"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gatnaw pudagyny ösdürer

Ýewropa Bileleşigi durnukly we «akylly » ulag infrastrukturasyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan taslamalara 7 milliard ýewro goldaw berer. Ýewropa Komissiýasy daşky gurşaw bilen bagly maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin jemi 134 ulag taslamasyny maliýeleşdirer. Olaryň arasynda demir ýol şahalary, içerki derýa ýollary, awto ýollary we deňiz portlary bar. Şeýle hem howa menzilleriwe multimodal logistika taslamalary hem durmuşa geçiriler. Mundan başga- da, bileleşige agza bolmadyk goňşy ýurtlaryň logistika taslamalaryna goldaw berler. Bu taslamalaryň köpüsi sebitiň serhetüsti ýollarynyň gowulandyrylmagy bilen baglydyr.

8 asyrlyk däp: guwlar sanalýar

Angliýada 1186-njy ýyldan bäri dowam edýän däbe görä, her ýyl guwlar sanalýar. 838-nji gezek geçirilýän bu çärede guwlaryň jüýjeleri bilen bir hatarda eýeleri hem hasaba alynýar. Bu çäre her ýylyň iýul aýynyň üçünji hepdesinde, jüýjeleriň entek uçup başlamadyk wagtynda Temza derýasynyň 127 kilometrlik böleginde geçirilýär. Ilkinji gezek 1186-njy ýylda derýada ýaşaýan guwlar hususy eýeçilikden Patyşanyň hasabyna geçirilende bu guşlar sanalypdyr. Bu döwürde guwlar maşgala bolup ýaşaýandygy üçin sanamak aňsat bolýar. Bu jandarlar 5 günüň dowamynda sanalýar. Guwlar hasaba alnanda olaryň jüýjeleriniň sagatlygyna seredilýär, ululygy we agramy ölçenýär. Hasaba alnan guwlaryň aýagyna bellik goýulýar. Irki döwürde barjamly adamlar guw saklapdyr. Olaryň çüňklerine kime degişlidigini görkezýän bellik goýlupdyr. Agramy 10 kilograma barabar bolan bu guşlar iýmit hökmünde saçaklary bezäpdir. Guwlaryň nesliniň dowam etmegi üçin olar her ýyl derýa goýberilipdir. Kanuna görä derýanyň kenaryndaky ähli guwlar Patyşanyň emlägine degişli bolsa- da, umumy uzynlygy 346 kilometre ýetýän Temza derýasynyň diňe 130 kilometrlik bölegindäki guşlaryň hasaby çykarylýar. Patyşanyň ygtyýar bermegi bilen XV asyrdan bäri guwlary «Dyers» we «Vintners » kompaniýalary sanaýar. Derýanyň degişli bölegindäki ozal bellik goýulmadyk guwlar Patyşanyňky diýlip hasaplanýar we bellik edilmezden suwa goýberilýär. Guwlaryň di

Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden goranyň!

Tomus paslynda howanyň derejesiniň aşa ýokarlanmagy netijesinde Günüň şöhlesi ýitileşýär. Şonuň üçin hem jöwzaly tomus günlerinde Günüň aşagynda gözegçiliksiz oýnaýan çagalarda ýa-da açyk meýdanda işleýän adamlarda Gün urma bolýar. Gün urma daşarda uzak wagtlap Gün şöhlesiniň aşagynda başgapsyz ýa-da saýawansyz gezilse bolup bilýär. Günüň ýiti şöhlesi adamyň kellesine we derisine düşüp, beýniniň gyzmagyna getirýär. Gün urmada kellagyry, ysgynsyzlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň çaltlanmagy, demgysma, beden agyrylary, göz görejiniň ulalmagy, gaýtarmak ýaly alamatlar bolýar. Günüň şöhlesiniň aşagynda uzak wagt gezilse, merkezi nerw ulgamyna zeper ýetýär, demgysma peýda bolýar, adamyň ýüz keşbiniň reňki üýtgäp, kähalatlarda adamyň huşuny ýitirmegi ýaly hadysalar ýüze çykýar. Şeýle alamatlar bolanda haýal etmän ilkinji kömek bermeli we Tiz kömegi çagyrmaly. Gün uran adamy ilkinji nobatda tiz wagtyň içinde kölegä ýa-da salkyn otaga geçirmeli, kellesini beýigräk ýassykda goýup, aýaklaryny az-kem ýokary bolar ýaly edip ýatyrmaly. Daşky egin-eşiklerini açyşdyryp, gowy dem almagyna kömek bermeli. Bedeni gysyp duran kemer ýa-da sintetik eşik bar bolsa aýyrmaly. Ejir çeken adama sowuk suw içirmeli. Ýüzüni sowuk suw bilen ýuwmaly, kellesine, goltugynyň aşagyna, döşüne sowuk suwa ezilen esgi goýmaly. Ýürek damjasyndan korwalol içirmeli, naşatyr spirtini ysgatmaly. Tomus pa

Tölegli girişden 2,2 million ýewro gazanyldy

Şu ýylyň aprel aýyndan başlap Italiýanyň Wenesiýa şäheri günin girjek myhmanlar üçin tölegli edilipdi. Şu aýyň ortasynda synag maksady bilen ýola goýlan bu düzgüniň möhleti tamamlandy. Düzgüne görä, hepdäniň köp adamly belli günlerinde şäherdäki myhmanhanalarda ýatymlyk galmajak syýahatçylardan 5 ýewro töleg alynýar. Şäheriň ýerli häkimiýeti häzire çenli bu düzgün arkaly jemi 2,2 million ýewro pul ýygnalandygyny mälim etdi. Şähere giriş 25- nji aprelden 14-nji iýul aralygynda jemi 29 gün, 8:30-dan 16:00 aralygynda tölegli edildi. Töleg etmek örän aňsat bolup, munuň üçin ýörite mobil goşundysy döredildi. Maglumatlara görä, bu wagtyň dowamynda 440 müň adam tölegli günlerde şähere giripdir. 14 ýaşdan kiçiler, şäheriň ýaşaýjylary ýa-da ol ýerde işleýänler we okaýanlar, gezelenç üçin topar bolup şähere barýan okuwçylar, myhmanhanada ýaşaýanlar tölegden boşadyldy. Maglumatlara görä, tölegli giriş döwründe şähere barýanlaryň sanyazalmandyr. Tölegli girişiň geljek ýyldan başlap hemişelik edilmegi meýilleşdirilýär. 1950-nji ýylda şäheriň ilaty 175 müň töweregibolan bolsa, 2022-nji ýylda 50 müňden aşak düşüpdi. Şähere her ýylda 30 million töweregi myhman barýar. Geçen ýyllarda şähere barýan uly ýolagçy gämileriň girmegi çäklendirilipdi. Arzygül ORA ZMY RA DOWA , Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň «Okyjylara hyzmat etmek» bölümçesiniň kitaphanaçysy.

Aýyň ýüzünde gowagyň bardygy anyklandy

Astronomlar ilkinji gezek Aýyň ýüzünde gowagyň bardygyny anykladylar. Çuňlugy 100 metre barabar bolan bu oýugyň Aýda hemişelik ýaşamaga niýetlenen desganyň gurluşygy üçin has amatly şertleri döretjekdigi bellenilýär. Astronomlar şeýle oýuklaryň başga- da ýüzlerçesiniň bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Aýda hemişelik ýaşamaga niýetlenen desga gurmak üçin radiasiýadan aşa yssy ýa-da sowuk howadan goranmaly bolar. Kosmosa çykan ilkinji iňlis kosmonawty Helen Şarman geljek 20-30 ýylda Aýda bu oýuklarda ýaşamak üçin desga gurup biljekdiklerini aýdýar. Ýeriň hemrasyndaky äpet çukury Italiýanyň Trento uniwersitetiniň ylmy işgäri Lorenzo Bruzzone we Leonardo Karrer tapypdyr. Bu çukuryň Asudalyk deňzi (Mare Tranquillitatis) atly düzlükde ýerleşýändigi mälim edildi. Asudalyk deňzi atly düzlük göz bilen seredilende Aýyň ýüzünde tegmil ýaly bolup görünýär. Çukuryň düýbüniň has giň bolmagynyň mümkindigi bellenilýär. Ony has ýakyndan öwrenmek üçin robotlardan we kameralardan peýdalanyp bolar. Astronomlar 50 ýyl çemesi ozal Aýyň ýüzünde çukurlaryň bolup biljekdigini anyklapdylar. Resulberdi NUR BER DIÝEW , Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Goşa galaktika tapyldy

Jeýms Webb adyndaky kosmos teleskopy arkaly 326 million ýagtylyk ýyly uzaklykda gök reňkli ýyldyzlardan we gaz bulutlaryndan emele gelen iki galaktika anyklandy. Bu galaktikalar bir-birleriniň içine girip duran ýagdaýynda surata düşürildi. NASA- nyň astronomlary bu iki galaktikanyň on millionlarça ýyldan bäri bir-birine «ýapyşyp » durandygyny belleýärler. Astronomlaryň bellemeklerine görä, bu galaktikalar milliardlarça ýyldan soňra birleşip, bitewi galaktika öwrüler. NASA şeýle ýagdaýyň 4 milliard ýylyň dowamynda Akmaýanyň ýoly galaktikasy bilen Andromeda galaktikalarynyň arasynda hem bolup geçjekdigini belledi. Jeýms Webb teleskopy 2021-nji ýylyň ahyrynda Habbl kosmos teleskopynyň ornuny tutmak üçin uçurylypdy. Kosmosyň çuňluklarynda has dury suratlary almaga mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýanyň önümi bolan bu teleskopy ABŞnyň awiakosmos agentligi (NASA) bilen bir hatarda Ýewropa Kosmos agentligi hem-de Kanada Kosmos agentligi bilelikde işläp taýýarlady. Gurbanmämmet A manow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Magtymguly etrap birleşmesiniň başlygy.

Işçisiz işleýän zawod

«Xiaomi » kompaniýasy işçä zerurlyk duýmaýan dünýädäki ilkinji zawody tanyşdyrdy. Jemi 11 sany önümçilik konweýeri bolan zawodda her üç sekuntda bir smartfon öndürip bolar. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Jun bu barada jemgyýetçilik torunda habar berdi. Önümçilik desgasy dolulygyna awtomatlaşdyrylan bolup, bu ýerde robotlar hem işledilýär. «Akylly » ulgam näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda ony bejerip bilýär. Meýdany 81 müň inedördül metre barabar bolan zawody gurmak üçin 330 million dollar sarp edilipdir. Bu ýerde her üç sekuntda bir sany «MIX Fold 4» hem-de «MIX Flip» smartfony öndüriler.

Kompýuter satuwy artdy

Şu ýylyň ikinji çärýeginde kompýuter satuwynyň 3 göterim artandygy mälim edildi. Munda emeli aň tehnologiýasyna bolan gyzyklanmanyň täsiriniň bardygy bellenildi. «International Data Corporation » (IDC) maslahat beriş kompaniýasynyň hasabatyna görä, ýylyň ikinji çärýeginde personal kompýuterleriň satuwy 64,9 milliona ýetipdir. Kompýuter satuwy geçen iki ýylda pese gaçandan soňra, şu ýylyň başynda gaýtadan artyp başlapdyr. Degişli döwürde iň köp ösüşi 20,8 göterim bilen «Apple » kompaniýasy hasaba alypdyr. Bu ugurda ikinji orundaky «Acer»-iň satuwy 13,7 göterim ýokarlanypdyr. «Lenovo Group» hem-de «HP Inc» kompaniýalarynyň satuwy degişlilikde 3,7 we 1,8 göterim köpelipdir. «Dell Technologies » kompaniýasynyň kompýuter satuwy bolsa 2,4 göterim azalypdyr. Bilermenler soňky alty aýda kompýuter satuwynyň artmagynda emeli aň tehnologiýasynyň täsiriniň uludygyny belleýärler.

Ösüş çaklamasyny mälim etdi

Halkara pul gaznasy dünýä ykdysadyýeti barada täze çaklama taýýarlady. Gazna şu ýyl global ykdysadyýetiň 3,2 göterim boljakdygyny mälim etdi. Geljek ýylda bolsa dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýeti ortaça 3,3 göterim bolar. Gazna mundan ozal aprel aýynda bu görkezijiniň 3,2 göterim bolmagyna garaşylýandygyny mälim edipdi. Çaklamada geçen ýyl az ösüş hasaba alnan ýewro sebitiniň ösüp başlajakdygy bellenildi. Aziýanyň ösüp barýan ykdysadyýetleri global ösüşe itergi bermegini dowam etdirer. Hindistandaky we Hytaýdaky ösüşiň hem ozalky çak edilişinden has ýokary boljakdygy aýdyldy. Emma geljek 5 ýylda ösüp barýan uly Aziýa ýurtlaryndaky ösüşiň azaljakdygy bellenilýär. Hytaýda 2024-nji ýyldaky ösüşiň 5 göterim, geljek ýyl 4,5 göterim, 2029-njy ýylda 3,3 göterim bolmagyna garaşylýar. Hindistanda bolsa üstümizdäki ýylda 7 göterim ösüş hasaba alnar.

Elektroulag satuwy ýokarlandy

Bazar barlaglaryny amala aşyrýan «Rho Motion » kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde elektroulaga bolan isleg ýokarlanýar. Geçen aý dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän hem-de zarýad berip bolýan gibrid ulaglaryň satuwy 13 göterim ýokarlanypdyr. Munda Hytaý bazarynyň täsiri uly bolupdyr. Şeýle- de bolsa, Ýewropada satuw pese gaçypdyr. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Çarles Lester elektroulaglaryň ýaýrawynyň artmagy hem-de BYD kompaniýasynyň satuwynyň ýokary bolmagy netijesinde Hytaý elektroulaglarynyň has köp satylandygyny mälim etdi. Iýun aýynda dünýäde jemi 1,4 million elektroulag satylypdyr. Bu görkezijiniň 60 göterimi, ýagny 860 müňi Hytaý bazarynda ýerlenipdir. Ýewropada bolsa elektroulag satuwy 7 göterim azalyp, 300 müň bolupdyr. ABŞ-da we Kanadada 6 göterim ösüş gazanylyp, 140 müň elektroulag satylypdyr. Ýylyň dowamynda dünýäde 16,6 million elektroulag satylmagyna garaşylýar.

Daýhan yhlasly – toprak bereketli

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, toprakdan bol hasyl almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli oba hojalyk özgertmeleriniň esasy maksady daýhanlaryň yhlasy bilen bol hasyl eçilýän türkmen topragynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekden we pudagy hasda ösdürmekden ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär, oba ilatynyň durmuş- ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli zerur işler durmuşa geçirilýär. Daýhanyň ýerden bol hasyl alyp, bereket tapmagy üçin amatly şertler döredilýär. Şu ýyl bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Daýhanlar kuwwatly tehnikalar, ýokary hilli tohumlar, dökünler bilen üpjün edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 24-nji iýunda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri » döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda iş maslahatyny geçirmegi hem bu pudagy ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň aýdyň güwäsine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň, döwletimiziň has uly bähbitlerini nazarlaýan çözgütlerinetijesinde geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistan

Dalaşgärleri ň resmin amalary kabul edilýär

15-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň, şeýle- de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly – 26-njy awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Bu möhüm möwsümiň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda Buýruga hem gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet toparyna 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk- usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly ed

TEBIGATY GORALYŇ!

Gyzgyn howaly günlerde öri meýdanlarynda ýangyn howpunyň döremek ähtimallygy ýüze çykýar. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy öri-sähra meýdanlarynda ýangyn döremek ähtimallyk howpunyň öňüni almak maksady bilen, şu aşakdakylary ýatladýar. Öri meýdanlarynda ot ýakylmazdan öň, ýarym metr çuňlukda gazylan oý ýer taýýarlanyp, oduň daş-töwerege ýaýramazlygyny üpjün etmeli. Ody howanyň şemalsyz wagtynda ýakmaga rugsat berilýär. Onuň daş-töweregi (15 metr) guran ot-çöplerden arassalanmalydyr. Ody ulanylandan soň, suw sepip ýa-da gum sürüp, doly söndürmeli, ol ýerden gitmezden öň, oduň ýakylan ýerinden uçgunyň çykmaýandygyna doly göz ýetirilmelidir.

Gün urmadan goranalyň!

Tomus paslynda adamy Günüň urmagy zähmet we dynç alyş düzgüniniň bozulan ýagdaýynda ýüze çykýar. Munuň üçin suw we iýmitlenmegiň kadalaryny dogry berjaý etmeli. Bedenimiziň teşneligini gandyrmak üçin günde 2-2,5 litr suw içmeli. Gök çaý hem teşneligi gowy gandyrýar.

Ýol hereketiniň hukuk binýady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda: «Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan adamlaryň, aýratynam, çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy barada düşündiriş işlerini geçirmegiň, hereket howpsuzlygynyň düzgünlerine düşünjeli garaýşy terbiýelemegiň örän möhüm wezipedigi hem birjik-de ünsden düşürilmeli däldir» diýip, parasatly nesihat etmek bilen pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek çäreleriniň häzirki wagtda bütindünýä hereketine öwrülendigini belleýär. Alym Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde nygtaýşy ýaly, ol herekete Birleşen Milletler Guramasy howandarlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýol-ulag infrastrukturasy barha ösdürilýär. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýollar, köprüler, estakadalar gurlup, ýol hereketiniň howpsuzlygy üpjün edilýär. Ýollarymyzda hereket kadalarynyň berjaý edilmegini gazanmak bu işleriň aýrylmaz düzüm bölegi bolup, ol maksatnamalaýyn hem-de toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar astynda ýurdumyzda her ýyl geçirilýän çäreler toplumy aýdylanlara doly şaýatlyk edýär. Giň jemgyýetçilik gyzyklanmasyna eýe bolýan bu köpçülikleýin çäräniň gerimi barha giňeýär.

