"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Nebit bilen dolandyrylýan ykdysadyýet

Häzirki wagtda Yrak jemi içerki önümi boýunça dünýäde 52-nji, eksportynyň umumy mukdary boýunça 45-nji, importy boýunça 55-nji, adam başyna düşýän jemi içerki önümi boýunça 125-nji ykdysadyýetdir. Şeýle-de ykdysady çylşyrymlylyk indeksine görä, dünýäniň 112-nji çylşyrymly ykdysadyýeti hökmünde tanalýar. Yragyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna görä, ýurduň eksporty 2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde ikinji çärýekdäki 23 milliard amerikan dollaryndan 25 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlandy. Ýurduň eksporty 1988-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli ortaça 21 milliard 361 million amerikan dollary möçberinde boldy. Ýeri gelende aýtsak, soňky 30 ýylyň içinde ýurduň eksportynyň iň pes görkezijisi 1994-nji ýylyň dördünji çärýeginde, iň ýokary görkezijisi bolsa 2012-nji ýylyň dördünji çärýeginde hasaba alyndy. Şonda görkezijiler degişlilikde, 1 milliard 720 million, 94 milliard 209 million amerikan dollaryna deň bolupdy. Mundan başga-da, Yragyň eksport harytlarynyň bahasy 2016 — 2021-nji ýyllar aralygynda 35,3 milliard amerikan dollary möçberinde köpeldi. Netijede, Yrak 2021-nji ýylda daşary bazarlara umumy bahasy 81,1 milliard amerikan dollarlyk haryt çykaryp, dünýäniň 45-nji eksportçysy boldy. ABŞ-nyň global maglumatlar we işewürlik boýunça statistik platformasynyň hasabatyna laýyklykda, häzirki bahalar bilen hasaba alnanda, Yragyň jemi içerki önüminiň 2028-nji ýyla çenli 21,73 göterim

Dokma önümçiligi

Nah matalaryň önümçiliginiň ösüşi 103,5 göterime deň boldy 2005-nji ýylda esaslandyrylan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Wekilbazaryň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky dokma fabriginde ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa, dürli görnüşli agarylmadyk nah matalar öndürilýär.

Ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamy durnukly ösdürilýär

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gözegçilik edýän düzümlerinde 2023-nji ýylyň ýanwar - dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 121 göterime deň boldy. Geçen ýylda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 103,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,7 göterime barabar boldy. 2023-nji ýylda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 106,4 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 118 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 192,2 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106,1 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111,5 göterime deň boldy.

Türkmenistan ykdysadyýeti maliýeleşdirmegiň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlaryny gönükdirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ösüşi 2024-nji ýylda maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilýär: Jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak;

2023-nji ýylda dünýäniň konteýner bazarynda az-kem ösüş bellige alyndy

«BIMCO-nyň» baş seljerijisi Nils Rasmusseniň maglumatlary 2023-nji ýylyň ahyrynda dünýädäki konteýner daşaýyş bazarynyň 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 0,2% ösendigini we 173,8 million TEU barabar bolandygyny tassyklanylýar. Pandemiýadan öňki döwür — 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende bolsa ösüş 1,5% boldy. «Geçen ýyl konteýner bazarynyň ösüşi 2019-njy ýyldan bäri 10% ösüşe eýe bolan dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininden ep-esli yza galdy» — diýip, N.Rasmussen belledi.

Iň döwrebap ýük awtoulag parky Litwada ýerleşýär

Häzirki wagtda Ýewropa ýollarynda 6,4 million orta we agyr ýük ulaglary hereket edýär. Munuň özi 2020-nji ýyldaky görkezijiden 3,2 göterim artykdyr. Ulag ulgamyndaky ägirt uly taslamalary bilen tanalýan Polşa 1,2 milliondan gowrak ýük awtoulagyna eýelik edýär. Muňa garamazdan Ýewropa Bileleşiginde iň döwrebap ýük awtoulag parky Litwa degişlidir. Litwadaky ýük awtoulag parkynyň şeýle parklaryň iň ulusy däldigini bellemek gerek. Onüň mümkinçiligi bary-ýogy 73 müň birlik (deňeşdirmek üçin: Latwiýada — 33,1 müň, Estoniýada — 41 müň) üçin niýetlenendir. Muňa garamazdan, ol ýylyň-ýylyna yzygiderli ösýär. Bu park 2017-nji ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende, takmynan 20 göterim ösdi. Şol bir wagtyň özünde hem, ol iň döwrebap awtoulag parklaryndan biri hasaplanýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa motor we çalgy ýaglaryny satyn aldylar.

Marketing işleri ylmy esasda öwrenilýär

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, durnukly ösüş üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler ýurdumyzyň ösüşiniň binýadyny has-da pugtalandyrýar. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has-da kuwwatlydygyny aýdyň beýan edýär. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän esasy ugurlaryň biri hem önümçilikdir. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň önümçilik kärhanalarynda öndürilýän önümleriň bäsdeşlik ukyby barha ýokarlanýar, olara bolan isleg içerki hem-de daşarky bazarlarda has-da artýar. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurt bazarlarynda öz orunlaryny tapmagy bazar gatnaşyklaryny öwrenmegi we marketing işlerini özleşdirmegi talap edýär. Şonuň üçin hem bu ugurdan ýaş ykdysadyýetçiler taýýarlanylýar, bu ugur ylmy esasda öwrenilýär.

Sanly ykdysadyýet – giň mümkinçilikleriň ulgamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky alnyp barylýan uly işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Sanly ykdysadyýet düşünjesi tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Bu bolsa ösüşiň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda ygtybarly hem giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalar ulgamynyň güýçli depginlerde ösmegi, ilatymyza häzirki zaman ýokary hilli internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy maglumatlaryň giň gerimini seljermäge we aragatnaşygyň täze hem ykjam görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Bu bolsa sanly ulgamyň diňe şu gününiň däl, eýsem, geljeginiň hem ösüşli bolmagyny üpjün edýär. Esasy zat ýurdumyzda häzi

Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky demir ýol boýunça ýük gatnawy rekord görkezijä ýetdi

Hytaýyň Urumçy şäherinde ýerli hünärmenler bilen Gazagystanyň demir ýol dolandyryjylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu ýerde bilelikdäki işleriň netijeleriniň jemlenendigini «inbusiness.kz» habar berýär.   Gazagystanyň «Gazagystanyň demir ýoly» milli kompaniýasy» paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugy bolsa duşuşygyň ähmiýetini belleýär. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, iki ýurduň arasynda ýük daşamagyň mukdary 22% artdy. Netijede, täze rekord — 28 million tonnadan gowrak görkeziji bellige alyndy.

Şu ýylyň ýazynda Belarusyň ýüklerini Hazaryň üstünden uzaýan ugur boýunça daşamak synag edilip başlanar

Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Astrahan oblastynda bolandygyny senagat önümçiligi boýunça «Lotos» ýörite ykdysady zolagynyň (ÝYZ) metbugat gullugy habar berýär. Sebitiň gubernatory Igor Babuşkin bilen geçirilen duşuşykda taraplar «Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamagy ösdürmek we «Lotos» ÝYZ-de önümçiligiň lokalizasiýasy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, Belarus tarapynyň wekilleriniň Astrahan port desgalary arkaly ýük daşamagy artdyrmak isleýändikleri bellendi. Belarus Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Dmitriý Krutoý ýükleriň Belarusdan Astrahana, soňra bolsa Eýrana getirilmegi, galyberse-de, «Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen Hindistana ýetirilmek mümkinçiligi üçin netijeli ortaça nyrhy tapmagyň zerurdygyny aýtdy.

Eýranyň Inçeburun şäherçesinden Türkmenistanyň serhedine çenli awtomobil ýoly gurlar

Ýakyn iki aýyň dowamynda Eýranyň Inçeburun şäherçesinden Türkmenistanyň Balkan welaýatyna çenli awtomobil ýolunyň gurluşygyna girişiler. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan sebitiniň häkiminiň ykdysady meseleler boýunça utgaşdyryjy orunbasary Saýed Mohammed Dehnewi habar berdi. Saýed Mohammed Dehnewiniň aýtmagyna görä, bu meýilnamany durmuşa geçirilmegi ýurduň Türkmenistana we Aziýanyň beýleki ýurtlaryna amala aşyrýan eksportynyň möçberiniň yzygiderli artmagy bilen baglanyşyklydyr.

Geçen ýylyň dekabrynda Hazar basseýnindäki konteýner dolanyşygy 64,7% pese düşdi

2023-nji ýylyň dekabrynda Hazar deňziniň basseýnindäki portlaryň konteýner dolanyşygynyň derejesi geçen ýylyň dekabryndaky görkezijiler bilen deňeşdirilende, 64,7 %-e çenli pese düşdi. «SeaNews ПОРТСТАТ» onlaýn-serwisiniň seljeriş maglumatlary importuň 37,5 %, eksportuň bolsa 92,8 % peselendigini görkezýär. Kabotaž gämilerinde daşalan konteýnerleriň mukdary geçen ýylky bilen deňeşdirilende, 74,6 % azaldy.

Russiýanyň ulag kompaniýalaryny halkara gatnawlaryna kabul etmegiň tertibi ýönekeýleşdirildi

2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan ýerli ulag kompaniýalaryny halkara ýol gatnawlaryna kabul etmek üçin döwlet hyzmatlaryny bermegiň möhleti 20-den 5 iş gününe çenli azaldylar. Bu düzgüniň Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň gol çeken karary bilen tassyklanandygyny ýurduň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär. Şeýle-de bu hukugy almak üçin zerur bolan reminamalaryň sany azaldyldy. Käbir ýük daşaýjylaryň talaplary bilen baglylykda, ulag kompaniýalary Russiýanyň ulag gözegçiliginiň federal gullugyna bir ýa-da üç resminamany ýollamaly bolarlar. Beýleki resminamalary pudagara elektron ulgamynyň çäginde alyp bolýar.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirýär

Ministrler Kabinetiniň 2-nji fewralda geçirilen mejlisinde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça Maksatnamasynyň» çäklerinde ykdysady ulgamda geçirilen işler barada hasabat berildi. Häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy tarapyndan «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady, 3-nji tapgyr» atly taslamanyň gutarnykly görnüşine gol çekmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň birinji we ikinji tapgyrlary üçin kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, 2019 — 2023-nji ýyllarda alnyp barlan işler barada maglumat berildi. Ýokarda agzalan resminama laýyklykda, 2024-2025-nji ýyllarda taslamanyň üçünji tapgyrynda Durnukly ösüş maksatlaryny ýurdumyzda durmuşa geçirmekde, hasabatlylygy alyp barmakda we gözegçilik etmekde, maliýe esaslaryny berkitmek ulgamynda halkara tejribäni öwrenmekde bilelikdäki işleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meselesi boýunça milli mümkinçiligi ýokarlandyrmak babatda çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biriniň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakdan ybarat

Dünýäde islegli dökün

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda özleşdirilýän iri maýa goýum taslamalary, baý gorly uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler, şol sanda gymmatly mineral dökünler bilen birlikde, nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri içerki zerurlyklara hem-de ählumumy rowaçlygyň bähbidine, özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilýär. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesinde gurlup, 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizilen karbamid zawody hem munuň aýdyň güwäsidir. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň täze belentlikleri nazarlaýandygyny hem alamatlandyrdy. Geçen ýyl bu kärhanada 1 million 32 müň tonnadan hem köp karbamid döküni taýýarlanylyp, bitirilen işiň pul hasabyndaky möçberi 806 million manada barabar boldy. Bu görkeziji, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, himiýaçylaryň önümçiligiň pul hasabyndaky ösüş depginini 122,4 göterime çenli ýokarlandyryp, 147 million manatlykdan gowrak işi artyk özleşdirendiklerinden habar berýär. Taýýarlanylan önümiň 828 müň tonnadan gowragynyň daşarky bazarlara çykarylandygy bolsa has-da buýsandyryjy görkezijidir. Netijede, bu ugurda gazanylan ösüş depgini 120 göterimden hem geçirilipdir.

Ulag ulgamynyň ösüşleri

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ulag-aragatnaşyk ulgamynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda giň gerimli işler alnyp barlyp, bu günki günde bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda onuň mümkinçilikleri has-da pugtalandyrylýar. Bu bolsa ulag-logistika pudagynyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlykda kämil derejä ýetirilýändigini görkezýär. XXI asyrda ýaşaýşy ulagsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Gündelik durmuşymyzda ulagyň möhüm ähmiýeti bar. Ulaglar ilki-ilkiler diňe ýükleri ýa-da adamlary bir ýerden başga ýere äkitmek üçin peýdalanylan bolsa, indi ulag ulgamy her bir döwletiň ykdysady, syýasy, medeni-durmuş taýdan ösmegi üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şonuň netijesinde, bu ugruň döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ösmeginde we ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakda ähmiýeti örän uludyr.

Garabogazda gurulýan awtoulag köprüsi

Berkarar Watanymyz geografiki taýdan amatly ýerde, ýagny yklymara geçelgeleriniň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr ulag kuwwatyna eýe bolup durýar. Ýurdumyzyň bu babatdaky giň mümkinçiliklerini ählumumy bähbitleriň hyzmatyna gönükdirmekde häzire çenli durmuşa geçirilen taryhy tutumlar sözüň doly manysynda nusgalykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiliginiň ajaýyp miweleri bolan şeýle döwletli işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda üstünliklere beslenýär. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsi muňa buýsançly subutnamalaryň biridir. Hormatly Prezidentimiz halkara ähmiýetli bu awtomobil köprüsiniň gurluşygyna 2022-nji ýylyň awgust aýynyň başlarynda ak pata berdi. Häzirki wagtda onuň gurluşyk işlerini ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti ýerli hünärmenler bilen bilelikde ýerine ýetirýär. Şunda awtomobil köprüsiniň ýük göterijilik we geçirijilik, şeýle-de uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmek mümkinçilikleriniň halkara ölçeglerdir düzgünlere doly laýyk gelmegini gazanmak esasy maksat bolup durýar. Munuň özi köpriniň gurluşygynda esasy talaplaryň biridir. Öňde durýan maksada ýetmekde daşky gurşawyň täsirine uzak

Dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­re giň ýol

Ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýän ata Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatyny dowam etdirip, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwletiň maliýe syýasatynyň ösüşi maliýe ulgamyny kämilleşdirmäge, döwrebaplaşdyrmaga, innowasiýalara, durnukly ykdysady ösüşe, maliýe böleginiň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlara we wezipelere laýyklykda, ýurtda durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmäge, ykdysady ösüşi diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen täze tapgyrlaýyn işler amala aşyrylyp başlandy.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde

Türkmenistanyň PrezidentiSerdar BERDIMUHAMEDOW:–– Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçilikden ýerlikli peýdalanarys. Taryh gatyna giren 2023-nji ýylda daşary syýasatymyzdaky gazanylan üstünlikler, şöhratly wakalar barha dabaralanýar. Ösüşlere beslenýän häzirki döwrümizde ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag diplomatiýasyny ýaýbaňlandyrmak babatda giň möçberli işleri ýola goýdy.