"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bulary bilmek gyzykly

Täsin kitaphana Portugaliýanyň Koimbr uniwersitetiniň kitaphanasy XVIII asyrda açylyp, şu wagta çenli işleýär. Kitaphananyň müňlerçe kitapdan ybarat gory bar. Okyjylar üçin bu ýerde islendik döwre degişli, hatda üstünden ençeme asyr geçen gadymy kitaplary-da okamaga ähli şertler döredilipdir. Kitaphananyň esasy aýratynlygy, bu ýerde ýarganatlaryň ýaşaýanlygydyr. Kitaphananyň işgärleri ýarganatlaryň bu ýerde bolmagyny adaty ýagdaý hasaplaýarlar. Çünki gadymy kitaplara güýe düşmek ähtimallygy bolandygy sebäpli, ýarganatlaryň ýardamy bular üçin zerurdyr. Giçlik kitaphana ýapylansoň, ýarganatlar kitaplaryň daşyna düşen güýeler, olaryň ýumurtgalary bilen iýmitlenip, gymmatly kitaplaryň abat galmagyna ýardam berýärler. Portugaliýanyň Mafra köşgündäki kitaphanada hem kitaplary abat saklamak maksady bilen şu usuldan peýdalanýarlar.

Söýgi rowaýatynyň mawzoleýi

«7/24. tm», № 40 (123), 03.10. 2022 Hindi şahyrlarynyň biri: «Adamlar iki topara bölünýär. Täçmahaly görenler we görmedikler» diýip belläpdir. Elbetde, Täçmahala ýöne ýere dünýäniň «Ýedi täsinliginiň biri» diýilmändir. «Görenem armanda, görmedigem» diýşi ýaly, Täçmahalyň gözelligini görmäge göz, taryp etmäge söz gerek.

Täsinlikler dünýäsinde

«Moskwa Güneşi» Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Ýewropanyň iň uly synlaýyş aýlaw desgasy açyldy. «Moskwa Güneşi» diýlip atlandyrylýan bu desganyň beýikligi 140 metre barabardyr. Synlaýyş desgasynyň 30  sany kejebesi bolup, ol bir aýlaw edende 450 adamy guşuçar belentliginden şäheriň gözellikleri bilen tanyşdyrýar. Synlaýyş desgasynyň bir aýlaw etmegi üçin 19 minuda golaý wagt gerek bolýar. Synlaýyş desgasy şäheriň iň köp gelim-gidimli «Zarýadýe» seýilgähinde açyldy. Ol özünden öňki Ýewropa sebitiniň iň uly synlaýyş desgasy bolan «Londonyň gözi» synlaýyş desgasyndan 5  metr beýikdir. Aýtmaklaryna görä, Moskwadaky synlaýyş desgasynyň çür depesinden 48  kilometre çenli giňişlik göz öňünde açylýar.

Täsinlikler dünýäsinde

Syýahatçylyk merkezi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň öňüsyrasynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde «Beýik Ýüpek ýoly» ady bilen täze halkara syýahatçylyk merkezi açyldy. 212 gektar ýerde gurlan täze syýahatçylyk merkezi özünde kongresler merkezini, döwrebap myhmanhanalaryň sekizsini, kafedir restoranlary, amfiteatry, gündogar arhitekturasyny janlandyrýan «Baky şäher» diýlip atlandyrylan toplumy özünde jemleýär. Merkeziň çäginde gadymy gündogar şäherine mahsus gurşaw kemala getirilipdir. Bu ýerde halk senetçiliginiň önümlerini görkezýän bazar, syýahatçylyk merkezine aýratyn görk berýän emeli derýa guruldy. «Beýik Ýüpek ýoly» syýahatçylyk merkezi ýylda 2  milliona golaý jahankeşdäni kabul eder.

Täsinlikler dünýäsinde

Elektron kitap Elektron kitap düşünjesi ilkinji gezek 1930-njy ýylda ýüze çykypdy. Ýazyjy Bob Brown sesli kinofilme tomaşa edenden soňra adamlaryň kitaplary ekranda okap biljekdigi hakynda pikirini öňe sürýär. Elektron kitap ýa-da E-Book diýlip atlandyrylýan kitapda ýazgylar sanly görnüşde bolup, ýagny kompýuterlerde ýa-da beýleki enjamlarda okyjylara kitaplary ekranda okamak mümkinçiligini döretdi. Bu görnüşli kitap özüniň ykjamdygy, müňlerçe kitap saklamaga ukyplydygy, şriftiniň ululygy, sazlamaga oňaýlylygy we başga-da birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.

Hatap obasy: taryhy şöhratly, şu güni röwşen

Arzyly ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soňra türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmäge giň ýollar açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň hut özi bu babatda bimöçber işleri bitirdi. Bu diýýänlerimize aýdyň mysal hökmünde eziz Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny agzamak bolar. Bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy giňden beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň gadymy taryhymyzy öwrenmek we olary ýaşlara ýetirmek boýunça berýän öwütlerinden ugur alyp, öz obamyzyň döreýşi, häzirki rowaçly güni we nurana geljegi hakynda söhbet etmegi makul bildim. Maňa mundan çärýek asyr ozal garry enemiň obamyzyň taryhy barada beren gyzykly gürrüňlerini diňlemek miýesser edipdi. Döwletli etrabynyň Burguçy geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Hatap obamyzyň üstünden geçmişde dünýä meşhur bolan Beýik Ýüpek ýolunyň bir şahasy geçipdir. Taryhy şöhrata beslenen bu gadymy ýoluň bir golunyň Köýtendagyň üstünden geçendigine şaýatlyk edýän taryhy we medeni ýadygärlikler az däl. Oňa il içinde «Ýedi guýy» diýlip atlandyrylýan guýular toplumyny we sardabany mysal görkezmek bolar. Şol guýularyň ikisinden çopanlar häzirki wagtda hem peýdalanýarlar.

Awazada 3 aýda 150 müňden gowrak adam dynç aldy

Şu ýyl tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 150 müňden gowrak adam dynç aldy. Bu barada 27-nji awgustda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awazada alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda habar berildi. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolmagynyň çäklerinde bu ýerde hereket edýän düzümleriň dolandyryş we hojalyk işlerine zerur üns berilmelidigini, munuň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýratyn belledi. Hususan-da, deňziň kenarynda dynç alýanlar üçin häzirki zaman yşyklandyryş ulgamynyň, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, şüweleňli çykyşlar guralmalydyr.

Bagtyýar çagalyk: dynç alşyň hezil günleri

Orta mekdebiň başlangyç synplarynda okaýarkak, «Ene dili», ilki bilen, «içinden birlaý geçilýän» kitapdy. Kitapdaky ilkinji şygyrlarda bolsa tomsa hoşallyk beýan edilerdi. Adyna, döredijiligine aşyk bolup ýören şahyrlarymyz çagalaryň dili bilen tomusda «dynç alan ýerleri» barada ýazardylar. Şu ýyl üçünji synpa gadam goýan, heniz okuw ýyly başlamanka, mekdepden okuw kitaplaryny alyp gelen gyzymyň «Ene dili» kitaby bilen tanşyp, bu däbiň häli-häzirlerem dowam edýändigini gördüm-de, myssa ýylgyraýdym.

Hazaryň behişdi kenarynda

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda syýahatçylyk ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini üstünlikli ösdürilýän, dünýä nusgalyk taslamalaryň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda-da görmek bolýar. Bary-ýogy on bäş ýylyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy döredildi. Bu taslamanyň çäginde häzire çenli gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlen, dünýä hil ülňülerine laýyk gelýän, şol bir wagtyň özünde-de, binagärlik babatda biri beýlekisini asla gaýtalamaýan myhmanhanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, kottejler toplumlarynyň, attraksionly seýilgähleriň, ýokary derejeli hyzmat ediş ulgamlarynyň sany barmak büküp sanardan köp Munuň üstesine-de, Hazar deňziniň bu jenneti künjegi häzirki wagtda halkara derejesindäki duşuşyklaryň, maslahatlaryň, forumlaryň, festiwallaryňdyr gaýry medeni çäreleriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Munuň üçin bu behişdi kenardaky milli zolakda maslahatdyr kino-konsert zallary, açyk hem-de ýapyk sport desgalary, amfiteatrlar hem ýeterlik derejede bar.

Gä­mi­li ge­ze­lenç

– Ene, ha­çan Awa­za gid­ýäs? Ka­ka­ma aýt, ba­sym­rak şol ýe­re ýol­lan­ma al­syn, ho-ol dos­tum Aman da­gy er­tir gi­dip bar­ýar­lar. Ene jan, ba­sym gi­dä­ýe­li, de­ňiz­de gä­mi­de ge­ze­lenç ede­si­miz gel­ýär – di­ýip, to­mus dynç al­şa çy­kan ag­tyk­la­rym da­şym­dan pyr­lan­dy­lar. Biz ne­si­be­li gün Awa­za ta­rap ýo­la düş­dük. Uçar­dan dü­şüp, mü­nen ula­gy­myz go­ja deň­ze go­laý­la­dy­gy­ça gä­mi­ler zo­gu­ny ça­lyp, eý­läk-beý­läk ýü­züp bar­ýar­dy­lar. Ça­ga­lar ba­sym­rak şol gä­mi­le­re mün­mä­ge how­lug­ýar­dy­lar.

BAE-niň ýeke-täk çykalgasy: Antarktida

«7/24. tm», № 33 (116), 15.08. 2022 Bil­şi­miz ýa­ly, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri we onuň goň­şy döw­let­le­ri­niň geog­ra­fi­ki ýer­le­şi­şi gu­rak kli­mat­ly bo­lup, çöl­le­riň kän, der­ýa­la­ryň bol­sa ýok di­ýil­jek de­re­je­de az­ly­gy se­bäp­li agyz su­wy ýi­ti ýet­mez­çi­lik ed­ýär.

Awazanyň sapaly goýnunda

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Çagalaryň göwnejaý dynç alyp, saglyklaryny berkidýän, wagtlaryny hoş geçirýän, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen deň-duşlary bilen tanşyp, täze dostlary artdyrýan, gyzykly hem ýatdan çykmajak täsirli wakalara şaýat bolýan söýgüli mesgenleriniň biri-de, gojaman Hazaryň türkmen kenaryny jähekläp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagydyr. Çagalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemi ýedi ýerde — ýurdumyzyň welaýatlaryna degişli dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde, şeýle-de «Arzuw» çagalar dynç alyş merkezinde hem-de «Daýanç» sagaldyş merkezinde tapgyrlaýyn dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Häzirki wagtda bu ýerde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň 4-nji tapgyry dowam edýär.

Şokoladlar mekany

Mähriban çagalar! Siz dünýäde täsin muzeýleriň hereket edýändiginden habarly bolsaňyz gerek. Ol muzeýler özüniň gymmatly zatlary, täsinligi bilen tapawutlanýar. Biz hem siziň üçin taýýarlaýan ýörite sahypamyzda dünýäde çagalaryň iň söýgüli muzeýleriniň birnäçesi barada maglumat bermegi makul bildik. Şokolad muzeýi meşhur Belgiýa şokoladyna eýeçilik edýän muzeýdir. Brýusseldäki bu muzeý 1998-nji ýylda gurulýar. Muzeý meşhur Belgiýa şokolad kärhanasynyň eýesi Jozep Jo Drapsyň ýanýoldaşy tarapyndan bina edilýär.

Täsinlikler äleminde

Galyndylardan kerpiç Awstraliýanyň Flinders uniwersitetiniň alymlary adaty bolmadyk esasy gurluşyk önümini — kerpiji oýlap tapdylar. Bu gurluşyk önüminiň esasy tapawutly tarapy onuň senagat we azyk önümleriniň galyndylaryndan öndürilmegidir. Ýagny alymlar täze görnüşli kerpiji oýlap tapmak üçin nebit gaýtadan işlenende bölünip çykýan kükürdi we raps ýagynyň galyndylaryny ulandylar. Olar bu iki önüm galyndysyny himiki taýdan birleşdirip, adaty kerpiçden 16 esse berk bolan gurluşyk önümini almagy başardylar. Gurluşyk kerpijiniň ýene bir aýratynlygy, öreniňde olary biri-birine birleşdirer ýaly sement we palçyk hökman däl. Alymlaryň senagat taýdan şeýle arassa gurluşyk önümini oýlap tapmaklarynyň esasy maksady daşky gurşawyň ekologiýa arassaçylygyna goşant goşmakdan ybarat boldy. Olaryň pikiriçe, senagat taýdan gurluşyk önümleri öndürilende daşky gurşawa zyýanly köpsanly zyňyndylar emele gelýär.

Gözelligiň kenary

Hazar deňziniň ortaça çuňlugy 185 metre barabar bolup, iň çuň ýeri 1025 metrdir. Gomlarynyň beýikligi 11 metre çenli baryp ýetýär. Deňziň duzlulygy bolsa 12,8 göterime deňdir. Taryhy ylmy ýazgylara ser salsak, Hazar deňziniň häzirki döwre çenli 100-den gowrak adynyň bolandygy bellenip geçilýär. Akademik, arheolog Hemra Ýusubow XVII asyryň ortalaryndan öň, Uzboýuň iki akym boýunça Hazar deňzine suwuny guýandygyny nygtapdy. Birinji akym Barsagelmez ugry boýunça Ajaýyp diýip at alan ugur, ikinji akym bolsa, Ak tam diýip at alan, Mollagaradan 47 kilometr uzaklykda bolan Uzynada ýaýlasynyň kenarýakalarydyr. Bu ugurlar boýunça gelen suwlaryň öz akymyny kesmegi, deňiz kenarýakalarynda çägelikleriň, ot-çöp galyndylarynyň köpelmegine getiripdir. Şeýle hem kenarýakalaryndaky ýalpak ýerlerde suwotularyň ösüp kemala gelmegine giň ýol açylypdyr.

Bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň şat­ly­gy

Eziz Di­ýa­ry­myz bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň ýur­dy bo­lup, ýaş ne­sil­le­riň döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ry, dynç al­mak­la­ry, wagt­la­ry­ny şa­dy­ýan hem-de ma­ny­ly ge­çir­mek­le­ri üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­ler hal­ky­myz, bag­ty­ýar ça­ga­la­ry­myz üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de aja­ýyp des­ga­la­r, bi­na­la­r açy­lyp, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Yn­ha, ga­dy­my Bal­kan top­ra­gyn­da hem şeý­le ta­ry­hy wa­ka­la­ry gör­mek bol­ýar. Şeý­le aja­ýyp bi­na­la­ryň, des­ga­la­ryň her bi­ri halk bäh­bit­li iş­le­riň aý­dyň be­ýa­ny bo­lup dur­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän be­ýik iş­le­ri hal­ky­my­zy has-da buý­san­dyr­ýar. Şu aja­ýyp döw­rü­miz­de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry, oba­la­ry ta­ry­hy wa­ka­la­ra bes­len­ýär. «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da «Ro­waç» kot­tej­ler top­lu­my­nyň, Esen­gu­ly et­ra­byn­da «Ar­ka­da­gyň ne­sil­le­ri» at­ly döw­re­bap ça­ga­lar dynç alyş mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy, şeý­le hem Ga­ra­bo­gaz­köl aý­la­gy­nyň üs­tün­den geç­ýän tä­ze aw­to­mo­bil köp­rü­si­niň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy ta­ry­hy wa­ka­lar­dyr. Mu­nuň özi aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe bo­lup, ýur­du­my­zyň be­ýik ösü

Ulag düzüminiň möhüm desgasy

Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji awgustda ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Köpriniň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerine dikuçarda gelen döwlet Baştutanymyzy köp sanly dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Awaza — ösüşleriň mekany

Mähriban Watanymyzyň iň gözel ýerlerinde döredilen dynç alyş zolaklary täze mümkinçilikler bilen barha baýlaşýar. Ilata oňat dynç almak üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň saglygy berkidiji şertler we sport desgalary bilen sazlaşyp gitmegi ynsan sarpasynyň gymmat tutulýandygyny dabaralandyrýar. Arassa asmanyň astynda, asuda durmuşda, owadan tebigatyň tämiz gurşawynda ýekelikde ýa-da maşgala bolup dynç almak üçin döredilýän şertleriň barha artyp barmagy adam baradaky aladanyň baş görkezijileriniň biri bolup durýar. Häzirki tomus möwsüminde mekdep okuwçylary dürli çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirseler, zähmetkeşleriň köpüsi zähmet rugsadyna çykyp, dynç alyş-şypahanadyr syýahatçylyk hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Iri merkezlerdäki, şäherlerdäki owadan seýilgählerdir döwrebap desgalardan başlap, ýörite döredilen düzümleýin dynç alyş toplumlaryna, şypahanalardyr syýahatçylyk nokatlaryna çenli giňäp gidýän şeýle mümkinçilikler eziz Diýarymyzyň ähli künjegini gurşap alýar. Gojaman Hazaryň mawy giňişliklerine bezeg berip, kenarýaka şähergurluşygynyň ajaýyp nusgasyna öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýurdumyzyň dynç alyş düzüminiň altyn guşagyny emele getirýär. Arassa çägeli kenarda, bejeriş ähmiýetli howasy we şypaly deňiz suwy bolan bu künjekde häzirki zaman myhmanhanalarynyň we dürli dynç alyş merkezleriniň tutuş toplumy döredildi. Häzirki w

Sebitiň syýahatçylyk dürdänesi

Ösüş-özgertmelere beslenen täze taryhy döwrümiziň her bir güni köňülleri joşa getirýän ajaýyp wakalara, şatlykly pursatlara sapýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 1-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Rowaç» kottejler toplumynyň açylmagy ýatdan çykmajak şatlykly wakalaryň birine öwrüldi. Bu döwrebap toplum Hazaryň türkmen kenaryna özboluşly görkanalyk goşdy. Gojaman Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenaryndaky syýahatçylyk zolagy göreniň akylyny haýrana goýýar. Sebitiň dürdänesine öwrülen bu gözel künjekde gysga taryhy döwrüň içinde gurlan desgalaryň arasynda kaşaň myhmanhanalaryň, sagaldyş merkezleriniň, sport we kottejler toplumlarynyň, seýilgähleriň, suw çüwdürimleriniň we şypahana-syýahatçylyk ugurlaryna mahsus beýleki düzümleýin desgalaryň bolmagy has-da guwandyrýar.

Awa­za — gö­zel­li­giň me­ka­ny

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy ug­run­da­ edil­ýän ala­da döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Ýur­du­myz­da­ky dynç alyş mer­kez­le­ri ýy­lyň äh­li pas­lyn­da ra­ýat­la­ra ga­py­la­ry­ny giň­den aç­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Awa­za il­deş­le­ri­mi­ziň köp­çü­lik­le­ýin dynç al­ma­ga gel­ýän ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. To­mus möw­sü­mi­niň do­wam ed­ýän şu gün­le­rin­de il­deş­le­ri­miz wagt­la­ry­ny şat­lyk­ly ge­çir­ýär­ler. Olar dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne ky­bap gel­ýän dynç alyş mer­kez­le­rin­de sag­lyk­la­ry­ny ber­kid­ýär­ler. Awa­za­nyň gö­zel­li­gi yn­sa­na keý­pi­çag­lyk eçil­ýär.