Russiýanyň ulag kompaniýalaryny halkara gatnawlaryna kabul etmegiň tertibi ýönekeýleşdirildi

8 Fewral 2024
511

2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan ýerli ulag kompaniýalaryny halkara ýol gatnawlaryna kabul etmek üçin döwlet hyzmatlaryny bermegiň möhleti 20-den 5 iş gününe çenli azaldylar. Bu düzgüniň Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň gol çeken karary bilen tassyklanandygyny ýurduň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Şeýle-de bu hukugy almak üçin zerur bolan reminamalaryň sany azaldyldy. Käbir ýük daşaýjylaryň talaplary bilen baglylykda, ulag kompaniýalary Russiýanyň ulag gözegçiliginiň federal gullugyna bir ýa-da üç resminamany ýollamaly bolarlar. Beýleki resminamalary pudagara elektron ulgamynyň çäginde alyp bolýar.

Beýleki habarlar