"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şatlykly günleriň owazy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda bagtyýar körpeleriň tomusky dynç alyş möwsümini has-da gyzykly, täsirli geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri talabalaýyk işleri alyp barýarlar. Şunda çagalaryň arasynda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine, aýdym-sazly konsertlere, sport ýaryşlaryna, dürli medeni çärelere aýratyn orun degişlidir.

Watany söýmek — ömrüň manysy

Watançylyk türkmen perzendine berilýän terbiýäniň süňňündedir, sütünindedir. Ol bize jan bilen, gan bilen geçen iň arzyly gymmatlyk. Şoňa görä-de, türkmen halky Ýer ýüzünde öz topragyny, ýurduny jandan söýýän millet hökmünde tanalýar. Bu asyllylyk «Ser bereris, ýer bermeris» diýen Oguz hanyň döwletliliginden, Gorkut atanyň parasadyndan, Görogly begiň dogumyndan, Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryndan kök alýar. Halkymyzyň watançylyk terbiýesi täze eýýamymyzda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň eserleri arkaly dowamata uzaýar. Milli Liderimiz: «Perzendiň terbiýesiniň esasy mazmuny Watan mukaddesliginde jemlenilýär. Türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän ogul bolup kemala gelmegi, jemgyýetiň ileri tutýan ýörelgesi bolup, munuň hem asylky manysynda Watan üçin edilen yhlas we söýgi bardyr» diýmek bilen, terbiýäniň esaslaryny Watan söýgüsi bilen kesgitleýär. Diýmek, öý-ojakdan gözbaş alýan bu ýörelge maşgala jebisligi ýaly synmaz, ene süýdi ýaly halal, ata pendi ýaly mukaddesdir.

Gowy adam bolmak (Durmuş we biz)

Ynsan ogly ýaşlykda üýtgeşik arzuwlary edýär, belent maksatlary tutunýar. Şol maksatlaryň myradyna gowuşmagy üçin zähmet çekýär. Ýaşlyk döwri — güýç-kuwwatyň, gujur-gaýratyň dolup-daşýan döwri. Ine, hut şu döwürde ynsan özüne mynasyp käri saýlaýar. Şol saýlawda üstünlik gazanaýmak ýeňil-ýelpaý zat däl. Sebäbi seniň saýlan käriň saňa hem lezzet bermeli, hemem maddy durmuşyňy gowulandyrmaly. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda her bir adamyň öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga bolan hukugy kanun arkaly berkidilýär. Bu günki gün Diýarymyzda hereket edýän ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler yzygiderli açylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwür bilen aýakdaş gidip, döwrüň talaplaryna eýerýändiginden nyşandyr.

Ak zat alnyňa ýagşy (Kämillige tarap)

Biz reňkler hakynda nämeleri bilýäris ýa-da reňklere näderejede ähmiýet berýäris? Suratkeşleriň reňkleri ulanyşyndaky aýratynlyklara üns berip gördüňizmi? Olar üçin reňkler giden bir filosofiýa. Şahyryň zehininiň sözde bolşy ýaly, suratkeşleriň ussatlygy hem reňkleriň sazlaşygyndadyr. Ol öz duýgy-düşünjesini ýa bolmasa eserindäki haýsy hem bolsa bir manyny reňkleriň üsti bilen berýär.Göräýmäge, biziň üçin adaty bir zat hökmünde durmuşymyza ornan reňkleriň ykbalymyza, dünýägaraýşymyza täsir edip bilýändiginden az sanlymyz habarly bolsak gerek. Dünýä psihologlarynyň gelen netijesine görä, her adamyň saýlan reňki onuň häsiýetini, durmuş isleglerini we hemişelik ahwalyny kesgitlemäge ýardam edýär. Köplenç halatda, biz ak reňki gowulyk, gara reňki ýakymsyz duýgular, ýaşyl reňki ýaşaýyş, sary reňki aýralyk bilen baglanyşdyrýarys. Ýöne bu hemişelik üýtgewsiz kanun däldir. Başda hem aýdyşymyz ýaly, halklaryň dünýägaraýşyna görä, reňkleriň kabul edilişi hem üýtgäp bilýär. Käbir halklarda gara reňk güýçlüligiň, syratlylygyň, sary reňk döredijiligiň reňki hasaplanýar. Halkymyzda «Ak zat alnyňa ýagşy», «Ak göwünliň aty armaz, dony tozmaz» diýen ýaly nakyllaryň, «Ýoluň ak bolsun!», «Ak gyz ýoldaşyň bolsun!» diýen ýaly ýagşy arzuwlaryň içine reňkleriň siňmegi hem ýönelige däldir. Bu halkymyzyň mentaliteti bilen baglanyşyklydyr. Ak reňk hemişe halkymyzda gowy zatlaryň buşlukçysy hökmün

Sanlaryň «dilmajy» (Siziň deň-duşuňyz)

Bu zehinli gyzjagazy şeýle diýip atlandyrsagam bolar. Ony siz hem tanaýansyňyz. Sebäbi ol ýakynda ýatdan hasaplamagyň ussady hökmünde uly meşhurlyk gazandy. Has takygy, «Russiýa 1» teleýaýlymynda guralýan «Täsin adamlar» («Удивительные люди») atly bäsleşikli gepleşige gatnaşan ilkinji ildeşimiz bolup, tiz sanamak ukyby bilen eminleri hem-de tomaşaçylary haýran galdyrdy. Biz hem bu üýtgeşik başarnykly gyzjagaz — Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 7-nji synpyny tamamlan Liwanur Berdiýewa bilen söhbetdeş bolup, onuň gyzykly gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Liwanur, ilki bilen, gyzyklanýan ugruňyz — anzan mega mental arifmetikanyň aýratynlygy hakda gürrüň beräýseňiz?!

Sizi bular gyzyklandyrýarmy?

UZAKDAN DOLANDYRYJYLAR NÄHILI IŞLEÝÄR? Eliňize telewizoryň uzakdan dolandyryjysyny alyp, onuň hiç hili simsiz nädip telewizora «diýenini etdirýänligi» hakynda pikirlenip gördüňizmi? Juda täsin, şeýle dälmi? Eýsem, durmuşymyzdaky tehnologik enjamlaryň ählisine ornaşan uzakdan dolandyryjylar nähili işleýärkä? 10-njy gatda oturan kakamyz aşakda duran maşynyny nädip oturan ýerinden otlap bilýärkä? Geliň, öwreneliň!

Mango festiwaly geçirildi

19-njy iýulda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan halkara mango festiwaly guraldy. Oňa ýurdumyzyň döwlet edaralaryndan, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryndan wekiller, žurnalistler, telekeçiler we beýleki myhmanlar gatnaşdy. Ýurdumyzda halkara mango festiwaly ilkinji gezek guralyp, onda mango önüminden taýýarlanylan dürli tagamlaryň sergilendi, ondan myhmanlara hödür edildi. Myhmanlar bu önümden taýýarlanan işdäaçarlary, içgileri we beýleki önümleri synladylar hem-de dadyp görmek mümkinçiligine eýe boldular. Bu ýere ýygnananlar ýörite taýýarlanylan kitapça arkaly mangonyň 1500-den gowrak görnüşi, eksport edilişi bilen ýakyndan tanyş boldular.

Täze kitaplar gelip gowuşdy

Welaýat kitaphanamyza «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Olaryň arasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň bolmagy bizi örän begendirdi. Şonuň ýaly-da Gözel Şagulyýewanyň «Belent boýly ussadym», Neda Bergeriň «Söýýän seni Türkmenistan» atly kitaplary hem bar. Täze kitaplaryň hatarynda «Haýyrly hazyna», «Ady bar-da, özi ýok», «Ak jeren we owlajygy hakynda rowaýat» atly kitaplaryň, «Magtymguly, sözle bu şirin dilde» atly ylmy makalalar ýygyndysynyň, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň iki jiltiniň bolmagy okyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Täze gelen kitaplar welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan hasaba alnyp, degişlilikde şäher, etrap merkezi kitaphanalaryna we olaryň şahamçalaryna paýlanyldy. Kitaplar baradaky maglumatlar kitaphanamyzyň elektron katalogynda, elipbiý we pudaklaýyn kataloglarynda hem ýerleşdirildi. Kitaphanaçylar täze gelen kitaplary kitap sergileriniň, tanyşdyrylyş dabaralarynyň, synlaryň, edebi agşamlaryň üsti bilen wagyz edýärler. Edebi mirasymyza çuňňur sarpa goýýan, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Medeni ösüşiň ak ýoly

