Ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak ugrunda

1 Awgust 2024
300

Döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, milli ylym ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Öňdebaryjy tejribeler, ylmyň gazananlary ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ulgamyň döremegi üçin ähli ylmy-barlag edaralaryny iň kämil tehnologiýalar, kompýuter we barlaghana enjamlary bilen doly üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bu ugurdan ylmy-barlag işlerine ýöriteleşen edaradyr. Institut tarapyndan, esasan, üç ugur — mineral, gidromineral hem-de uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny, tehnologiýalaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak, himiýa, nebit-gaz senagaty we beýleki pudaklaryň önümçiligine ylmy-tejribe kömegini bermek, seljeriş işlerini, ylmy-önümçilik barlaglaryny hem-de derňewlerini geçirmek esasynda tehnologiýa resminamalaryny işläp düzmek, şeýle hem ýurdumyzyň suw, toprak, howa gurşawlarynyň himiýasyny we ekologiýasyny öwrenmek we baha bermek ýaly möhüm ugurlar boýunça ylmy-barlag, seljerme işleri alnyp barylýar. «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» boýunça işlenip düzülen meýilnamanyň çäginde ylmy temalar boýunça hem-de şertnamalaýyn esasda ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär.

Hallymyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar