"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köp taraplylygy TÜRKSOÝ-yň neşirleriniň sahypalarynda

Şu ýyl be­ýik türk­men şa­hy­ry, fi­lo­so­fy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy da­ba­ra­ly bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi­ni bel­le­mek bo­ýun­ça çä­re­ler top­lu­myn­da Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry­nyň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­na ba­gyş­la­nan ne­şir iş­le­ri­ne – goş­gu­lar ýy­gyn­dy­la­ry­nyň, yl­my-bar­lag iş­le­ri­niň, yl­my ma­ka­la­la­ryň, mo­nog­ra­fi­ýa­la­ryň, ýö­ri­te ne­şir­le­riň, ga­zet-žur­nal­la­ryň çap edil­me­gi­ne mö­hüm orun de­giş­li­dir.

Indi 1 million adamlyk webinar geçirmek mümkin

«Zo­om» plat­for­ma­sy in­di bir wag­tyň özün­de 1 mil­lion ada­my bi­rik­di­rip bil­jek we­bi­na­ry ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­li­gi­niň dö­re­di­len­di­gi­ni mä­lim et­di. Bu müm­kin­çi­lik, il­kin­ji no­bat­da, sy­ýa­sy mak­sat­ly çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin «Zoo­myň» has iş­jeň ula­ny­lyp baş­la­ma­gyn­dan soň­ra hö­dür­le­nil­di. «Zo­om» plat­for­ma­sy ta­ra­pyn­dan hä­zir­ki wagt­da uly çä­re­le­ri ge­çir­ýän ula­ny­jy­la­ra hö­dür­le­nil­ýän nyrh­na­ma­lar 10 müň gat­na­şy­jy­dan baş­lap, 1 mil­lion­da ta­mam­lan­ýar. Mag­lu­mat üçin, 10 müň gat­na­şy­ja ni­ýet­le­nen nyrh­na­ma­nyň ba­ha­sy 9 müň ame­ri­kan dol­la­ry­na, 1 mil­lion gat­na­şy­ja ni­ýet­le­nen nyrh­na­ma­nyň ba­ha­sy bol­sa 100 müň ame­ri­kan dol­la­ry­na deň­dir.

Ronaldunyň «YouTubedäki» hasaby açylan güni 6 milliondan gowrak yzarlaýjy toplady

Por­tu­ga­li­ýa­ly hü­jüm­çi Kriş­tia­nu Ro­nal­du­nyň «You­Tu­be» plat­for­ma­syn­da­ky res­mi ha­sa­by açy­lan gü­nün­de 6 mil­lion­dan gow­rak yzar­laý­jy top­la­ma­gy ba­şar­dy. Mu­nuň özi ar­gen­ti­na­ly ýyl­dyz oýun­çy Mes­si­niň «You­Tu­be» ka­na­lynda­ky yzar­laý­jy­la­ryň sa­nyn­dan 3 es­se köp­dür. Mun­dan baş­ga-da, «You­Tu­be» plat­for­ma­syn­da he­niz hiç bir ha­sap dö­re­di­len gü­ni şeý­le köp yzar­laý­jy top­la­ma­gy ba­şar­man­dy. Şeý­le­lik­de, Ro­nal­du bu ugur­da hem ozal­ky re­kor­dy tä­ze­le­me­giň höt­de­sin­den gel­di.

Ha­ýyr-sa­ha­wat­ly­lyk

Bir pu­ka­ra ýi­git bir ba­ýyň ga­py­syn­da bo­lup, köp ýyl­lap hyz­ma­ty­ny edip­dir. Ha­ky­ny alyp, oba­sy­na do­lan­mak­çy bo­lup dur­ka, onuň ýa­ny­na bir aýal ge­lip­dir. Ol: – Me­niň ada­mym ara­dan çyk­dy. Ol köp ber­gi edip­dir. In­di biz — özüm bi­len ýe­ke og­lum onuň ber­gi­le­ri­ni üz­me­li. Eger-­de ber­gi­le­ri üzüp bil­me­sek, ornu­na bi­ri­miz gyr­nak, bi­ri­miz hem gul hök­mün­de sa­ty­la­rys. Bu ba­ra­da eý­ýäm ka­zy ha­bar ber­di. Men di­leg­çi­lik edip, ber­gimi üz­mek üçin  ka­zy­dan pu­ry­ja al­dym. Ol ra­zy­lyk ber­di. Eý, Taň­ry ben­de­si, men bi­çä­re enä nä­me he­ma­ýat edip bil­seň, et. Bi­ziň ýa­ly na­ça­ra we ýe­ti­me hos­sar çy­kyp, gol­daw ber­seň, iki dün­ýä­de-de ýal­ka­nar­syň! – di­ýip­dir. Gar­şy­syn­da du­ran na­çar enä­ni üns­li diň­län ýi­gi­diň oňa ýü­re­gi awap­dyr. Ene­li-og­luň düş­jek gü­nü­ne gy­na­nyp­dyr. Öň hem ýe­ti­me-ýe­si­re, mä­tä­je kö­me­gi­ni gaý­gyr­man ýö­ren ýi­git ahy­ry: – Di­leg sa­lyp ge­le­niň işi­ni bi­tir­mez­lik ýag­şy däl. Hu­da­ýa şü­kür, ja­nym sag, iş­le­sem gu­jur-gaý­ra­tym bar. Ne­sip bol­sa, ýe­ne iş­läp, pul ga­za­na­ryn. Ha­ky­my hä­zir ene­li-og­la be­rip, so­gap ga­za­na­ýyn – di­ýip, enä­ni be­gen­di­rip goý­be­rip­dir. Mö­hü­mi bi­ten ene ýi­gi­de al­kyş ba­ry­ny aý­dyp­dyr. Ýi­git hem öz ýo­ly bi­len gi­di­be­rip­dir. Ýa­dap, gi­jä­niň bir wag­ty dynç al­jak bo­lup, ýo­luň gy­ra­syn­da­ky bir

Mani ýa-da pul harplygy oýun ýaly usul arkaly üstünlige we üpjünlige tarap

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 8. TRUMPF HANYM

Maslahat geçirildi

Halk Maslahaty — milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy Golaýda etrapdaky medeniýet öýünde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrapdaky medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda “Halk Maslahaty — milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Maslahata ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri, işjeň agzalary, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresi

Maşgala mukaddesligi — halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir Ýakynda şeýle at bilen şäherimizdäki 3-nji saglyk öýünde TMÝG-niň şäher geňeşiniň, welaýat enäniň we çaganyň saglygy goraýyş merkeziniň hem-de ýokarda ady agzalan saglyk öýüniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa TMÝG-niň şäher geňeşiniň we şäherimizdäki saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Täsirli geçen maslahat

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat we Saýat etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda etrapdaky Sakar şäher medeniýet öýünde edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenleriň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hakynda, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde aýdymdyr sazlar ýaňlandy. Maslahatyň ahyrynda halky hakynda irginsiz alada edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Magtymguly Pyragynyň we gadymy Änewiň şöhraty dünýä ýaň salýar

Ýakynda Türkiýe Respublikasynda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary türk dilinde neşire taýýarlanyldy. Munuň özi medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzyň ähli künjeginde we daşary döwletlerde beýik akyldar şahyryň ýubileýine bagyşlanan çäreleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Olaryň esasy maksady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine ýardam etmekden, bu ugurda ylmy barlaglary çuňlaşdyrmakdan, türkmen nusgawy şahyrynyň şahyrana-filosofik mirasyna halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.

Täsirli geçen dabara

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilimli nesil Watanymyzyň egsilmez kuwwatydyr» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabarany Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilelikde guradylar. Baýramçylyk dabarasynyň başynda Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Hanaly Baýramow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işgärleriniň öňünde goýlan möhüm wezipeler dogrusynda belledi. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bilim ulgamyna berýän taýsyz tagallalary üçin alkyşly sözlerini aýtdy.

Ýokary hilli harytlar bilen üpjün edilýär

Çagalar täze okuw ýylynyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olaryň halaýan okuw esbaplaryny mekdep bazarlaryndan saýlap almaga doly mümkinçilikleri bar. Ene-atalaryň çagalaryna alyp berýän täze okuw esbaplary olaryň göwünlerini göterýär. Şol göwün göteriji harytlary bolsa, ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda we Aşgabat şäherimizde guralan mekdep bazarlaryndan elýeterli bahalardan satyn alyp bolýar. Mekdep bazarlarynyň mähellesi günsaýyn artýar. Olarda mekdep harytlarynyň söwdasy barha gyzyşýar. Satuw tekjelerinde okuwçylar üçin dürli derslere degişli bolan depderler, gündelikler, reňkli kagyzlar, surat albomlary we galamlaryň dürli görnüşleri bar. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna derslerde dürli hasaplamalary öwrenmek üçin ýörite taýajyklar elýeterli boldy. Uly we kiçi ýaşly oglandyr gyzlara niýetlenen mekdep torbalarynyň ýokary hilli görnüşlerine, milli nagyşlar bilen keşdelenen oglan we gyz tahýalaryna bolan islegler has-da uly. Mekdep bazarlarynda okuwçylar bilen bilelikde mugallymlar hem-de talyplar üçin degişli harytlary tapmak bolýar.

Belent sarpanyň nyşany

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen maslahat «Magtymguly — umumadamzat şahyry» diýlip atlandyryldy. Ony Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guradylar. Maslahatda şahyryň döredijiligini öwrenýän alymlaryň, onuň eserlerini ylham çeşmesi hasaplaýan medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda durmuşyň dürli meseleleriniň öz beýanyny tapýandygyny, şonuň üçinem «şygryýetiň sütünine» deňelýän şahyryň keşbiniň teatrda, nakgaşçylyk sungatynda uly orna eýedigini bellediler. Türkmen halkynyň ruhy dünýäsini, milliligini giňden beýan edýän goşgularyň bagşylaryň dilinde hoş owazly aýdymlar bolup ýaňlanýandygy barada aýdyldy. Söz ussadynyň halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, durmuş pelsepesini kämilleşdirmekdäki orny, onuň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orun alyp, daşary ýurt alymlary tarapyndan hem öwrenilýändigi barada beýan edilen pikirler özboluşly ähmiýete eýe boldy.

Ýandepderçedäki pikir düwünçekleri

■ Ömrüni bir kesp-käre bagyşlan ynsanyň gerdenlerinde «Men muny başardym» diýýän buýsanjy gördüm. Synlamak ýakymlydy. ■ Agyrmaýan ýürege derman edip bolmaýar.

Taýýarlygyň gerimi giňeýär

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzda halk demokratiýasy dabaralanýar. Şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi munuň aýdyň subutnamasy bolar. Çünki Halk Maslahaty türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr. Häzirki günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Karar kabul etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edilen bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Şeýle-de ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy. Umuman, bu möhüm ähmiýetli resminama ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda uly waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçmegini üpjün eder.

Täsirli geçen dabara

Ýurdumyzda  ilkinji gezek geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini tamamlady. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralan  bu gözden geçiriliş aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Sergi-ýarmarkasynyň işine paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, myhmanlar işjeň gatnaşdylar. Olar öz perzentleri bilen wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýanlykda geçirdiler. Bu sergi-ýarmarkasy çagalar hakyndaky aladalaryň aýdyň güwäsidir. Munuň şeýledigine sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň mekdepleriniň hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň taýýarlan görkezme esbaplarynyň, döredijilik işleriniň sergisiniň görkezilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.  Sergi-ýarmarkanyň ýapylyş dabarasynda ses bermek arkaly jemi jemlenen bu işler birinji orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligine hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligine  «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyny guraýjylar tarapyndan degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Ykjam taýýarlyk bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek işinde etrabymyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň agzybir işgärleri ýokary işjeňlik görkezýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly we döredijilikli zähmet çekýärler. Ýetip gelýän täze okuw ýylynyň öň ýanyndaky günlerde bolsa geçen döwürde bitirilen işlere seljerme berlip, jogapkärli wezipeler kesgitlenilýär, öňdebaryjy iş tejribeleri umumylaşdyrylýar. Etrabymyzda çagalar bakja-baglarynyň 13-si bolup, olarda öz kärini söýýän we ýokary başarnykly hünärmenler zähmet çekýär. Bu işde aýry-aýry işgärlerimiz has tapawutlanýarlar. Olaryň biri-de 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gülüstan Haýydowadyr. Ol üstümizdäki ýylda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň etrap tapgyrynda 1-nji orna mynasyp boldy. Şu çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Hemrägül Annageldiýewa, 11-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Abadan Annaýewa, 13-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Ogulsapar Pirgulyýewa, 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulçysy Tawus Nobatowa, aýdym-saz mugallymlary Begenç Rahmanow, Şaýmerdan Pirow, 2-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Sülgün Jumageldiýewa dagy has göreldeli zähmet çekýärler.

Türk­me­nis­tan bag­ty­ýar ça­ga­ly­gyň ýur­dy

19-22-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da «Kids Eks­po: äh­li zat ça­ga­lar üçin» at­ly hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy ge­çi­ril­di Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy we «Türk­men Eks­po» hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de ka­şaň «Ga­ra­gum» myh­man­ha­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky açyk meý­dan­ça­da gu­ral­an giň ge­rim­li göz­den ge­çi­ri­liş­de ça­ga­lar üçin ha­ryt­lar we hyz­mat­lar pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan ýur­du­my­zyň we Rus­si­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, ABŞ-nyň, Ka­na­da­nyň, Por­tu­ga­li­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň, BAE-niň, Tür­ki­ýä­niň, Sin­ga­pu­ryň, Hy­ta­ýyň, Bah­reý­niň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry öz önüm­le­ri­ni gör­kez­di­ler.

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da fi­nal tap­gy­ry­ny kes­git­le­jek du­şu­şyk­la­r

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da fi­nal tap­gy­ry­na gat­naş­jak soň­ky 7 klu­by kes­git­le­ýän pleý-off tap­gy­ry­nyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Çem­pi­on to­par­la­ryň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­lar­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň «Ýang Boýz» to­pa­ry Tür­ki­ýä­niň çem­pio­ny «Ga­la­ta­sa­ra­ýy» 3-2 ha­sa­byn­da ýeň­di. 1-nji ýa­rym­da Mon­tei­ro­nyň 3-nji we 45+4-nji mi­nut­lar­da ge­çi­ren gol­la­ry bi­len ýer eýe­le­ri 2-0 ha­sa­byn­da öňe saý­lan­dy. 2-nji ýa­rym­da oý­na go­şu­lan Mi­çi Bat­şua­ýi 66-njy we 72-nji mi­nut­lar­da ha­sa­by deň­le­di. Oý­nuň 86-njy mi­nu­tyn­da VAR-yň gör­kez­me­si bo­ýun­ça ger­ma­ni­ýa­ly Da­ni­el Si­bert ýer eýe­le­ri­niň peý­da­sy­na pe­nal­ti ur­gu­sy­ny bel­le­di. Ony-da Ug­ri­niç dürs urup, to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy.

Su­per Ku­bo­gy hem «Ba­ýer» eýe­le­di

Ger­ma­ni­ýa­da ge­çen möw­süm­de ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny hem-de 2-nji ge­zek ýur­duň ku­bo­gy­ny ga­za­nan «Ba­ýer» to­pa­ry Su­per Ku­bo­ga hem my­na­syp bol­dy. Bu ugur­da wi­se-çem­pi­on «Ştut­gart» bi­len du­şu­şan le­wer­ku­zen­li­ler ýe­ne-de soň­ky mi­nut­lar­da ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy­lar. 11-nji mi­nut­da Bo­ni­feý­siň go­ly bi­len öňe ge­çen «Ba­ýe­riň» der­we­ze­sin­den 15-nji mi­nut­da Mil­lo ha­sa­by deň­län go­ly gi­riz­di. 37-nji mi­nut­da «Ba­ýer­den» Mar­tin Ter­rie gy­zyl kart al­dy. 63-nji mi­nut­da De­niz Un­daw «Ştut­gart» to­pa­ry­ny 2-1 ha­sa­byn­da öňe çy­kar­dy. 73-nji mi­nut­da oý­na gi­ren Pat­rik Şik 88-nji mi­nut­da ha­sa­by deň­le­di. Goş­ma­ça wagt be­ril­mez­den, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da «Ba­ýer» 4-3 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, il­kin­ji ge­zek Ger­ma­ni­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­ny eýe­le­di. Le­wer­ku­zen­li­ler bu ku­bo­gy ga­za­nan 9-njy to­par bol­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy du­şu­şy­gy il­kin­ji ge­zek 1987-nji ýyl­da ge­çi­ri­lip, «Ba­wa­ri­ýa» 10, «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» 6, «Wer­der» 3 ge­zek ýeňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Du­şu­şyk 1997-2009-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­me­di. Şeý­le-de, Ang­li­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­na «Man­çes­ter Ýu­naý­te­di» pe­nal­ti­le­riň ne­ti­je­sin­de ýe­ňen «Man­çes­ter Si­ti» my­na­syp bol­dy (1-1, 7-6 p). Bu şä­her­li­le­riň 5 ýyl­dan soň il­

Iki­si-de 15-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy

Ten­nis bo­ýun­ça ABŞ-da ge­çi­ri­len «Sin­sin­na­ti Açyk» ýa­ry­şyn­da er­kek­le­riň ara­syn­da ita­li­ýa­ly Ýan­nik Sin­ner, ze­nan­lar­dan be­la­rus­ly Ary­na Sa­ba­len­ka ýe­ňi­ji bol­dy. «Mas­ters 1000» ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bäs­le­şi­giň er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­na­lyn­da Sin­ner ýer eýe­le­rin­den ame­ri­ka­ly Fran­ses Tia­fou­ny 7:6 we 6:2 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu onuň 3-nji «Mas­ters» çem­pi­on­ly­gy bo­lup, ol mart­da Ma­ýa­mi­de, ge­çen ýy­lam Ka­na­da­da «ATP 1000» ýa­ryş­la­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Bu onuň umu­my­lyk­da 15-nji ATP Ku­bo­gy­dyr.