"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Akylly» şäheriň gurluşygyna goşant

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň taýýarlan taslama işleri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna bagyşlanan bäsleşikde üçünji orna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen bäsleşik Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutlary tarapyndan geçirildi. Bäsleşigiň çäklerinde eminler Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň, hususan-da, onuň medeni-dynç alyş toplumynyň gurluşygy üçin programmalaşdyrmak we inženerçilik ulgamyndaky teklip-taslamalara garadylar hem-de olara baha berdiler. Bäsleşik «Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň medeni-dynç alyş toplumynyň gurluşygy üçin teklipler» diýlip atlandyryldy.

Ganatly göwünleriň guwanjy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ösüşli gadamlary barha batlanýar. Bu guwançly hakykat ata pendine, görüm-göreldesine eýerýän Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygaryndan badalga alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda hem düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde umumybilim berýän orta mekdepleriň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaşlaryň kämil ylymly-bilimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly goldaw berýär.

Zehinli ýaş alymlar

Ylym ýagty geljegiň çyragy hasaplanýar. Şol çyragyň şöhle saçyp durmagy üçin oňa yzygiderli yhlas siňdirmeli bolýar. Ol çyrag indi adamzatda dünýä akyl ýetirmek pikiriniň döräli bäri bardyr. Ylma şu çaka çenli tapgyrma-tapgyr gulluk eden wekiller bolup, olaryň atlary dünýäniň altyn hazynasynyň sahaplarynda uly orny eýeledi. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda ylym wekilleriniň hataryna goşulmak isleýän nesilleriň bolmagy, olaryň sanynyň ýyl geçdigisaýy artmagy uly many-mazmuny özünde jemleýär. Geçen ýyl üç sany orta mekdebiň okuwçylary «ýaş alym» diýen ada mynasyp görlen bolsa, bu ýyl olaryň sany bäşe ýetdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilelikde her ýylyň başyna ýaş alymlaryň bäsleşigini yglan edip, ýurdumyzyň ylma höwesek ýaşlarynyň ünsüni özüne çekýär. Täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň bu ýylky sanawynda Mary şäherindäki 14-nji orta mekdebiň okuwçysy Mylaýym Şyhyýewanyň, Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Omarhan Babageldiýewiň, Magtymguly etrabynyň D.Ökdirow adyndaky 18-nji orta mekdebiniň okuwçysy Annamuhammet Meredowyň, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň okuwçysy Döwletmyrat Arazowyň, şeýle-de Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy ad

Täze pikirler – täze çemeleşmeler

Ýakynda geçirilen ylmy-tehniki sergisinde mugallymlaryň, mekdep okuwçylarynyň, ýaşlaryň taýýarlan taslama işleri bilen ýakyndan tanyş bolduk. Olaryň düzen taslama işleriniň käbirini size ýetirmegi makul bildik. Sabina ROZYÝEWA, Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň himiýa mugallymy:

Talyplar tejribelik okuwlarynda

Häzirki günlerde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Amyderýanyň sapaly kenarynda ýerleşýän «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde, çagalar baglarynda, umumy bilim berýän orta mekdeplerde okuw tejribelik sapaklaryny geçýärler. Nazaryýetde öwrenen bilimlerini tejribe arkaly çuňňur berkitmekleri olaryň geljekde bu ugurdan kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini üpjün edýär. Çünki bilim ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň esasy maksady ýaş nesli watansöýüji, mert, gaýduwsyz we başarnykly, edep-terbiýeli, zehinli edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Türkmenabat şäherindäki çagalar-bakja baglarynda ýaş hünärmenleriň zähmet çekmeklerine we çagalaryň bagtyýarlygyny üpjün etmeklige ähli mümkinçilikler döredilendir. Bilim ojaklary okuw-görkezme esbaplary bilen doly üpjün edilen. Bu bolsa körpeleriň sowatly, edepli, zehinli, ukyply bolup ýetişmeklerine şert döredýär. Bu çäre talyplaryň ussat terbiýeçilerden öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmeklerinde ähmiýetlidir.

DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEKDE ÝAŞ AÝRATYNLYKLARY

Täze maglumatlary kabul etmekde çagalar ululara garanda has ukyply DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEKDE ÝAŞ AÝRATYNLYKLARY

ÝAŞ ALYMLARYŇ YLMY GÖZLEGLERI

Tomusda diňe baglardyr ekinler däl, ýaň alymlaryň ýyl boýy çeken yhlasy hem miwe berýär. Şu gezek hem şeýle boldy. «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sanyny ele almagyňyzdan sähelçe gün öň, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşi giň ýeňijileri yglan edildi. Olaryň sany 70-e golaýlaýar. Nesip bolsa, žurnalymyzyň geljekki sanlarynda iň saýlama ylmy gözlegleriň käbiri barada gürrüň ederis. Bu gezekki sanymyz üçin bolsa ylmy işleriň ikisini aýratyn saýlap aldyk. Sebäbi bu işler Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gönüden-göni bagly. ADAMZAT TARYHYNYŇ ILKINJI BÖLÜMI

Eşretli geljegimiziň eýeleri

Ata Watanymyzda amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler halkymyzyň arzuw-isleginden ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň güýç-gaýratyna, yhlasyna, başarnygyna uly ynam bildirýär. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň röwşen geljegini berkarar etmekde ýaşlaryň güýjüne daýanýar. Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy milli ýörelgämiz esasynda terbiýelenýän ýaş nesillere bildirilýän uly ynamyň beýany boldy. Bu ýylda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmekde jogapkärli wezipeler, tutumly işler öňde durýar. ªol belent wezipeleri, aýdyň maksatly uly işleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişip, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýurdumyzyň mundan beýläk-de batly gadamlar bilen ösmeginiň hatyrasyna öndürijilikli zähmet çekmekleri möhümdir. Munuň üçin bolsa baky berkarar döwletimizde ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Biz ýaşlara Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän uly özgertmeler, täze döwrüň belent wezipeleri barada yzygiderli gürrüň berýäris. Munuň özi oňyn netijelerini berýär.

As-Samany — orta asyrlar döwrüniň görnükli alymy (Ýaşlar we gadymyýetiň ýaňy)

Gojaman taryha ser salsak, türkmenler dünýäniň çar künjünde beýik döwletleri döredip, dünýä medeniýetiniň, ylmynyň we biliminiň pajarlap ösmegine saldamly goşant goşupdyrlar. Gündogarda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni taýdan ösen döwletleriň biri hem Beýik Seljuk Türkmen döwletidir. Seljuk soltanlarynyň ählisi döwletiň gülläp ösmeginiň ylym-bilime baglydygyna düşünip, bu pudagy ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwrüpdirler. Hut şu jähetden ugur alyp, Beýik Seljuk Türkmen döwletiniň paýtagty Merwde ylym-bilim ojaklary, meşhur kitaphanalar, medreseler we obserwatoriýalar gurlup, alymlaryň, şahyrlaryň we dürli ugurlar boýunça ylmy işgärleriň kemala gelmegine şert döredilipdir. XI asyryň ortalaryndan XIII asyryň başlaryna çenli Merwde köp sanly kitaphanalar işläp, olaryň iki sanysy metjitde, iki sanysy hanakada, galanlary medreselerde ýerleşipdir. Bu ýerde meşhur alymlar tarapyndan Samanylar kitaphanasynyň döredilendigi hakynda taryhy çeşmelerde gabat gelmek bolýar. Merwde as-Samany ady bilen meşhur bolan, samanylar maşgalasyna degişli taryhçylaryň we filologlaryň mekdebi ýerleşipdir. Bu mekdebi Abu Sad Abul Muzaffar as-Samany esaslandyrypdyr. Samanylar alymlar maşgalasy bolup, olara Merwdäki on iki kitaphananyň iki sanysy degişli bolupdyr. As-Samanylar maşgalasyna degişli bolan kitaphana barada Ýakut al-Hamawy: «Samanylara degişli bolan iki kita

Suwaryşda netijeli usullar

Häzirki döwürde ösen ýurtlar suw tygşytlaýjy täzeçil tehnologiýalar hökmünde damjalaýyn suwaryş we emeli ýagyş ýagdyrmak usullarynyň ekologik taýdan amatlydygyna doly göz ýetirdiler. Biziň ekerançylygymyzda-da bu suwaryş usullary örän bähbitlidigini görkezdi. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň öz ulanylyş aýratynlyklary bolup, olary ýerli şertlere baglylykda berjaý etmek zerurdyr. Damjalaýyn suwaryş usulynda ösdürilip ýetişdirilýän ekinlerde keşara bejerginiň aradan aýrylýanlygy sebäpli, topragyň ýokarky gatlagy yzygiderli ýumşadylmaýar. Ýerasty suwuň ýeriň ýüzüne golaý gatlagyna duzuň çykmagy topragyň şorlaşmagyna getirýär. Bu usulda şorlaşjak topragyň ýuwlup durýandygy üçin onuň duzlulyk derejesi peselýär. Suw damdyryjydan näçe ara açyldygyça, suwuň hereket tizligi gowşaýar. Bu bolsa yzgarlandyrylýan meýdanyň daşynda duzuň ýygnanmagyna getirýär. Uly bolmadyk ygalyň hem şol duzlary ýuwup, aşak, kök saklaýan zolaga eltmegi we ekine zyýan ýetirmegi mümkindir. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin ýagyş ýagýan döwürleri damjalaýyn suwaryşy dowam etdirmeli. Duzlaryň kök saklanýan zolakdan aşaky gatlaklara ýuwlup gitmegini üpjün etmeli.

Gowaça: geljegi uly täze görnüş

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ekilýän oba hojalyk ekinleriniň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hilli, bol hasylly sortlaryny döretmegi we önümçilige ornaşdyrmagy esasy wezipe edip goýdy. Jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek üçin degişli ylmy-barlag işleri alnyp baryldy. Netijede, gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 58» sortuny döretdik. Ol Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy-önümçilik merkezinde gowaçanyň «Ýolöten — 42» sortunyň populýasiýasyndan ýekebara seçgi esasynda saýlanyp alnyp döredildi. Saýlantgy ösümlik bolsa 2016-njy ýylda alyndy. Ösümligiň düýbi çugdam boýly, aram ýaýbaň görnüşli, boýy 90 — 100 santimetr aralygynda, şahaly. Öser şahasy bir sany. Gürlük kadaly bolanda, bu şaha bolman hem biler. Baldagy orta ýogynlykda, tüýjümegräk, berk, ýere ýykylmazak bolup, güýzüne goňrumtyl gyzgylt reňke geçýär. Hasyl şahalary üçünji topara degişli. Goňras reňkde, esasy baldakdan ýiti burç bilen çykýar. Şahanyň düýbünden goşmaça gozalar döreýär. Esasy baldakdan ösýän şahalaryň bogun arasy 4-5 santimetr. Birinji hasyl şahasy 4-5-nji bogundan çykýar. Ýapragy orta ululykda, gök-ýaşyl reňkde, üsti tekiz, 3 — 5 ganata meňzeş ýaprakly. Ýapragyň arka ýüzünde 1-2 sany şiresi bolýar. Güli orta ululykda, sary reňkde. Düýbünde gyzyl menek (antosian) tegmili bar. Tozgalary mämişi, sarymtylrak, tozan haltajyklardan birneme ýokaryk çykyp durýar. Gülüň ýapraklary ort

Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy

Kitap deňsiz-taýsyz gymmatly hazyna bolmak bilen, ynsanyň aňyny ösdürmekde, labyzly okaýşyny, sazlaşykly sözleýşini, okan, öwrenen zatlaryny durmuşa ornaşdyrmak ýaly endikleri kemala getirmekde gymmatly serişde bolup hyzmat edýär. Ol adamyň ruhy dünýäsine egsilmez güýç-kuwwat berýär. Kalplara barýan ýol kitaplardan gözbaş alýar. Akyldar şahyrymyz, paýhas äleminiň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Kitaby söýmek, oňa sarpa goýmak biziň milli ýörelgämizdir. Öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan halkymyz taryhyň ähli döwürlerinde ruhy-medeni gymmatlyklarymyza, paýhas hazynamyz bolan kitaplarymyza uly hormat goýupdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, edebi mirasymyzy döwrebap ösdürýän we adamzadyň ruhy gymmatlygy bolan kitaba belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

