Serhetden başlanýan gözellikler

17 Iýul 2024
426

Gadymy Merw topragyna tarap ýola düşen otly döredijilik toparymyza mukaddes ýerleriň täsinliklerini, tebigat gözelliklerini görkezmäge howlugýan ýaly öňe okdurylyp barýardy. Otlynyň aýnasyndan daş-töweregi synlap barşymyza, gijäniň asuda asmanyny ýagtyldyp süýnüp giden ýyldyza seredip, hut çagalyk ynanjym bilen arzuwlara berlenimi duýman galdym. Ençeme menzilleri söküp, welileriň mesgen tutan keramatly topragyna gelip düşdük. Bu ýere tyllaýy Günüň şugla saçyşy-da üýtgeşik. Ilerde türkmen halysyny ýatladýan sähranyň owadanlygy gözleriňi dokundyryp ýaýylyp ýatyr.

Tebigatyň gözelliklerini synlap, podpolkownik Nazarhan Ataýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesine gelenimizde, döredijilik toparymyzy mähirli garşylan terbiýeçi serkerde, maýor Ýollymyrat Tomanow bize serhet birikmede harby kasam kabul edişlik dabarasynyň geçirilýändigini habar berdi. Biz begenip, göni şol ýere tarap ugradyk. Dabaraly harby kasamy ak ýürekden ýerine ýetirýän merdana serhetçilerimiziň ýüzlerindäki şatlygy görenimizde, uzak ýoluň ýadawlygyny dessine egnimizden aýrylan ýaly boldy. Gör, bu ýatdan çykmajak bagtly pursatlar nijeme ýigitleriň durmuş kitabyna ýazylandyr?! Ata Watanyň goragyna girişýän ýigitleriň ýaşyl Tugumyzyň synyndan öpüp, harby kasamy ak ýürekden ýerine ýetirip duran pursatlaryny synlanyňda, türkmen halkynyň ganynda hem ýüreginde bu mukaddes topraga bolan söýginiň beýikdigine ýene bir gezek anyk göz ýetirýärsiň. Hut şol ýerde esger balalarynyň şatlykly gününe şaýat bolýan mähriban käbelerimiziň begenjini göreniňde, ene sargytlaryny eşideniňde, buýsançdan ýaňa gözleriň ýaşaranyny hem duýman galýarsyň.

Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.