"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Howpsuzlyk düzgünlerini unutmaň!

Mähriban ildeşler! Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy sizi gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmeklige çagyryp, şulary ýatladýar: elektrik enjamlaryny gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan amala aşyrylyp, enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderlikde gözegçilik etmeli. Elektrik sarp edijiligi ýokary bolan enjamlar gurnalanda elektrik tok ulgamy aýratynlykda geçirilip, elektrik tok geçirijiniň ugrunda goraýjy oturdylmaly. Enjamlaryň birikdirijileriniň gyzmagynyň öňüni almak üçin, olaryň berk gysylyp durmagyny üpjün etmeli. Elektrik geçirijileriniň sütünleri berkidilende ýönekeý usulda sarap goýmak, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, elektrik geçirijileriniň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşini ulanmak, elektrik setini çendenaşa artyk işletmek ýa-da iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmak talabalaýyk däldir. Hormatly ildeşler! Ýaşaýyş, edara jaýlaryndan gitmezden öň ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, elektrik enjamlaryň öçürilendigini barlamagy unutmaň!

«Aşgabatgaz» müdirligi ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazdan rejeli we tygşytly peýdalanmak baradaky haýyş bilen Aşgabat şäheriniň ähli ilatyna ýüzlenýär

Sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleriň hasaplamalary, gaz ölçeýji enjamyň görkezijileri boýunça alnyp, onuň 1000 (bir müň) kub metr gazyň bahasy 20 (ýigrimi) manada deň. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde elektron töleg terminallar we mobil telefon arkaly «Milli paý» we «Milli ÝJH» programmalaryň üsti bilen töleg geçirip bolýar. Tölegler şu salgylar boýunça kabul edilýär: Köpetdag etrabynyň G.Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy, telefon belgisi: 92-67-18.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdäniň dowamynda hamallaryň durmuşynda birbada birnäçe wakalaryň ýüze çykmagy mümkin. Şonuň üçin bu döwürde size diňe özüňize bähbitli işler bilen meşgullanmak maslahat berilýär. Ähli meselelerde öňdebaryjy bolmak iş meýilnamalaryňyza ýaramaz täsir edip biler.

Alkyş sözleri aýdyldy

Ýakynda maýor Orazdurdy Meredowyň serkerdelik edýän harby bölüminde 2024-nji ýylyň ýaz möwsüminde çagyryş boýunça harby gulluga gelen esgerleriň harby kasam kabul edişlik dabarasy geçirildi. Bu dabarada eginlerine harby lybasy geýip, harby durmuşa gadam basan ýaş esgerler ýaşyl Tugumyza togap edip, buýsanç bilen kasam kabul etdiler. Ýaş esgerleriň buýsançly gutlag sözleri dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Gutlaglaryň esasy mazmunynda merdana Watan goragçylarynyň mynasyp derejede harby gullugy alyp barmaklary üçin ähli mümkinçilikleri, ajaýyp şertleri döredýän hormatly Prezidentimize aýdylan alkyş sözleri özüniň mynasyp ornuny tapdy. ***

Dünýä nusgalyk seýilgäh

Golaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary bilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna medeni gezelenç guraldy. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda şu ýylyň maý aýynda ak mermerli paýtagtymyzyň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurluşygyna başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bu medeni-seýilgäh toplumynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda açylmagy akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna ajaýyp sowgatdyr. Harby talyplar gezelenjiň dowamynda bu medeni-seýilgäh toplumynyň esasy ýodasynyň ugrunda jahanyň çar ýanynda umumadamzat gymmatlyklaryny wasp edýän eserleri döredip, sungat dünýäsinde öçmejek yz goýan ussatlaryň heýkelleriniň 24-siniň oturdylmagynyň halklary has-da ýakynlaşdyrýandygyna göz ýetirdiler. Hakykatyň hatyrasyna aýtmaly bolsa, bu seýilgähe geleniňde özüňi ruhubelent we joşgunly duýýarsyň. Seýilgähde Şota Rustaweliniň, Rabindranat Tagoryň, Ýanka Kupalanyň, Wilýam Şekspiriň, Çingiz Aýtmatowyň, Ýunus Emre we Alyşir Nowaýy ýaly ägirtleriň döredijiliginden ylham alýarsyň. Mahlasy, harby talyplar medeni gezelenjiň dowamynda akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmegiň möhüm ähmiýete eýedigine

Akyldary hormatlap

Ýakynda maýor Şöhrat Orazdurdyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde il sylagly ýaşulularyň we TMÝG-niň etrap geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada giňişleýin gürrüň edildi. Şahyryň dürli temadaky şygyrlarynyň arasynda watançylyk, gahrymançylyk, mert, edermen ýigitleri terbiýeläp ýetişdirmäge degişli goşgularynyň uly orun tutýandygy barada aýdyldy. Wagyz-nesihat duşuşygy oňa gatnaşan harby gullukçylarda uly täsir galdyrdy. Gülälek TAGANOWA,maýor.

Beýik akyldara bagyşlap

Öz halkyňy söýüp, beýiklige, mertebä ýetip bolýar. Dünýä nusgalyk eserleri bilen ynsanlaryň aň-düşünjesiniň kämilleşmeginde, baýlaşmagynda uly hyzmatlary bitiren, türkmen jemgyýetini kämillige ugrukdyryjy ynsanperwerlik, watançylyk ruhly söz keramatyny döreden akyldar şahyrlarymyzyň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Şahyry millilik çäklerinden çykaryp, ony bütin adamzat şahyryna öwren zat onuň öz halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsidir, il-gün hakyndaky aladasydyr. Akyldaryň öz döwründe dünýä, ynsan, ýaşaýyş baradaky pelsepewi garaýyşlary, jemgyýetiň, adamlaryň ruhy kämilligi baradaky wesýetleri halkyna bolan beýik söýgüsiniň netijesidir. Magtymgulynyň şahyrana dünýäsi giňdir. Şahyr döwrüniň ahlagyna, medeniýetine öz sesini goşan şahsyýet. Magtymguly — terbiýe mekdebi. Ol ahlak, päk söýgi, watançylyk, gahrymançylyk barada söhbet edýär. Nesilleri watançylyk, gahrymançylyk, päk ahlaklylyk duýgusy esasynda terbiýelemäge aýratyn üns berýär. Dana Pyragy ynsan kalbyny heýjana salýan ynsanperwer şahyrdyr. Biz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde beýik akyldaryň arzuwlan eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýarys. Ynha, beýik akyldaryň adyny uly buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap geňeşi şahyryň şygryýeti arkaly ýaşlary watançylyk, gahrym

Serhetden başlanýan gözellikler

Gadymy Merw topragyna tarap ýola düşen otly döredijilik toparymyza mukaddes ýerleriň täsinliklerini, tebigat gözelliklerini görkezmäge howlugýan ýaly öňe okdurylyp barýardy. Otlynyň aýnasyndan daş-töweregi synlap barşymyza, gijäniň asuda asmanyny ýagtyldyp süýnüp giden ýyldyza seredip, hut çagalyk ynanjym bilen arzuwlara berlenimi duýman galdym. Ençeme menzilleri söküp, welileriň mesgen tutan keramatly topragyna gelip düşdük. Bu ýere tyllaýy Günüň şugla saçyşy-da üýtgeşik. Ilerde türkmen halysyny ýatladýan sähranyň owadanlygy gözleriňi dokundyryp ýaýylyp ýatyr. Tebigatyň gözelliklerini synlap, podpolkownik Nazarhan Ataýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesine gelenimizde, döredijilik toparymyzy mähirli garşylan terbiýeçi serkerde, maýor Ýollymyrat Tomanow bize serhet birikmede harby kasam kabul edişlik dabarasynyň geçirilýändigini habar berdi. Biz begenip, göni şol ýere tarap ugradyk. Dabaraly harby kasamy ak ýürekden ýerine ýetirýän merdana serhetçilerimiziň ýüzlerindäki şatlygy görenimizde, uzak ýoluň ýadawlygyny dessine egnimizden aýrylan ýaly boldy. Gör, bu ýatdan çykmajak bagtly pursatlar nijeme ýigitleriň durmuş kitabyna ýazylandyr?! Ata Watanyň goragyna girişýän ýigitleriň ýaşyl Tugumyzyň synyndan öpüp, harby kasamy ak ýürekden ýerine ýetirip duran pursatlaryny synlanyňda, türkmen halkynyň ganynda hem ýüreginde bu mukaddes topraga bolan söýginiň beýikdigine ýene bir gez

Ezber ýetginjekler

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Ýaş halasgär» atly merkezara bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň maksady mekdep okuwçylarynda türkmen halkyna mahsus bolan mertlik, edermenlik, batyrlyk, gaýratlylyk, gaýduwsyzlyk, ynsanperwerlik, lebzihalallyk ýaly ahlak sypatlaryny kemala getirmek, raýat goranyşyna we dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk endiklerini, başarnyklaryny ösdürmek, bilimlerini artdyrmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşige 12 — 14 ýaş aralygyndaky ýetginjeklerden düzülen toparlar gatnaşdy. Onuň şertleriniň ýerine ýetirilişine has işjeň gatnaşyp, gowy netijeleri görkezendigi üçin «Nebitçi» 1-nji, «Beýik Serdaryň nesilleri» 2-nji, «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňiji toparlar guraýjylaryň adyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de göçme kubok bilen sylaglandylar.

Rowaç ýollarymyzyň şamçyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde, Magtymguly Pyragy we onuň edebi mirasy umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşuldy. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň döwlet durmuşynyň ynsanperwer ugurlarynda dana Pyragyny halkara derejesinde wagyz etmek bilen baglanyşykly alyp barýan ajaýyp syýasatynyň netijesinde biziň dünýämize ornaýar. Dana Pyragynyň döredijilik dünýäsi ynsan kalbynyň köňül kelamy bolup, ol adamzadyň durmuş ýörelgelerini salgy berýär, halkara gatnaşyklarynda, döwletiň durmuş-ykdysady ösüşinde we jemgyýetiň kämilleşmeginde ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Dünýä içre dünýä bolup, şygryýete, edebiýata, medeniýete, mahlasy, külli türkmene nur saçýan Magtymguly Pyragy dünýä halklaryny bir supranyň başyna jemledi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen «Magtymguly» atly täze kitap neşir edildi. Täze neşiriň akyldar şahyr bilen baglanyşykly fotosuratlar bilen bezelmegi okyjyda özboluşly täsir galdyrýar.

Guwançly görkezijiler — üstünlige badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda guwançly netijeler, şanly wakalar bilen dabaralanýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylyp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz çalt depginlerde durnukly ösüşleriň döwrüni başdan geçirýär. Gurlup, ulanylmaga berilýän öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary ýurdumyzyň ösüşiniň ynamly gadamlaryna itergi berýär. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady-durmuş taýdan ösüş-özgerişi bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagynyň kepili bolup hyzmat edýär. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda üstümizdäki ýylyň geçen alty aýynda gazanylan görkezijilere, ýetilen belent sepgitlere jikme-jik seljerme berildi.

Belent sepgitleriň zamanasy

Bähbitli işler gerim alýar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işler rowaç alýar. Şu işler bolsa, Garaşsyz döwletimizi syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmäge gönükdirilendir.

Rowaçdyr ýollaryň, Watan!

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda ýurdymyz uly üstünliklere beslenýär, halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Şeýle döwranly döwrümizde ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamyndaky ösüş-özgertmeler hem ýokary derejä çykýar. Döwletimizde bilimiň derejesini artdyrmakda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda ýurdumyzda beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biz hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gujurly zähmet çekip, bu ugurdaky döwletli işlere öz mynasyp goşandymyzy goşýarys.

Raýat hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagynyň esaslary

Ýurdumyzda kabul edilýän kämil kanunlar raýatlaryň hukuklarynyň goragynda durmak bilen, olaryň hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagynyň esaslaryny kesgitleýär. Berkararlygymyzyň we döwletliligimiziň kepili bolan Konstitusiýamyzyň 2-nji bölümi adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, borçlary baradadyr. Onda Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýändigi, Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýändigi aýdylýar. Raýat hukuklary we borçlary hukuk ýagdaýynyň esasynda ýüze çykýar, üýtgedilýär hem-de ýatyrylýar. Hukuk ýagdaýlar hukuk kadalaryna laýyklykda belli bir hukuk netijelere getirýär. Hukuk ýagdaýlar raýat hukuklaryny kazyýet tertibinde goramak üçin ýüz tutulanda, talap esas bolup hyzmat edýär. Raýat hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagynyň, üýtgedilmeginiň we bes edilmeginiň esaslary Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 8-nji maddasynda beýan edilýär.

Akyldar şahyryň goşgularynda bedew waspy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlar aşyp gelen milli gymmatlyklaryna uly hormat-sarpa goýulýar. Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde aýratyn orny eýeleýän behişdi bedewlerimiz hem şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlygymyzdyr. Ýurdumyzda dabarasy uludan tutulýan şanly senelerde, milli baýramçylyklarda dal bedewlerimiz tomaşaly toýlaryň bezegine öwrülýär. «Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda dünýäniň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, owadanlygy we ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz parasatlylyk bilen belleýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Kämil ulgamyň mümkinçilikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň zamanasy bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryna häzirki zaman tehnologiýalarynyň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna badalga berýär. Ýurdumyzda ykdysady ösüşleriň ýokarlanmagynda sanly ykdysadyýete giň gerim berilmegem uly ähmiýete eýe bolýar.

Şadyýan tomus — 2024

Bal çagalar şat ýaýnaýar diýarda Hemmämize mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Mekdep okuwçylary döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine dynç almaga gidýärler. Biz hem çagalaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ýollanma esasynda olary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ugradýarys.

Öri meýdanlaryny ýangyndan goralyň!

Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Baýramaly etrap ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň maýory Döwletmyrat AMANGYLYJOW bilen duşuşyp, öri meýdanlaryny ýangyndan goramagyň kadalary barada gürrüň bermegi haýyş etdi. — Tomus aýlarynyň yssy günleriniň başlanmagy bilen öri meýdanlarynda otlar gurap başlaýar. Şeýlelikde, meýdanlarda ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmagyna örän amatly şertler döreýär. Ýangyn hadysasy raýatlaryň janyna we saglygyna, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz otdur. Ýangyn hadysasy öri meýdandaky otlardan başga-da, däne ekinlerine, tokaýlara, sazakdyr çerkezlere zyýan ýetirýär. Şol sebäpli öri meýdanlarda ýangyn hadysasynyň döremeginiň öňüni almak we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek üçin şulary maslahat berýäris:

Ýaş nesil hakyndaky alada

Tomus — 2024 Çagalar biziň geljegimizdir. Olar adamzat ýaşaýşynyň many-mazmuny, maşgala durmuşynyň bezegi, jemgyýetiň geljegi saýylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak hem-de hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak boýunça ygtybarly durmuş şertleri döredilýär.

Çagalaryň şadyýan, şatlykly günleri

Çagalar üçin iň bir hezil döwür bolan tomus pasly dowam edýär. Olar sapaly günlerde gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan «Daýanç», «Arzuw», «Ahal», «Balkan», «Daşoguz», «Lebap», «Mary» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döwrebap dynç alýarlar, her bir gününi şatlykly, peýdaly geçirýärler. Syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ýurdumyzyň dürli künjeklerinden çagalar dynç almaga gelýärler. Olar «Awaza» akwaparkynda hem-de «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» oýun-attraksionly seýilgählerde gezelençlerde bolup, wagtlaryny şatlykly geçirýärler. Çagalar gezelenç etmegi, syýahata gitmegi halaýarlar. Ýatdan çykmajak täsir galdyrýan ýerler bolsa az däl. Türkmenbaşy şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri-de muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergiler bilen ýygy-ýygydan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde myhmançylykda bolýarlar. Muzeýiň guraýan sergileri çagalarda uly gyzyklanma döredýär. Sergiler çagalaryň watansöýüjilik duýgularyny ösdürip, olarda röwşen geljege bolan ynamy kemala getirýär.