Hatap obasy: taryhy şöhratly, şu güni röwşen

7 Sentýabr 2022
2219

Arzyly ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soňra türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmäge giň ýollar açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň hut özi bu babatda bimöçber işleri bitirdi. Bu diýýänlerimize aýdyň mysal hökmünde eziz Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny agzamak bolar. Bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy giňden beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň gadymy taryhymyzy öwrenmek we olary ýaşlara ýetirmek boýunça berýän öwütlerinden ugur alyp, öz obamyzyň döreýşi, häzirki rowaçly güni we nurana geljegi hakynda söhbet etmegi makul bildim.

Maňa mundan çärýek asyr ozal garry enemiň obamyzyň taryhy barada beren gyzykly gürrüňlerini diňlemek miýesser edipdi. Döwletli etrabynyň Burguçy geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Hatap obamyzyň üstünden geçmişde dünýä meşhur bolan Beýik Ýüpek ýolunyň bir şahasy geçipdir. Taryhy şöhrata beslenen bu gadymy ýoluň bir golunyň Köýtendagyň üstünden geçendigine şaýatlyk edýän taryhy we medeni ýadygärlikler az däl. Oňa il içinde «Ýedi guýy» diýlip atlandyrylýan guýular toplumyny we sardabany mysal görkezmek bolar. Şol guýularyň ikisinden çopanlar häzirki wagtda hem peýdalanýarlar.

Agajan NAZAROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Rowaç» okuw merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar