Talyplar tejribelik okuwlarynda

12 Iýul 2023
1692

Häzirki günlerde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Amyderýanyň sapaly kenarynda ýerleşýän «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde, çagalar baglarynda, umumy bilim berýän orta mekdeplerde okuw tejribelik sapaklaryny geçýärler. Nazaryýetde öwrenen bilimlerini tejribe arkaly çuňňur berkitmekleri olaryň geljekde bu ugurdan kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini üpjün edýär. Çünki bilim ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň esasy maksady ýaş nesli watansöýüji, mert, gaýduwsyz we başarnykly, edep-terbiýeli, zehinli edip ýetişdirmekden ybaratdyr.

Türkmenabat şäherindäki çagalar-bakja baglarynda ýaş hünärmenleriň zähmet çekmeklerine we çagalaryň bagtyýarlygyny üpjün etmeklige ähli mümkinçilikler döredilendir. Bilim ojaklary okuw-görkezme esbaplary bilen doly üpjün edilen. Bu bolsa körpeleriň sowatly, edepli, zehinli, ukyply bolup ýetişmeklerine şert döredýär. Bu çäre talyplaryň ussat terbiýeçilerden öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmeklerinde ähmiýetlidir.

Eneş JORAÝEWA.
Beýleki habarlar