"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Jümle-jahan habarlary

Buzdan we gardan emele gelen şäher

Bulary bilmek gyzykly

Eýfel diňi Megerem, Fransiýa ýa-da Pariž diýlende, ähliň akylyna Eýfel diňi gelýär. Çünki Eýfel diňi bu ýurduň hem-de onuň paýtagtynyň esasy gözel desgalarynyň biri bolup, ol Parižiň nyşany hasaplanýar. XIX asyryň 80-nji ýyllarynda Pariž şäheriniň ýerli dolandyryş häkimiýeti tarapyndan binagärleriň arasynda ýurduň beýikligini, şan-şöhratyny alamatlandyrjak desganyň taslama bäsleşigini yglan etdi. Ýeňijiniň taslamasy 1889-njy ýylda Parižde bütindünýä sergisiniň geçiriljek wagtyna gurulmalydy. Şeýlelikde taslama bäsleşigine 100-den gowrak dalaşgär gatnaşdy. Işler seljerilensoň, bäsleşigiň ýeňijisi Gýustaw Eýfeliň binagärçilik şereketi boldy. Onuň şereketi 1887-nji ýylda taslamanyň gurluşyk işlerine başlaýar.

Dubaýda gün batareýalarynda işleýän demir ýol awtobuslary we syýahatçylyk üçin ýokary tizlikli kapsulalar peýda bolar

Dubaý ýokary tizlikli syýahatçylyk kapsulalaryny we gün batareýalarynda işleýän demir ýol awtobuslaryny gurmaga başlaýandygy barada habar berýär. Dubaýyň Ýol we ulag müdirligi täze we innowasion ulag ulgamlaryny işläp taýýarlamk babatda özara düşünişmek hakynda iki sany ähtnama gol çekdi. Özara düşünişmek hakynda birinji ähtnama Beýik Britaniýada iş alyp barýan we ulag ulgamlaryny işläp taýýarlamakda ýöriteleşen Urban-Mass Company bilen gol çekdi. Bu ylalaşyk dünýäde ilkinji innowasion ulag ulgamy bolan Floc Duo Rail ulgamyny ösdürmegi göz öňünde tutýar. Demirýol görnüşindäki sürüjisiz bu ulgam ulag serişdelerine şäherde çalt we netijeli hereket etmäge mümkinçilik berýär.

Ýolagçy gämide Hazar deňzi boýunça ilkinji syýahat guralar

"Beýik Wolžsk ýoly" atly taslamanyň çäklerinde Hazar deňzi boýunça ilkinji ýolagçy gämili syýahaty guralar. Ilkinji deňiz syýahaty Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň kenarýaka şäherlerine guralar. Russiýaly we daşary ýurtly syýahatçylar 4 gatly "Beýik Pýotr" gämisinde degişli ugurlar boýunça syýahatdan lezzet alyp bilerler. Häzirki wagtda Astrahan oblastyndaky "Lotos" gämigurluşyk zawodynda bu gäminiň gurluşygy alnyp barylýar.

“Wladimir Žirinowskiý” atly täze gurulýan gämi syýahat ugurlaryny giňeltdi

“Lotos” gämigurluşyk zawodynda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan “Wladimir Žirinowskiý” atly ýolagçy gämisi Hazar deňzi boýunça syýahat etjek ugurlaryny has-da giňeltdi. Gäminiň diňe bir Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň deňiz portlaryna däl, eýsem Türkiýäniň kenarlaryna hem syýahat etmegine garaşylýar. Mälim edilşine görä, 310 ýolagça we 90 ekipaž agzasyna niýetlenen ýolagçy gämi 4 deňiz boýunça 6 ýurda syýahat eder.

Jümle-jahan habarlary

Ýol üçin ýelim Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň alymlary ýörite ýelimiň kömegi bilen berk ýol örtügini döretmäge mümkinçilik berýän üýtgeşik tehnologiýany işläp düzdüler. «Superýelim» diýlip atlandyrylýan ýelim suwda eredilen mikron ölçegli polimer bölekleriniň esasynda döredildi. Alymlaryň bu açyşy ýol gurluşygy pudagynda hil babatynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga ýardam berer. Adaty ýelimler ýol örtüginde ulanylanda, pugtalygy bilen tapawutlanmaýar. Ýöne russiýaly alymlaryň oýlap tapan ýelimi topragyň dürli görnüşlerini birleşdirip, olary örän berk ýol örtügine öwürmäge ukyplydyr. Bu tehnologiýanyň ulanylmagy täze ýollary gurmagyň we ozaldan barlaryny abatlamagyň bahasynyň arzanlamagyna hem ýardam berer.

Ýüzýän muzeý

Hytaýyň Siçuan welaýatynyň paýtagtynda «Çengdu» ylmy (fantastika) muzeýi açyldy. Muzeýiň iň möhüm aýratynlygy, ony synlanyňda, suwuň üstünde ýüzýän şekilindäki görnüşidir. «Çengdu» ylmy (fantastika) muzeýi ýedi burçly metal ýyldyz görnüşinde bina edilipdir. Muzeý «Worldcon» diýlip atlandyrylýan Bütindünýä ylmy fantastika kongresini geçirmek üçin 2023-nji ýylda meşhur «Zaha Hadid binagärlik» edarasynyň binagärleri tarapyndan döredildi. 59 000  inedördül metr meýdany tutýan muzeý taslamasynyň dolandyryjylary bu ululykdaky muzeýiň gurluşyna 5 ýyla çenli wagt gerek boljakdygyny aýdypdylar, emma onuň gurluşygy 12 aýda tamamlandy. Binagär Floresyň topary sanly modelleri we dürli dizaýn programma üpjünçiligini ulanyp, gurluşyk işini çaltlaşdyrdy. Muzeýiň üçeginde ýerleşdirilen Gün panelleri muzeýiň binasynda elektrik çeşmesi hökmünde ulanyldy. Emeli ýagtylyga bolan zerurlygy azaltmak üçin içerki dizaýnda uly we giň penjireler ýerleşdirildi.

Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlary Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde tehniki gonuş edýär

Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlary Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde tehniki işler üçin gonmagy dowam etdirýärler. Şeýlelikde, ýanwar aýynyň başyndan GeoSKY (Gruziýa), MNG (Türkiýe) we Terra Avia (Moldowa) uçarlary howa menziline gondy. Bu barada howa menziliniň resmi web sahypasynda habar berildi. GeoSKY awiakompaniýasynyň 2024-nji ýylda Türkmenabadyň Halkara howa menzili bilen hyzmatdaşlygy ýola goýandygyny ozal habar beripdik.

"Türkmenistan" awiakompaniýasy Hoşimin, Milan, Jidda, Bangkok, Kuala Lumpur ugurlary boýunça awiabiletleri satyp başlady

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan Aşgabat – Kuala Lumpur – Aşgabat, 16-njy fewralyndan Aşgabat – Jidda – Aşgabat, 5-nji martyndan Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat, 6-njy martyndan Aşgabat – Milan – Aşgabat ugurlary boýunça halkara uçuşlaryň açylýandygy barada habar berýär. Bu ugurlara awiabiletleri resmi web sahypadan, şeýle hem Türkmenistanyň ähli awiabilet satýan kassalarynda we daşary ýurtdaky wekilhanalarymyzyň satuw nokatlarynda satyn alyp bolýar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Jidde we Kuala-Lumpura gatnawlara başlaýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde uçar gatnawlarynyň toruny giňelder we awiakompaniýa Saud Arabystanynyň Jidde hem-de Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherlerine awiagatnaw hyzmatyny berip başlar. Kuala-Lumpur şäheirne gatnawlar 15-nji fewralda, Jidde şäheirne bolsa 16-njy fewralda başlanar. “AeroRoutes” kompaniýasynyň saýtynyň maglumatyna görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Jidde şäherinde hepdede 3 gezek, Kuala-Lumpura bolsa, hepdede 2 gezek uçar gatnawlaryny ýerine ýetirer.

“Eşretli syýahat”: Türkiýä üçin arzan bahaly bilet

Ýokary hilli syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýän “Eşretli Syýahat” hojalyk jemgyýeti Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugry boýunça arzan bahaly bilet mümkinçiliginden peýdalanmaga çagyrýar. “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawynyň awiabiletiniň bahasy bary-ýogy 490 ABŞ-nyň dollaryna deňdir. «Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky ygtyýarlandyrylan agentlerinden “Eşretli Syýahat” hojalyk jemgyýetiniň kassalaryndan Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugry boýunça arzan bahaly biletleri satyn alyp bilersiňiz. Bu arzan bahaly biletleri 2024-nji ýylyň 31-nji martyna çenli döwür üçin satyn alyp bilersiňiz.

Täze «Boeing 777-300ER» kysymly ýolagçy uçary Aşgabat — Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrdy

Aşgabadyň Halkara howa menziline gelen ikinji täze «Boeing 777-300ER» kysymly ýolagçy uçary Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrdy. Bu barada TDH ýazýar. Döwrebap howa gämisi 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply. Onda 2 sany «GE90-115BL2» görnüşli hereketlendiriji ornaşdyrylan. Bu uçaryň uçuş uzaklygy 11 390 km deň bolup, ol 40 tonna çenli göwrümli ýük bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýär.

«Flydubai» türkmen uçarmanlary üçin okuwlary geçirer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň arasynda uçarmanlary taýýarlamak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berýär. Ähtnama laýyklykda, taraplar «Flydubai» ygtyýarnama merkezinde uçarmanlar üçin okuw hyzmatlaryny bermek mümkinçiligine garamakçy. Okuw «Boeing 737» kysymly uçarda geçiriler.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat – Abu-Dabi ugry boýunça uçuşlary gaýtadan dikeltdi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy uçar gatnawlarynyň gaýtadan dikeltdi. Onuň ilkinji uçuşy 5-nji ýanwarda ýerine ýetirildi. Degişli ugra ýolagçy uça gatnawlarynyň gaýtadan dikeldilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine saparynyň wagty bilen gabat geldi. Bu saparyň barşynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýär.

"Flydubai" Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny giňeltmäge taýýar

Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet awiakompaniýasy - "Flydubai" Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny giňeltmek, şeýle hem bu ugurda işgärler düzümini taýýarlamak we maddy-enjamlaýyn ugurlarda ýurduň awiasiýa pudagy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr. Bu barada "Dubai Aviation" korporasiýasynyň (Flydubai) täjirçilik direktory Hamad Obeýdalla türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda mälim etdi.

Türkmenistana bir aýyň içinde iki "Boeing" uçary getirildi

Türkmenistan raýat awiasiýasyny ösdürmek bilen bagly 2030-njy ýyla çenli kabul eden milli maksatnamasyna laýyklykda bu pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrýar. Türkmenistanyň awiasiýa parkyna raýat gatnawlaryna niýetlenen "Boeing 777-300" kysymly uçaryň nobatdakysy gelip gowuşdy. Bu Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň gol çeken Karary esasynda soňky bir aýda Türkmenistana getirilen uçarlaryň ikinjisidir. Şeýle ýolagçy uçaryň ilkinjisi geçen ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabadyň Halkara howa menziline gonupdy.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine uçuşlaryny dowam etdirer

Türkmenistanyň howa ýollary Aşgabatdan Milana (Italiýa), Kuala-Lumpura (Malaýziýa), Jidda (Saud Arabystany) we Hoşimine (Wýetnam) uçuşlaryny dowam etdirer. Muny turkmenistanairlines.tm web sahypasyndaky täzelenen maglumatlar görkezýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtyndan Jidda (4322.5 TMT) we Hoşimin 6002.5 TMT) uçuşlaryna petekleriň onlaýn satuwy başlandy.

Hytaý özüniň ýolagçy uçaryny şu ýyl daşary ýurtly hyzmatdaşlara hödürlär

2024-nji ýylda Hytaý daşary ýurtly müşderilere özüniň "COMAC C919" ýolagçy uçaryny hödürläp başlar. Häzirki wagtda bu görnüşli täze uçarlaryň diňe üçüsi yzygiderli ýolagçy gatnawlary amala aşyrýar. "COMAC C919" uçarynyň Hytaýdan daşarda geçirilýän awiauçarlaryň dürli halkara şüweleňine işjeň gatnaşmagyna garaşylýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar

Ýanwar aýynyň başyndaky ýagdaýa görä, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 8 ýurda 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen uçuşlaryň tertibinde habar berilýär. Uçuşlaryň aglaba bölegi Russiýa Federasiýasyna amala aşyrylar. Has takygy, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary Moskwa (3655,8 manat) hepdede 5 gezek we Kazana (4954,3 manat) bolsa hepdede 4 gezek gatnar. Petekleriň bahasy turkmenistanairlines.tm saýtynda görkezilendir.

Meşhur bazarlar

Orta asyrlardan gözbaş alýan we adatça, Ýewropanyň şäher merkezlerinde geçirilýän Täze ýyl bazarlary häzirki wagtda Aziýadan Amerika çenli bütin dünýäde duş gelýär. Geliň, hemmelere şatlyk paýlaýan dünýäniň Täze ýyl bazarlaryna aýlanalyň! Wena