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda «Magtymguly Pyragy — medeni ösüşiň ak ýoly» atly söhbetdeşlik geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen çärä bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, ýerli şahyrlar gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde zenan mertebesiniň tutýan orny hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynda enelere, zenanlara goýulýan hormat-sarpa barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu kitaplaryň ýaş nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigi, olaryň bagtyýar raýatlarymyzyň ýankitaplaryna öwrülendigi barada buýsanç bilen bellenildi. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ylmy taýdan öwrenilmegine, dünýä ýaýylmagyna giň ýollary açan, täze-täze kitaplary bilen halkymyzy begendirip durýan Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Täsirli geçen okuw maslahaty

Esenguly etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, zähmeti goramak we howpsuz iş şertlerini döretmek bilen bagly namalaryny düşündirmek boýunça  geçirilen okuw maslahaty alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmäge ýardam berdi. Okuw maslahatynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda alnyp barylýan işler, oba hojalykçylara, kärendeçilere döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler barada giňişleýin gürrüň edildi. Onda çykyş edenler raýatlaryň saglygyny goramak, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň talaplaryny berjaý etmek, işgärlere degerli zähmet şertlerini döretmek, tehniki howpsuzlygyň düzgünlerini berjaý etmek, bu ugurda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň alyp barmaly işleri barada giňişleýin durup geçdiler hem-de özara sorag-jogap alyşdylar. Ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli,  döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi sanly ulgamyň täze gazananlary barada söhbetdeşlik gurnady

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarynyň arasynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanyp, elektron okuw sapaklaryny ösdürmekde we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler barada söhbetdeşlik gurnaldy. Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň edara binasynda gurnalan tegelek stoluň başynda aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri: «Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we edara-kärhanalara yzygiderli täze sanly hyzmatlary ornaşdyrmak ýurdumyzda hünärmenler we innowasiýalar üpjünçiligine gönüden-göni bagly bolup durýar» diýip belläp geçdiler.

Kämillige ýol

Biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz görlüp-eşidilmedik ylmy-tehniki ösüşleriň döwri bolup, ol bilimiň derejesiniň we hiliniň, tehnologiýalaryň, döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn bilimli, döredijilikli pikirlenýän, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan oňat baş çykarýan ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Buýrugy esasynda 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalarynyň tassyklanylmagy bilen, nobatdaky jogapkärli möwsüme badalga berildi. Şu günler Diýarymyzyň çar künjeginde bilime höwesli, zehinli ýaşlarymyz «talyp» diýen arzyly adyň eýesi bolmak üçin öz saýlap alan hünärleri boýunça bilim ojaklaryna resminamalaryny tabşyrýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamy hem yzygiderli döwrebaplaşdyryp, ony milli we öňdebaryjy tejribeler, umumy ykrar edilen halkara kadalar esasynda kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman çagalar baglary, orta mekdepler, ýokary we orta hünär bilimi edaralary gurlup, ýaş nesillerimiziň ýokary hilli bilim almakl

Ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanyň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga, kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi hem-de ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Oba hojalyk ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Asuda ýaşaýşyň goragynda

Howanyň aşa gyzýan günlerinde hormatly watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlary talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, öýlerden, iş ýerlerden çykyp gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, ähli elektrik we gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy, öýlerdäki, iş ýerlerdäki zerurlygy bolmadyk ulanylmaýan elektrik we gaz enjamlary ulanyşdan doly aýyrmaklygy, işläp duran elektrik we gaz enjamlary iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmagyň örän howpludygyny ýatladýar.

Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň hünär derejeleriyzygiderli ýokarlandyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we gümrük işiniň dürli ugurlary boýunça yzygiderli okuw maslahatlary geçirmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Gullugyň harby gullukçylary diňe bir ýurdumyzyň çägindäki okuw maslahatlara gatnaşman, eýsem, bu ugra degişli halka­ra guramalar tarapyndan guralýan okuw sapaklaryna hem yzygiderli gatnaşyp, hünär derejelerini ýokarlandyryp, halkara tejribesini öwrenýärler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk has-da ýokarlanýar. Guramanyň halkara bilermenleri Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary bilen yzygiderli duşuşyklary geçirýärler. Ýakynda hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä gümrük guramasynyň ýardam bermeginde maksatnamasy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw çäresine Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de bu okuw maslahatyna Bütindünýä gümrük guramasynyň Ygtyýarly ykdysady operator boýunça tehniki maslahatçylary, Italiýanyň gümrük we monopoliýalar boýunça agentliginiň işgäri Gaetano Sassone hem-de Koreýa Respublikasynyň Gümrük gullugynyň işgäri Dongsu

HIÇ HAÇAN ÝEKE DOLANDYRMAŇ, şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri

Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory. (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Mani ýa-da pul harplygy

BODO ŞEFER  (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Türkmenistanda ilkinji gezek «Mango festiwaly» geçirildi

19-njy iýulda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda «Mango festiwaly» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Geçirilen çärä Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň daşary ykdysady aragatnaşyklary hukuk taýdan kadalaşdyryş we utgaşdyryş bölüminiň başlygy, hem-de diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, mango iň gadymy tropiki miweleriň biri. Bu miwe Hindistanda 8 müň ýyldan gowrak wagt bäri ösdürip ýetişdirilýär we şu güne çenli hindi mangosynyň 1500-e golaý görnüşi beýan edildi. Hindistan üçin mango diňe bir adaty miwe däl-de bengal gaplaňy ýa-da lotos güli ýaly hindi medeniýetiniň bir nyşany bolup durýar.

Täsirli geçen bäsleşik

Tomusky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny şatlykly-şagalaňly geçirmekleri üçin ýurdumyzda uly aladalar edilýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş nesliň şadyýan sesleri ýaňlanýar. Welaýatymyzdaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde welaýatyň dürli ýerlerinden gelen çagalaryň ýüzlerçesi dynç alyp, saglygyny berkidýär. Daşoguz şäher häkimliginiň garamagyndaky bu merkezde çagalaryň her bir gününiň manyly, şadyýan geçmegi babatda zerur tagallalar edilýär. Merkezde dürli ýaşdaky çagalardan düzülen toparlaryň arasynda geçirilýän baý mazmunly çärelere gyzyklanma diýseň uludyr. Şeýle çäreleriň biri hem golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Görogly etrap Geňeşi tarapyndan ýörite meýilnama esasynda geçirilen «Şygryýet ummanynyň dürdäneleri» atly şygar astynda goşgy aýtmak boýunça bäsleşikdir. Bäsleşigiň esasy maksady «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa ornaşdyrmakdan, ýaşlary kitap okamaklyga, goşgy ýat tutmaklyga höweslendirmekden ybaratdyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösýän, özgerýän, abraý-mertebesiniň dünýä dolýan ýurdumyzyň ýaşlarynyň ruhy dünýäsin

Abadançylygyň gözbaşy

Şu günler howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy şu aşakdakylary ýatladýar. Elektrik nokadyna çendenaşa agram düşmez ýaly, oňa birnäçe elektrik enjamlaryny birikdirmeli däl. Şeýle hem elektrik akymyna gereginden artykmaç kuwwatly goraýjylary goýmak olaryň goraýjylyk ukybyny peseldýär. Aýratyn üns bermeli zatlaryň biri hem, soňky wagtda giňden ýaýran elektrik sarp edijiligi kuwwatly bolan elektrik enjamlary gurnamak, olarda bejeriş-abatlaýyş işlerini geçirmek ýörite şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilmeli. Elektrik geçirijilerini aýratynlykda özbaşyna geçirip, elektrik geçirijiniň ugrunda awtomatik goraýjylar oturdylmaly.