Administratiw önümçiligi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 60-njy we 61-nji maddalarynda her bir adamyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň çözgütlerine hem-de hereketlerine kazyýete şikaýat etmäge, şeýle hem her bir adamyň döwlet edaralarynyň, gaýry guramalaryň, olaryň işgärleriniň, şeýle hem aýry-aýry adamlaryň bikanun hereketleri bilen özüne maddy ýa-da ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny kazyýet tertibinde talap etmäge hukugynyň bardygy kesgitlenilýär. Munuň özi, şol bir wagtyň özünde, her bir adamyň döwlet edaralaryna ýüz tutmaga bolan hukuklarynyň bardygyny äşgär edýär. Bu ýüztutma administratiw önümçiligi tertibinde seredilýär. Milli kanunçylykda, administratiw önümçiligi diýlip administratiw edaralary tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işe aýdylýar. Türkmenistanda jemgyýetçilik gatnaşygynyň bu ugry 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen «Administratiw önümçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny arkaly düzgünleşdirilýär. Kanunyň 8-nji maddasyna laýyklykda, her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da administra

Wagyz-nesihat çäreleri

Degerli düzgünler düşündirildi Häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edip, çagalaryň köp sanlysy dürli çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Şol merkezlerde çagalaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Gyz edebi zenan gözelligidir

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda etrapdaky 23-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda duşuşyk geçirildi. Oňa etrabyň bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar, il sylagly ýaşulular, mähriban eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Bu çäre maşgala ojagyna wepadarlyk, zenan edebi, zenanlara goýulýan sarpa ýaly meselelere bagyşlanyldy. Maslahatda “Baýramaly” daýhan birleşiginiň hünärmeni, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň başlygynyň orunbasary Oraznabat Esenowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgäri Ogulbagt Amanmyradowa, TMÝG-niň etrap birleşmesiniň hünärmeni Aýbölek Beknepesowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda zenan edebi we mertebesi, ony saklamak, maşgala mukaddesligi, zenan adyna şek ýetirjek ýaramazlykdan gaça durmak, nesil terbiýesinde ruhy-ahlak ýörelgelerimize salgylanmak dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

El hünäri — il gezer

Sergi guraldy TKA-nyň Sakarçäge, Türkmengala, Baýramaly etrap hem-de Baýramaly şäher birleşmeleriniň bilelikde guramaklarynda “El hünäri — il gezer” atly sergi guraldy. Oňa TKA-nyň Sakarçäge, Türkmengala, Baýramaly etrap hem-de Baýramaly şäher birleşmeleriniň ýolbaşçylary we işgärleri, medeniýet işgärleri hem-de eli hünärli ildeşlerimiz gatnaşdylar. Sergide, ilki bilen, Sakarçäge etrabynyň Gülüstan geňeşliginiň ýaşaýjysy Aýnabat Çaryýewa özüniň agaçdan ýasaýan dürli görnüşli çemçeleridir okaralary, şu etrabyň Çaşgyn geňeşliginiň ýaşaýjysy Gowşut Gapurow türkmeniň milli saz guraly bolan dutaryň ýasalyşy barada çykyş etdiler.

Çagalar özara bäsleşdiler

Ýakynda welaýatymyzda hereket edýän “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Sport parahatlykdyr, dostlukdyr, sagdynlykdyr we gözellikdir” atly hereketli oýunlar boýunça ýaryş geçirildi. Ýokary derejede geçirilen sport ýaryşyna “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar gatnaşdylar. Ýaryş, diýseň, gyzykly we çekeleşikli geçdi. Ýaryşda çagalar özara bäsleşip, hereketli oýunlar boýunça özleriniň ukyp-başarnygyny görkezdiler. Netijede, “Watan” topary 1-nji, “Joşgun” topary 2-nji, “Arkadagyň nesli biz” topary 3-nji orunlara mynasyp boldular.