Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlary Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde tehniki gonuş edýär

17 Ýanwar 2024
981

Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlary Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde tehniki işler üçin gonmagy dowam etdirýärler. Şeýlelikde, ýanwar aýynyň başyndan GeoSKY (Gruziýa), MNG (Türkiýe) we Terra Avia (Moldowa) uçarlary howa menziline gondy. Bu barada howa menziliniň resmi web sahypasynda habar berildi.

GeoSKY awiakompaniýasynyň 2024-nji ýylda Türkmenabadyň Halkara howa menzili bilen hyzmatdaşlygy ýola goýandygyny ozal habar beripdik.

Beýleki habarlar