Zehin zehinden zyýada
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzda Ak bugdaý etrabynda baý many-mazmunly çäreler guralýar. Etrabyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň etrap tapgyrynyň guralmagy hem şeýle çäreleriň üstüni ýetirdi. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrabyň medeniýet bölümi bilelikde gurady. Bäsleşik hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly kitabyna bagyşlandy. Onuň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň ady agzalan ajaýyp kitabynyň düýp many-mazmunyny ýaş nesillere ýetirmekden, olarda geçmiş taryhymyza, milli ýol-ýörelgelerimize buýsanjy artdyrmakdan hem-de watançylyk duýgularyny ösdürmekden ybarat boldy. Şeýle bolansoň, etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda, guramalarda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda bäsleşige gatnaşmaga höwes edenler az bolmady.