Adam hakynda alada — döwlet syýasatynyň möhüm ugry

21 Awgust 2024
142

Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy hökmünde dünýä tanalan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk bähbidine gönükdirilen beýik işler giň gerime eýe bolýar.

Sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi hem halk bähbitli durmuşa geçirilýän işleriň has-da dabaralanýandygyny ýene-de bir gezek subut eder. Halk Maslahaty — beýik işleriň, döwletli ýörelgeleriň badalgasy. Halkymyzda «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýen pähim bar. Ata-babalarymyzyň geňeş etmek däbiniň häzirki taryhy eýýamda has-da rowaçlanmagy milli ýörelgelerimiziň dowamata atarylýandygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşyp, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklanmagy bu edaranyň jemgyýetdäki ornuna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar