Jümle-jahan habarlary

27 Dekabr 2023
1049

Ýerasty tebigy suw howdany tapyldy

Geologlaryň halkara topary tarapyndan Sisiliýa adasynyň astynda mundan, takmynan, 6 million ýyl öň dörän ägirt uly tebigy suw howdany tapyldy. Hünärmenleriň tassyklamaklaryna görä, süýji suwly bu ýatak ýerli ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek meselesini üstünlikli çözmäge ýardam eder. Hünärmenleriň pikirlerine görä, 2,5 kilometr çuňluga çenli uzalyp gidýän bu howdan arassa agyz suwunyň 17,5 kub kilometrden gowragyny saklaýar. Bu ägirt uly suw ýatagy Sisiliýa bilen birlikde Marokkonyň, Tunisiň, Müsüriň, Türkiýäniň we Liwanyň ilatynyň hem agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam eder.

Beýleki habarlar