Nä­me üçin pan­da­la­ryň sü­tü­gi ala­be­der?

23 Awgust 2024
79

Dün­ýä­de ýi­tip git­mek how­py aban­ýan jan­dar­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýän pan­da­lar bam­buk to­kaý­lyk­la­ry bi­len ta­nal­ýan Hy­ta­ýyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da ýa­şa­ýar­lar. Hä­zir­ki wagt­da bu ena­ýy­ja aýy­la­ryň sa­ny­nyň 2 müň­den geç­me­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Du­man­ly we ýa­gyş­ly ho­wa uý­gun­la­şan pan­da­la­ryň sü­tü­gi­niň ak we ga­ra reňk­de bol­ma­gy köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Eý­sem, nä­me üçin bam­buk aýy­sy­nyň reň­ki ap-ak, ýa şar ga­ra, ýa-da go­ňur däl. Nä­me üçin beý­le­ki jan­dar­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da pan­da­la­ryň sü­tü­gi ala­be­der?

Süý­dem­di­ri­ji­le­riň kö­pü­si­niň sü­tü­gi bir­sy­dyr­gyn reňk­de bol­ýar. Em­ma pan­da­la­ryň beý­le­ki jan­dar­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da «eli», aýa­gy we gu­la­gy tu­tuş­ly­gy­na ga­ra bo­lup, göw­re­si­niň ga­lan bö­le­gi­ni ak sü­tük ört­ýär. Şeý­le hem äh­li pan­da­nyň gö­zün­de ga­ra me­nek­ler bar.

Beýleki habarlar