Çempionyň 25-nji ýeňşi
Moto GP boýunça möwsümiň 11-nji ýaryşy Awstriýa «Gran Prisinde» «Ducati Lenovo» toparynyň italýan sürüjisi Françesko Banaia ýeňiş gazandy. Ol 28 aýlawy 42 minut 11,173 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň şu möwsümdäki 7-nji, karýerasyndaky 25-nji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy. Ýaryşda 1-nji hatardan bat alan «Prima Pramac» toparynyň ispan sürüjisi Horge Martin ýeňijiden 3,323 sekunt yza galyp, 2-nji orny eýeledi. Ýeňijiniň hem topardaşy, hem-de watandaşy Enea Bastianini 3-nji orna mynasyp boldy. Geçirilen 11-nji ýaryşdan soň Françesko Banaia 275 utuk bilen täzeden sanawyň 1-nji ornuna beýgeldi. 2-nji ýerdäki Horge Martiniň 5 utugy kem, 270 utugy bar. Enea Bastianini 214 utuk bilen 3-nji orna geçdi.