"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Jemgyýetimiziň ajaýyp keşbi

Türkmenistanda jemgyýetiň özgermegi we ösüşi hukuk pudagynda gazanylan möhüm üstünlikler bilen tapawutlanýar. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek ýaly möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi milli hukuk medeniýetiniň kämilleşdirilmegine, oňa ýaşlaryň çuňňur aralaşmagyna baglydygyny köp ýyllaryň durmuş tejribesi subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy adalatly ýörelgeleriň synmaz  sütünidir. Konstitusiýa goýulýan hormat jemgyýetiň hukuk medeniýetiniň ösüşine, kämilleşmegine öz täsirini ýetirýär. Hukuk medeniýeti hukuk bilimi we hukuk terbiýesi bilen deňeşdirilende,  giň düşünjedir. Ol uly bir medeni ulgamy, adamyň dünýägaraýşyny özünde jemläp, raýatlaryň jogapkärçilikli hereket etmegini göz öňünde tutýar we şahsyýetiň hukuk medeniýetini kemala getirmekde esasy mehanizmi bolan hukuk biliminiň hem-de hukuk tertibiniň netijesiniň görkezijisi hökmünde çykyş edýär.

Abadan durmuşyň kepili

Ykbalyny Watana bolan egsilmez söýgüsine kökerip, il-ulsy agzybirlige, jebislige çagyran akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly buýsanç bilen öwrenilýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary onuň diňe bir şahyr däl-de, beýik akyldardygyny hem subut edýär. Gahryman Arkadagymyz Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynyň ähli nesiller üçin beýik taglymatdygyny nygtaýar. Halal zähmet çekip abraý gazanmak jemgyýetiň agzybirligi, sagdynlygy we asudalygy barada aladalar bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda raýatlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, öndürijilikli  zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hereket edýän kanunçylyk namalaryna laýyklykda, raýatlaryň isleglerine görä hünär, kär we iş ýerlerini saýlap almak hem-de olaryň sagdyn hem howpsuz zähmet şertlerine bolan hukuklary kepillendirilýär.  Zähmet kanunçylygynda kesgitlenilýän hukuk kadalary döwletimiziň zähmet hukuk gatnaşyklarynyň esas goýujy ýörelgelerini özünde jemleýär. Raýatlaryň bu çygyrdaky hukuklaryny hem azatlyklaryny pugtalandyrýar.

Zähmet kanunçylygynyň ýörelgeleri

Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Zähmet endigini ele almadyk adam, edil elsiz-aýaksyz ýalydyr, ýönekeý ýagdaýlarda hem başyny çarap bilmän durandyr. Zandynda zähmet terbiýesi bolan adam hökman bir ugur tapar. Zähmet ugurtapyjylygy hem terbiýeleýär» diýip belleýär. Her bir adamyň zähmete bolan hukuklaryndan doly peýdalanyp bilmegi baradaky aladalar ýurdumyzyň hukuk resminamalarynyň esasy ýörelgeleridir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyndaky döwrebap kadalar adamyň zähmet hukuklarynyň goragynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýändigini görkezýär.

Zähmet soňy — rehnet

Her kim öz rysky üçin hereketde bolmalydyr. Bu hereketiň adyna zähmet diýilýändir. Adamy beýleki ýaradylan jandarlardan tapawutlandyrýan zat, onuň zähmetidir. Zähmet dermandyr. Ol üstünligiň ilkinji şertidir. Zähmetsiz hiç zat mümkin däldir. Eger «Beýik işleri amala aşyrmak üçin adama iň gerekli zat näme?» diýlip, sorag berilsedi, meniň jogabym «Zähmetsöýerlik» bolardy. Zehini, başarjaňlygy, yhlasy görmezlik mümkin, emma zähmeti görmezlik mümkin däldir. Zähmetsöýer adamy, onuň netijeliligi bilenem gözden sypdyrmak mümkin däldir. Müsür barada bilýän zadyňdan biri, hökmany suratda, Müsür piramidalary bolar. Sebäbi bu piramidalary gurmak üçin siňdirilen akyl-almaz zähmetdir. Hytaý barada bilýän zatlaryň biri, hökmany suratda, olaryň Beýik diwary bolar, sebäbi bu diwary gurmak üçin millionlarça adamyň zähmeti siňdi. Zähmetiň netijesini görmezlik mümkin däldir.

Kitaphana ulgamynda

Ýaş hünärmenler bäsleşdiler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýurdumyzyň kitaphana ulgamynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň arasynda «Magtymguly Pyragy — şygry paýhas ummany» atly bäsleşik yglan edildi.

Asudalygyň goragy bagtyýar geljegiň kepili

Golaýda Mary şäherindäki 21-nji çagalar bagynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäheriň polisiýa bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda “Asudalygyň goragy bagtyýar geljegiň kepili” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäheriň polisiýa bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de şäherimizdäki çagalar baglarynyň işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde TMÝG-niň şäher geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni Akjeren Annadurdyýewa, şäher PB-niň PÝGB-niň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany Annamuhammet Hümmedow, welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmeni, IÝG-niň başlygy Maksat Ýakubow we beýlekiler çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar ýaşamagy, okap bilim-terbiýe almaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem gözel Diýarymyzda halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ägirt uly işleri dogrusynda belläp geçdiler.

Maslahat geçirildi

Belent sepgitlere tarap Ýakynda etrap häkimligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Talhatan oba medeniýet öýünde “Belent sepgitlere tarap” ady bilen maslahat geçirdi. Oňa dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar.

Kämil geljegi gurmagyň ýoly

Ýakynda Baýramaly şäheriniň çägindäki Mary “Demirbetonönümleri” kärhanasynda şäher häkimliginiň, TZB-niň şäher bölüminiň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de Mary “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň bilelikde guramagynda “Halk Maslahaty — kämil geljegiň ýoly” atly maslahat geçirildi. Oňa şäherimizdäki edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahatda şäher häkimliginiň 1-nji derejeli hünärmeni, TZB-niň işjeň agzasy Ogulşirin Amangeldiýewa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Baýramgeldi Gaýypow, TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni, TZB-niň işjeň agzasy Aýsona Geldimyradowa we beýlekiler çykyş etdiler.

Ähli zat çagalar üçin

Golaýda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň çäginde ýerleşýän açyk meýdançada «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy açyldy. Bu çärä dünýäniň 15-e golaý ýurdundan, ýagny Russiýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Germaniýadan, Portugaliýadan, Italiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Hytaýdan, Bahreýnden, Beýik Britaniýadan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan çagalar harytlary we hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalar gatnaşdylar. Sergä gelenlere ýaňy dünýä inen çagalardan başlap, ähli ýaşdaky çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň giň toplumyny görmäge mümkinçilik döredildi. Şol sanda ýurdumyzda öndürilýän meşhur «Röwşen aýakgaplary» hususy kärhanasy hem sergä gatnaşyp, öz önümlerini görkezdi. Myhmanlar bu kärhananyň diwarlygyndaky ýokary hilli materiallary we häzirki zaman tehnologiýalary ulanyp öndürilen çaga aýakgaplary, guşaklary we torbalary bilen tanyşdylar.

Ýangyndan ägä boluň!

Mähriban ildeşler! Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy sizi ýurdumyzda howanyň temperaturasynyň aşa gyzmagy sebäpli, gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, şulary ýatladýar: Elektrik enjamlaryny gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan amala aşyrylyp, enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderlilikde gözegçilik etmeli.

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebit we ählumumy derejede köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşyp, ol ýerde eden taryhy çykyşy sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga şertleri döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýokary derejedäki duşuşyklaryň bu formatyny döretmek başlangyjyny öňe süren Türkmenistan olaryň diňe maslahat beriş häsiýetine eýe bolmalydygyndan, syýasy gatnaşyklar üçin berk düzgünleşdiriji kadalardan, amallardan azat meýdança bolmalydygyndan ugur alýar. Şeýle çemeleşme hyzmatdaşlygymyzyň barşy barada has giňişleýin we dürs düşünje almaga, teklipleridir düzedişleri girizmäge, pikirleri beýan etmäge mümkinçilik berýär.

Adam hakynda alada — döwlet syýasatynyň möhüm ugry

Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy hökmünde dünýä tanalan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk bähbidine gönükdirilen beýik işler giň gerime eýe bolýar. Sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi hem halk bähbitli durmuşa geçirilýän işleriň has-da dabaralanýandygyny ýene-de bir gezek subut eder. Halk Maslahaty — beýik işleriň, döwletli ýörelgeleriň badalgasy. Halkymyzda «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýen pähim bar. Ata-babalarymyzyň geňeş etmek däbiniň häzirki taryhy eýýamda has-da rowaçlanmagy milli ýörelgelerimiziň dowamata atarylýandygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşyp, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklanmagy bu edaranyň jemgyýetdäki ornuna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Watana hyzmat etmegiň beýik nusgasy

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýeten belent derejeleri taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Eziz Diýarymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty dünýä ýaýylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Diýarymyzda jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşiniň üpjün edilmegini gazanmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çar künjüne uzaýan ýollaryň gurulmagy, ulanmaga berilýän zawoddyr fabrikleriň, mekdeplerdir çagalar baglarynyň, hassahanalardyr saglyk öýleriniň, sport mekdepleriniň  täze binalary, ýaşaýyş jaýlary we beýleki ymaratlar döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň netijesinde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Berkarar döwletiň buýsanjy ýaşlar

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we «Biziň esasy wezipämiz ýokary bilimli, hakyky watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr» diýip, ýaş nesli terbiýelemegiň möhüm wezipeleri hakda aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu Kanunyň maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrýar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berýär.

Halk Maslahaty — beýik işlere badalga

Milli demokratiýanyň dabaralanmagy Il-günüň, ata Watanyň ykbalyna, döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna dahylly wajyp meseleleri, ýerine ýetirilmegi möhüm wezipeleri halk bilen maslahatlaşmak, olar barada halka sala salmak ýaly asylly dessur merdana pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren döwletlilik ýörelgelerinden gözbaş alýar. Täze taryhy döwürde bu asylly däbiň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrülmegi halk demokratiýasynyň milli kökleriniň döwrebap görnüşde kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar.

Röwşen geljege aýdyň ýol

Golaýda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — beýik başlangyçlara badalga» atly dabaraly maslahat geçirildi. TKA-nyň welaýat birleşmesiniň uly mejlisler zalynda geçirilen maslahata döredijilik işgärleri, KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýeňiş Haýytjanow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni Güljemal Nazarowa, welaýat çagalar sungat mekdebiniň müdiriniň orunbasary, Türkmenistanyň halk artisti Almagül Nazarowa, welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Tirkeş Taganow dagy çykyş edip, ata-babalarymyzyň döwletli ýolunyň täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýandygy, şöhratly pederlerimiziň geňeş etmek, halka sala salmak ýaly asylly ýörelgeleriniň dabaralanýan ajaýyp döwründe alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler dogrusynda belläp geçdiler. Welaýatymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi, onda jemgyýetçilik durmuşyna degişli wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygy, il-ýurt bähbitli döwletli çözgütleriň kabul edilýändigi dogrusynda belläp geçdiler. Halk Maslahatynyň döredilmeginiň taryhy ähmiýetini ilat arasynda wagyz etmekde jemgyýetçilik guramalary

Hepdäniň habarlary

Dabaraly maslahat Golaýda «Daşoguz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Daşoguz şäher häkimliginiň, TDP-niň şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty — döwletli ýörelgelere badalga» diýen at bilen geçirilen maslahata dürli ugurlarda zähmet çekýän partiýa işjeňleri gatnaşdylar.

Giň dünýäniň geň habarlary

Älem obserwatoriýasy Ýewropanyň kosmos agentliginiň hem-de ABŞ-nyň NASA milli älem gullugynyň hyzmatdaşlyk etmeginde «LISA» atly älem obserwatoriýasyny döretmek babatdaky taslama durmuşa geçirilýär. «LISA» üç sany emeli hemradan ybarat bolup, olar biri-birinden iki ýarym million kilometr aradaşlykda ýerleşdiriler. Olaryň özara lazer şöhleleri arkaly emele getirýän täsin üçburçlugyna aralaşan grawitasiýa tolkunlaryna gözegçilik etmek bilen, galaktikada häzirki wagtda bolup geçýän ewolýusiýa hadysalaryny ylmy taýdan öwrenmeklik göz öňünde tutulýar.

Baldan süýji bala hakda

Halkymyz «Çaga eziz — edebi ondanam eziz» diýen pähime uýmak bilen, bu meselä juda inçelik bilen çemeleşýän milli ýörelgelere üns beripdir. Hut şeýle bolansoň il-ulsumyzda çagany doglan gününden däl-de, heniz ene göwresindekä terbiýeläp başlamagyň uly ähmiýete eýedigi baradaky pähim-parasatlara, aýtgylara halk döredijiligimizde näçe diýseň duş gelmek bolýar. Halkymyza mahsus milli aýratynlyga öwrülip giden çaga terbiýesi baradaky edim-gylymlar, däp-dessurlar ençeme asyrlaryň dowamynda durmuş synagyndan geçen milli gymmatlyklar hökmünde kabul edilip, halkymyzyň aňyna müdimilik ornan mukaddesliklerdir. Şeýle bolansoň, ene göwresindäki çaga diňe bir ene mähri, ene arzuwy bilen däl, eýsem, maşgalanyň agzalarynyň ählisiniň hossarlyk aladasy bilen gurşalyp alynýar. Çünki dünýä injek çaganyň edep-terbiýesi, görüm-göreldesi, ene-atasyna, dogan-garyndaşlaryna, il-gününe goýýan belent sarpa-sylagy, maşgala gymmatlyklaryna, Watan mukaddesligine wepalylygy oňa berlen terbiýe bilen ölçenilýär. Ol terbiýäniň gözbaşynda bolsa Watan söýgüsi, ene-ata, il-gün, dogan-garyndaş söýgüsi durýar. Watan, ene-ata, il-gün söýgüsi ýüreginde orun alan çagalar hakyky watanperwer şahsyýetler bolup ýetişýärler. Hut şu mizemez hakykat durmuş çelgisi hökmünde hemişe öňe sürülýär. Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan eserleriň ählisiniň içinden watançylyk terbiýesi baradaky gymm

Möhüm ähmiýetli mesele

Biz — uly nesliň wekilleri ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sagdyn ösmekleri, ylymly-bilimli, hünärli, arassa ahlakly, watansöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin jogapkärçilik çekýäris. Şol jogapkärçilik bolsa ýaşlara bilim-terbiýe bermek bilen birlikde olara dürli hadysalar ýüze çykanda, özüňi alyp barmagyň endiklerini öwretmegi hem öz içine alýar. Ýaş nesle, ilkinji nobatda, ýangynyň döremeginiň öňüni almagyň, şeýle hadysa döräýen halatynda bolsa özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwretmeli. Mälim bolşy ýaly, biziň gündelik durmuşymyza elektrik energiýasynda we tebigy gazda işleýän enjamlar barha giňden ornaşýar. Olardan dogry peýdalanmak, degişli düzgünleri berk berjaý etmek ýangyn ýaly howply hadysalaryň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Olar barada çagalara körpeliginden başlap, düşünje bermeli. Bu işler soňy bilen çagalar baglarynda we orta mekdeplerde maksatlaýyn häsiýetde dowam etdirilmelidir. Ilkinji nobatda kiçi ýaşly çagalary ýangyn dörände özüňi alyp barmagyň düzgünleri bilen tanyşdyrmaly. Olary ýangyn howply oýunlary oýnamakdan goramaly. Bu meseleleri bilim ojaklarynda geçirilýän ene-atalar ýygnaklarynda, okuw sapaklarynda we okuwdan daşary çärelerde ýygy-ýygydan gozgamaly. Bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýangyn howpsuzlygynyň talabalaýyk ýola goýulmagyny gazanyp, çagalara gaz we elektrik akymy arkaly işleýän gyzdyryjy enjamlaryň ýangyn howpy barada duýduryp durmaly