ren­mek hiç ha­çan yn­sa­na zy­ýan et­me­ýär. Yl­myň di­ňe bir pu­da­gyn­dan ha­bar­ly bol­mak hem ýe­tik däl­dir. Äh­li ylym­lar­dan ýe­ter­lik dü­şün­jäň bol­ma­gy, olar bi­len bag­ly iş­ler­den ba­şyň çyk­ma­gy so­wat­ly­lyk­dan ny­şan­dyr.

Ylym — bagtyň çyragydyr

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirýär. Iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Ýurdumyzda ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen her ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşigi geçirilýär. Bäsleşikde nanotehnologiýalar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýa, kompýuter tehnologiýalary, döwrebap lukmançylyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiligi, innowasion sanly ykdysadyýet ýaly ulgamlara aýratyn üns berilýär. Men hem bu bäsleşige «Türkmenistanda ýaşyl wodorodyň önümçiligini gurnamagyň ylmy esaslandyrmasy» atly işim bilen gatnaşyp, baýrakly orna mynasyp boldum.

Beýik ösüşleriň sakasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, halk hojalygyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistany ösen ylmyň we iň täze tehnologiýalaryň ýurduna öwürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere bilim we terbiýe bermek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak işjeň häsiýete eýe bolýar. Bedew batly ösüşler bilen öňe barýan, abraý-mertebesi belende göterilýän ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler dünýäniň ösen ýurtlarynyň bilim ulgamynda gazanylan oňyn tejribelere hem-de milli ýörelgelerimize laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna, ylmyň iň soňky gazananlarynyň, onuň kämil tehnologiýalarynyň okuw işine işjeň ornaşdyrmagyna, şeýlelikde, ylym-bilim ulgamynda okuw işini ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleriniň dowam etdirilmegine itergi berýär.

Rowaçlygyň sakasy

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmäge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýratyn uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, ähli ulgamlara ylmyň täze gazananlaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmakda, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmakda ýetilýän belent sepgitler Watanymyzyň kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda uly ähmiýete eýedir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem türkmen ylmyny ähli taraplaýyn ösdürmegiň ugurlarynyň beýan edilýändigini bellemek gerek. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Dünýäniň ylmy-tehniki gazananlaryny durmuşymyza ornaşdyryp, döredijilikli oýlap tapyşlary bilen tapawutlanýan ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli çäreleri amala aşyrýarys. Çünki ýaşaýşy gözelleşdirmek üçin köpçülige peýdaly täze zatlary oýlap tapmak — bu türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir» diýip belleýär. Ine, döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan şeýle giň gerimli çärelerem ýaş nesliň barha kämilleşmegini üpjün edýär. Ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazary bilimlerini kämilleşdirmegine, sanly tehnologiýalary özleşdirmegine, täze ylmy taglymatlary we tehnologik tejribeleri öwrenmegine ýarda

Oba hojalygy pudagynda döwrebap özgertmeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebap ösdürmek ugrunda uly özgertmeler amala aşyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem oba hojalygyny özgertmegiň toplumlaýyn maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler oba özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, azyk garaşsyzlygymyzy berkitmäge, döwletimiziň halkara abraýyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.