Dalaşgärleri ň resmin amalary kabul edilýär

19 Iýul 2024
161

15-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy.

12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň, şeýle- de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly – 26-njy awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Bu möhüm möwsümiň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda Buýruga hem gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet toparyna 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk- usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi. Dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsüminiň eýýäm ilkinji gününden başlap işjeň häsiýete eýe bolandygyny bellemek gerek. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň täze bilimleri, hünär ussatlygyny ele almaga, ýurdumyzyň intellektual we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga goşant goşmaga çalyşýandyklaryny tassyklaýar. Bu möwsümiň öňüsyrasynda ýaşlaryň, mekdep uçurymlarynyň arasynda köpçülikleýin wagyz- düşündiriş işleriniň geçirilendigini, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine, olarda geçirilen «Açyk gapylar » günlerine bagyşlanan ýörite telegepleşikleriň görkezilendigini, makalalaryň çap edilendigini bellemek gerek. 2024-nji ýylda Türkmenistanda jemi 15926 (şol sanda hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça – 15303, magistr maksatnamasy boýunça – 623) dalaşgäri talyplyga kabul etmek meýilleşdirilip, ol geçen ýyldakydan 303 (hünärmen we bakalawr maksatnamasy boýunça 104, magistr maksatnamasy boýunça 199) adam köpdür. Bellenilişi ýaly, munuň özi ýurtda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň netijesinde ýaşlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň ýene bir aýdyň güwäsidir. Türkmenistanda täze okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzyň barha ösýän ykdysady kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça hünärmen zerurlygyny nazara alyp, birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy.