"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Jümle-jahan habarlary

Ýerasty tebigy suw howdany tapyldy Geologlaryň halkara topary tarapyndan Sisiliýa adasynyň astynda mundan, takmynan, 6 million ýyl öň dörän ägirt uly tebigy suw howdany tapyldy. Hünärmenleriň tassyklamaklaryna görä, süýji suwly bu ýatak ýerli ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek meselesini üstünlikli çözmäge ýardam eder. Hünärmenleriň pikirlerine görä, 2,5 kilometr çuňluga çenli uzalyp gidýän bu howdan arassa agyz suwunyň 17,5 kub kilometrden gowragyny saklaýar. Bu ägirt uly suw ýatagy Sisiliýa bilen birlikde Marokkonyň, Tunisiň, Müsüriň, Türkiýäniň we Liwanyň ilatynyň hem agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam eder.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylda uçuş ugurlaryny giňeltmegi meýilleşdirýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde üç sany täze ugry goşmak we uçuşlary gaýtadan dikeltmek arkaly uçuş ulgamyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Dünýädäki awiakompaniýalaryň meýilnamalarynyň we torlarynyň gündelik üýtgeşmelerini täzelemäge ýöriteleşýän “AeroRoutes” portalynyň sişenbe güni habar bermegine görä, täze ugurlar Aşgabat – Abu-Dabi, Aşgabat – Hoşimin (Wýetnam) we Aşgabat – Milan ugurlaryny öz içine alýar. 2024-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndan başlap, Aşgabat – Abu-Dabi ugry boýunça (gaýtadan dikeldilen uçuş) uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylar. Aşgabat – Hoşimin ugry boýunça uçuşlar indiki ýylyň 5-nji ýanwaryndan hepdede iki gezek, Aşgabat – Milan/Malpensa ugry boýunça bolsa 2024-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndan hepdede bir gezek ýerine ýetiriler.

«S7» awiakompaniýasynyň petekleri Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde satuwa çykaryldy

Russiýanyň «S7» awiakompaniýasynyň gatnawlary üçin petekler Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde satuwa çykaryldy. Petekleri Türkmenbaşynyň halkara howa menziliniň kassasyndan we «Türkmenistan» howa ýollarynyň Balkanabat şäheriniň awtomenzilinde ýerleşýän satuw ofisinden satyn alyp bilersiňiz.

Owadan şuglaly arça

«Evergreen Classics» kompaniýasynyň Täze ýyl arçalarynyň çyralaryny smartfonlaryň üsti bilen islendik görnüşde ýakmak bolýar. Bu täsin arçalaryň boýy 230 santimetre deň bolup, onuň diametri 130 millimetre barabardyr. Bu kompaniýanyň döreden dürli görnüşli arçalarynyň arasynda iň täsini smartfon arkaly dolandyrylýan çyraly görnüşidir. Onuň çyralary 390 RGB-e eýedir. Bu çyralary smartfonlarda «Twinky» programmasy arkaly dürli görnüşde üýtgedip bolýar. Bu programmada ýörite düzülen birnäçe görnüşli çyralaryň yşyklandyryş görnüşleri taýýarlanylyp, ulanyjylaryň isleglerine görä, her gün üýtgedilip bilner. Arçalar birnäçe böleklere bölünýändigine garamazdan, olary düzmek we ýygnamak örän aňsat amala aşyrylýar.

Eýran 32 ýurt üçin wiza düzgünini ýatyrdy

Eýranyň hökümeti 32 ýurduň raýatlary üçin wiza düzgünini ýatyrmak kararyna geldi. Bu barada «Tehran Times» habar berdi. «Syýahatçylyk ministrliginiň käbir ýurtlar üçin wizalary ýatyrmak baradaky teklibi hökümet tarapyndan tassyklandy. Wizalaryň birtaraplaýyn ýatyrylmagy hökümetiň mejlisinde makullandy. Şeýlelikde, Eýran Yslam Respublikasy dünýäniň dürli künjeginden gelýän myhmanlara gapylaryny giňden açmaga we olaryň ýurda ýeňillik bilen baryp görmekleri we gazananlaryna baha bermekleri üçin has uly mümkinçilikleri döretmäge taýýardygyny görkezdi» — diýip, Eýranyň Syýahatçylyk ministrliginiň ýolbaşçysy Ezzatolla Zargami belledi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky Baş wekilligi ýygy-ýygydan berilýän sowallara jogap berdi

Russiýa Federasiýasyndaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş wekilligi resmi web sahypasynda ýolagçylaryň Moskwa — Aşgabat — Bangkok we Kazan — Aşgabat — Bangkok gatnawlaryny utgaşdyrmak bilen baglanyşykly ýygy-ýygydan berýän sowallaryna jogaplary çap etdi. Olar bilen şu salgydan https://turkmenistanairlines.ru/news/307 tanşyp bilersiňiz. Resmi web sahypasynda bellenilişi ýaly, Bangkoga uçmak üçin ýolagçylaryň PCR synagyndan geçmeginiň zerurlygy ýok.

Özbegistan we Saud Arabystany howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmakçy

Özbegistan we Saud Arabystany şäherleriň arasynda yzygiderli howa gatnawlarynyň sanyny hepdede 70-e çenli artdyrmak barada ylalaşdylar diýip, «Trend» habar berýär. Bu ugurda geleşik «ICAN-2023» çäresiniň barşynda Özbegistanyň Ulaglar ministrliginiň wekilçilikli topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Howa edarasynyň arasynda baglaşyldy.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy totgadylmadan soň Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy şäherleriň arasynda howa gatnawy täzeden başlandan soň Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. Muny Moskwanyň Domodedowo halkara howa menziliniň onlaýn tablosyndaky maglumatlar hem görkezýär. Türkmen howa gatnawçysynyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden sagat 07:24-de uçup, 09:20-de (Moskwa wagty) Moskwa gondy. Uçuş dowamlylygy 3 sagat 56 minut.

Gezsem, dünýäni görsem

Şweýsariýa — Sýurih Häzirki wagtda dünýäniň iň baý döwletleriniň biri hasaplanýan Şweýsariýanyň Sýurih şäheri 2023-nji ýylyň iň gowy akylly şäheri hökmünde saýlandy. Bu şäheriň üstünligini, esasanam, kämil hyzmat ediş düzümleri, binalarynyň berkligi, transport ulgamy bilen baglanyşdyrýarlar. Sýurih akylly ýol hereketini dolandyrmak, energiýa tygşytlaýan ulgamlar ýaly birnäçe innowasion çözgütleri durmuşa geçirdi. IBM «Akylly şäher indeksi» Sýurih şäheriniň meşhurlygyny has-da artdyrdy.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa boýunça gatnawlaryny dowam etdirer

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 15-nji dekabrdan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny gaýtadan dowam etdirer. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berildi. Uçuşlar üçin awiapetekleri «Turkmenistan airlines» web sahypasyndan, Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentliginden, şeýle hem Türkmenistandaky satuw ofislerinden satyn alyp bilersiňiz.

«Türkmenhowaýollary» agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçuşlary üçin petek satuwyny amala aşyrýar

«Türkmenhowaýollary» agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň birnäçesiniň uçuşlary üçin petek satyn almak boýunça hyzmatyny hödürleýär. Hususan-da, agentligiň satuw ofislerinden Russiýanyň «Sibir» («S7 Airlines»), Türkiýäniň «Turkish airlines», şeýle hem BAE-niň «Fly Dubai» hem-de «Emirates» awiakompaniýalarynyň göni we utgaşdyryjy uçuşlaryna petek satyn alyp bilersiňiz.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Bangkok ugry boýunça howa gatnawlaryny amala aşyrar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 22-nji dekabrdan Aşgabatdan Bangkoga yzygiderli ýolagçy gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny habar berdi. Uçuşlar her anna we şenbe günlerinde amala aşyrylar. Häzirki wagtda Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentligi Kazan — Aşgabat — Bangkok ugurlarynda uçuşlary birikdirmek üçin howa petekleri satyp başlady. Bir taraplaýyn uçuşyň bahasy 32,318 rus rublundan başlaýar.

Jümle-jahan habarlary

Ranganahti ybadathanasy Dünýäniň iň uly we täsin binagärlik toplumlarynyň biri-de Hindistanda ýerleşýän Ranganahti ybadathanasydyr. Biziň eýýamymyzyň I asyryna degişli bolan bu toplum hindi hudaýy Wişna bagyşlanyp gurlupdyr. Ol ýurduň Tamilnad ştatyndaky Şrirangam adasynda ýerleşýär. Täsin binagärlik gurluşyna eýe bolan bu ybadathana 63,1 gektar meýdany eýeleýär. Ol ululygy boýunça dünýäde ikinji orunda dursa-da, häzirki wagtda hereket edýän ybadathanalaryň sanawynda birinji orny eýeleýär. Bu ýerde köp asyrdan bäri dowam edip gelýän dini däp-dessurlar berjaý edilýär. Ybadathananyň daş-töweregi 7 gatly diwar bilen gurşalyp, olaryň umymy uzynlygy 10 kilometre ýetýär. Ranganahti ybadathanasy 2014-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy.

Türkmenistana täze «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gowuşdy

4-nji dekabrda Aşgabadyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman iki uçarynyň birinjisidir. «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary bir wagatda 368 ýolagçyny uzak aralyga äkitmäge niýetlenendir. Uçarlaryň enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de işläp taýýarlamalar ulanylýar. Täze uçarda eneler üçin orunlaryň we bäbekler üçin sallançaklaryň ýerleşdirilendigini bellemek gerek.

Gaýybana syýahat

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda ygtybarly hyzmatdaşlyk ýyllarboýy dowam edýär. Dürli ulgamlarda ýola goýlan şol gatnaşyklar häzirki wagtda has-da işjeň häsiýete eýe boldy. Biz hem dostlukly ýurt bilen ýakyndan tanyşdyrmak üçin elektron žurnalymyzyň şu sanynda Bişkek şäherine gaýybana syýahat guramagy makul bildik.

Jümle-jahan habarlary

Geljegiň ekoşäheri Şweýsariýada fransuz binagäri Winsent Kallebonyň işläp taýýarlan geljegiň ekologik şäheriniň taslamasy tassyklanyldy. «The Greenhouses» diýlip atlandyryljak şäheriň binalary agaçlardan gurlup, onda awtoulag ýollary bolmaz. 10 000 inedördül metr meýdany eýelejek şäheriň seýilgähinde bolsa diňe pyýadalar we welosipedçiler üçin ýodajyklar bolar. Aňrybaş derejede ýagtylygyň düşmegini gazanmak maksady bilen ýaşaýyş jaýlarynyň ählisiniň penjireleri günorta tarapa garar. Olaryň hersiniň balkonynda ýörite bölünen ýerlerde dürli ösümlikler ekiler. Bu usulyň esasy maksady bugarmagyň we Gün radiasiýasynyň täsiriniň azalmagy netijesinde howanyň gyzgynlygyny 3 — 5 derejä çenli azaltmakdyr. Taslama doly durmuşa geçirilende, şäherde ösümlikleriň we gyrymsy agaçlaryň 30000-den gowragy ösdürilip ýetişdiriler. Bu bolsa her ýylda kömürturşy gazynyň 170 tonnasyny ýok etmäge müminçilik berer.

Seýil edeliň bu jahana!

Täsin taslama Saud Arabystanynyň «Geljegiň şäheri» diýlip atlandyrylýan täze Neom şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän binalardan iki sanysynyň taslamasy tanyşdyryldy. Bu syýahatçylyk zolagy Neomda gurulmaly 10 sebitiň altynjysydyr. «Epikon» diýlip atlandyrylýan binalar toplumy 2 sany degişlilikde 225 we 275 metre golaý diňlerden ybarat bolup, olar 41 sany myhmanhanany we ýokary derejeli dynç alyş zolaklary öz içine alar. Her bir ýaşaýyş otagy we willalar ýokary derejeli bolup, kenarýaka naharhana we restoranlar bilen üpjün ediler. «Geljegiň derwezesi» hökmünde tanaljak «Epikonyň» her bir isleg bildirýän raýat üçin ähli mümkinçilikleri döredip berjekdigi barada Neom şäheriniň ýolbaşçylary belleýärler.

Bulary bilmek gyzykly

Täsin bina Dünýäde täsin görnüşi bilen ünsüňi özüne çekýän desgalar soňlukda syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrülýär. Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki 16 gatdan ybarat ymarat hem göreni haýrana goýýar. Çünki bu binanyň edil 4-nji bilen 8-nji gatlarynyň arasyndan parran böwsüp geçýän uly şaýol bar. Şol sebäpli lift dördünji gata gelip, soňra göni sekizinji gata galýar. «Gate Tower Building» diýlip atlandyrylýan bu bina 1992-nji ýylda açylýar.

«Türkmenhowaýollary» Germaniýanyň «Hahn Air» awiakompaniýasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň hataryna goşuldy

«Türkmenhowaýollary» Germaniýany «Hahn Air» awiakompaniýasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň hataryna goşuldy. Bu barada nemes kompaniýasy öz resmi saýtynda habar berdi. «Dünýäniň 190 bazaryndaky syýahat agentlikleri petekleri bron etmegiň adaty amallaryny ulanyp «Türkmenhowaýollarynyň» üsti bilen ýüklerini iberip we «HR-169» çökgünlikden goramak resminamasy boýunça kompaniýanyň peteklerini satyn alyp bilerler» diýlip, habarda bellenilýär.

Taryhyň şöhratly ýoly

Ýurdumyzdaky arheologik we binagärlik ýadygärliklerini Beýik Ýüpek ýolundan aýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi medeniýetiň döräp ugran ilkinji döwürlerinde, şeýle hem orta asyrlarda kerwen ýollarynyň üsti bilen dünýä halklarynyň medeniýetleri, edim-gylymlary, däp dessurlary hem öwrenilip başlapdyr. Bu bolsa dünýä halklarynda gyzyklanma döredipdir. Şeýle gatnaşyklaryň rowaçlanmagynda Merkezi Aziýanyň, hususan-da, Türkmenistanyň orny örän uly bolupdyr. Şonuň bilen bir wagtyň özünde-de, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak üçin uly mümkinçilikler döräpdir. Dowamly amala aşyrylan söwda gatnaşyklary bu sebitlerde ýaşaýan halklaryň medeni durmuşlaryna öz täsirini ýetirip başlaýar. Beýik Ýüpek ýoly ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda gazanan ajaýyplyklarynyň biri bolup, taryhda Ýewropadan Hytaýa çenli ýaýylyp gidýän giňişlikde ýaşaýan halklaryň medeniýetlerini ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde halkymyzyň özboluşly taryhy-medeni mirasynyň ýadygärlikleriniň müňden gowragy döwletimiz tarapyndan hasaba alyndy. Bu sanaw taryhy ähmiýetli açyşlaryň hasabyna yzygiderli artýar. Ýurdumyzda täsin taryhy we tebigy ýadygärlikleriň sanynyň has köpdügi bu ýerlere daşary ýurtly syýahatçylary çekmäge şert döredýär. Şeýle hem taryhy-medeni mirasa juda baý bolan ata Watanymyza jahankeşdeleriň gyzyklanmasy, gelip görmäge bolan höwesi gün geçdigiçe ýokarlanýar.