Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldunyň «YouTube» platformasyndaky resmi hasaby açylan gününde
6 milliondan gowrak yzarlaýjy toplamagy başardy. Munuň özi argentinaly ýyldyz oýunçy Messiniň «YouTube» kanalyndaky yzarlaýjylaryň sanyndan 3 esse köpdür.
Mundan başga-da, «YouTube» platformasynda heniz hiç bir hasap döredilen güni şeýle köp yzarlaýjy toplamagy başarmandy. Şeýlelikde, Ronaldu bu ugurda hem ozalky rekordy täzelemegiň
hötdesinden geldi.