In­no­wa­sion der­ňew­leriň ähmiýeti

Ar­heo­lo­gi­ýa ba­ra­da gür­rüň edi­len­de, onuň mag­lu­mat­la­ry­nyň esa­sy çeş­me­si hök­mün­de gö­rül­ýän ke­ra­mi­ka ýa-da küý­ze­gär­çi­lik önüm­le­ri­ne uly üns be­ril­ýär. Or­ta Azi­ýa­nyň mad­dy me­de­ni­ýe­tin­de aý­ra­tyn or­ny eýe­län syr­ça­ly ke­ra­mi­ka he­mi­şe alym­la­ryň üns mer­ke­zin­de bo­lup, se­ne­len­dir­mek­de wa­jyp gu­ral bo­lup çy­kyş ed­ýär, ta­kyk se­ne­len­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän teň­ňe we beý­le­ki ta­pyn­dy­la­ryň ýok ýe­rin­de ke­ra­mi­ka­nyň se­ne­len­di­ri­ji gym­mat­lyk hök­mün­de wa­jyp­ly­gy has-da art­ýar. Ýur­du­my­zyň çä­gin­de ýü­ze çy­ka­ryl­ýan or­ta asyr­la­ra de­giş­li ke­ra­mi­ka önüm­le­ri özü­niň ne­pis­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Esa­san hem syr­ça­la­nan küý­ze­gär­çi­lik önüm­le­ri öw­re­ni­len­de, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň bu se­ne­di sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­ren­dik­le­ri­ne göz ýe­tir­ýär­siň.

Gün­do­ga­ryň meş­hur alymy

Öz döw­rü­niň gör­nük­li luk­ma­ny Abu Aly ibn Si­na­nyň bi­ze mi­ras go­ýup gi­den gol­lan­ma­la­ry­dyr ki­tap­la­ry luk­man­çy­lyk­da, ylym-bi­lim­de giň­den ula­nyl­ýar. Ol luk­man­çy­lyk we pel­se­pe ugur­la­ry bo­ýun­ça 200 ki­tap ýa­zyp­dyr. Onuň luk­man­çy­ly­ga de­giş­li «El-Ka­nun fit-Tib» (Te­bip­çi­li­giň ka­nu­ny) at­ly ki­ta­by te­bip­çi­lik yl­myn­da yg­ty­bar­ly eser hök­mün­de meş­hur bo­lup­dyr. Bu eser hä­zir­ki dö­wür­de luk­man­çy­lyk yl­myn­da hem ge­rek­li çeş­me­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. «Yşa­rat-wel-Tem­bi­hat» (Fi­zi­ka we Me­ta­fi­zik bö­lüm­le­ri­ne de­giş­li).

Ylym — üstünlikleriň açary

«Adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr» diýen ynsanperwer garaýyş Esasy Kanunymyzda berkidilendir. Milli Liderimiziň ýörelgä öwrülen «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary hem muny doly tassyklaýar. Arkadagly Serdarymyzyň öňe süren «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň parasady bolup ýol görkezen, Konstitusiýamyzyň esasynda goýlan, mundan aňyrda ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyllyk taryhynda şöhlelenen, berk kada öwrülen milli nusgany täze döwürde, täze öwüşgin bilen dünýä çykardy. Şeýlelikde, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak ýurdumyzda döwlet syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýaly maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Beýleki ulgamlar bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamynda-da giň gerimli oňyn işler bitirilýär. Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, şypahanalar, döwrebap derman kärhanalary, saglyk öýleri gurlup ulanmaga berilýär. Dogrusy, ynsan saglygyny goramak, berkitmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler juda köptaraplydyr. Ol

Akyldar şahyryň döredijiligi ylmy esasda öwrenilýär

Ýakynda paýtagtymyzda «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri we Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­di. Hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ta dün­ýä­niň en­çe­me ýurt­la­ryn­dan alym­lar, ede­bi­ýat­şy­nas­lar, mag­tym­gu­ly­şy­nas­lar, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, ta­lyp­lar gat­naş­dy­lar. Biz be­ýik akyl­dar şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si­ni yl­my taý­dan öw­re­nip, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýe­tir­ýän alym­la­ryň tä­sir­li söh­bet­le­ri­ni ga­ze­tiň oky­jy­la­ry­na ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik. Ka­ka­jan JAN­BE­KOW,Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­tynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty:

Wodorod ýangyjynyň täze çeşmesi

Şweýsariýanyň Lozanna Federal politehniki mekdebiniň alymlary wodorod ýangyjyny öndürmek üçin miweleriň we ösümlikleriň biodürlüligini ulandylar. Munuň üçin mekgejöwen başjagazlaryny, banan, pyrtykal, kokos gabyklaryny, kofe dänesini guradyp owratdylar. Guradylan önümler ýörite reaktora ýerleşdirildi. Onda alymlar ksenon çyrasyny ulanyp, biodürlüligiň özüne siňdiren kuwwatly ýagtylyk impulsyny almagy başardylar. Emele gelen külkäniň (poroşogyň) sintetiki gaza we biokömre öwrülmeginiň fototermiki bolmagy üçin geçirilen tejribe garaşylýan netijäni berdi. Maddanyň her kilogramy, takmynan, 100 litr wodorod we 330 gram biokömür öndürmäge ukyply diýlip kesgitlenildi. Şu tejribede ýangyjyň 30 göterimi guradylan banan gabygyndan ybarat boldy.

Magtymguly — agzybirligiň şahyry

Düýn paýtagtymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi bilen gabat gelmegi ýurdumyzda toýdur baýramlaryň goşa-goşadan tutulýandygynyň subutnamasy boldy. Halkara ylmy maslahata dünýäniň dürli ýerlerinde türkmen taryhyny, medeniýetini edebiýatyny öwrenýän alymlaryň birnäçesi gatnaşdy. Dynç güni myhmanlar türkmen sährasyny ýada salýan, hatar guran kerwenleri janlandyrýan «Garagum» myhmanhanasynda ýerleşenlerinden soň, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýerlerine gezelenç etdiler. Olar ilki ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynda orun alan gadymy Nusaý galasyna aýlandylar. Şondan soň, myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýindäki, Türkmen halysynyň milli muzeýindäki gymmatlyklarymyz bilen tanyşdylar. Myhmanlaryň «Aşgabat» kinokonsert merkezinde Magtymguly Pyragynyň durmuş ýoluny, ruhy dünýäsini janlandyrýan «Istärin» atly kinofilme tomaşa etmekleri has-da täsirli boldy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dabaraly açylyşy boldy. Soňra «Pyragy hem Arkadag — köňüllere şamçyrag» diýen at bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, «Magtymguly

Gündogaryň meşhur lukmanyna bagyşlandy

Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda durmuşa geçirilýär. Bu resminamanyň esasy maksady halkymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakdan, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, kämil hem-de ýokary derejeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr. 2023-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim minisrtliginiň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bilelikde guramagynda uniwersitetiň mejlisler zalynda Gündogaryň meşhur lukmany Abu Aly Ibn Sinanyň lukmançylyk mirasyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Nebitiň bugaryp gidýän ýeňil fraksiýalarynyň mukdaryny azaltmak

Türkmenistanyň çäginde nebiti we nebit önümlerini saklamak üçin 500÷5000 m3 göwrümli dik polat rezerwuarlar (çelekler) ulanylýar. Olaryň gurluşy we goşmaça ulanylýan enjamlaryň işleýiş mümkinçiligi Ýewropa sebitindäki 30oC temperaturadan ýokary bolmadyk howa şertine niýetlenendir. Rezerwuaryň içki gurluşy nebit we nebit önümleriniň üstüni örtüji pontondan (saldan) ýa-da ýüzýän beýleki örtüklerden peýdalanmaga mümkinçilik bermeýär. Galyberse-de, nebitiň ýeňil fraksiýalarynyň (düzüm bölekleriniň) bugarmasyny azaltmak maksady bilen rezerwuaryň üçeginde 200 Pa artykmaç basyşy döretmek üçin niýetlenen «dem alyş» goraýjy klapanlar we beýleki serişdeler oturdylýar. Olar üçege agram salyp, onda poslama hadysasyny tizleşdirýän artykmaç mehaniki güýjenmäni döredýär. Geçirilen seljermeleriň netijelerinden mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäginde polat rezerwuarlarda nebit we nebit önümleri saklananda, birnäçe ýagdaýlar ýüze çykýar. Olardan nebit alnanda, «dem alyş» klapanyň üsti bilen düzüminde suw bugy bolan howa rezerwuaryň içine girýär. Gijelerine ýa-da daşarky howanyň sowuk şertinde suw bugy suwuk hala geçip, rezerwuaryň üçeginde we onuň içki diwarynda damja görnüşinde çökýär. Bu bolsa polat rezerwuaryň poslamagyna getirýär. Rezerwuaryň üçegi endigan poslasa-da, onuň içki diwary tegmil görnüşinde poslama duçar bolýar. Daşky gurşawyň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen damjalaryň posla