Ýaşlar ýagşy işleriň ýarany

21 Ýanwar 2021
1190

Golaýda şeýle şygar bilen Babadaýhan etrap Alyjylar jemgyýetinde netijeli zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. TMÝG-niň etrap Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu duşuşygyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan „«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» mazmunyny düşündirmekden, şeýle-de ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklaryny, olaryň bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny hem-de maşgala agzybirligini, jebisligini we berkligini gazanmakdan ybarat boldy.

Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyşlara giň orun berildi. Onda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller hakda edilýän aladalar dogrusynda giňişleýin bellediler.

Baýramdurdy AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar