Täsirli geçen okuw maslahaty

22 Iýul 2024
159

Esenguly etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, zähmeti goramak we howpsuz iş şertlerini döretmek bilen bagly namalaryny düşündirmek boýunça  geçirilen okuw maslahaty alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmäge ýardam berdi.

Okuw maslahatynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda alnyp barylýan işler, oba hojalykçylara, kärendeçilere döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler barada giňişleýin gürrüň edildi. Onda çykyş edenler raýatlaryň saglygyny goramak, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň talaplaryny berjaý etmek, işgärlere degerli zähmet şertlerini döretmek, tehniki howpsuzlygyň düzgünlerini berjaý etmek, bu ugurda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň alyp barmaly işleri barada giňişleýin durup geçdiler hem-de özara sorag-jogap alyşdylar. Ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli,  döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Resul Atajanow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň başlygy.