"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Telekeçilik — ykdysadyýetiň möhüm ugry

Garaşsyz ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan telekeçiligi ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär, bu babatda möhüm ähmiýetli çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde, şonuň ýaly-da «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» telekeçiligiň ösüşini dünýä derejesine çykarmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň berýän ajaýyp miwesidir. Bu günki gün telekeçilik ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pajarlap ösmegine, barha kuwwatlanmagyna önjeýli goşant goşýan pudaklaryň birine öwrüldi. Muny hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kiçi we orta telekeçiligi has-da ýokary depginler bilen ösdürmegiň, şonuň netijesinde jemi içerki önümiň ösüşinde hususy pudagyň paýyny 71 göterimden hem artdyrmagyň göz öňünde tutulýandygynyň bellenilmegi-de şu aýdylany doly tassyklaýar. Şol mejlisde hormatly Prezidentimiziň senagatda, gurluşykda, oba hojalygynda geçen ýylda amala aşyrylan işler, gazanylan netijeler barada getiren delilleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde t

Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siz bilen şöhratly gül Diýarymyz!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Ýurdumyzyň ösüş ýoluny şan-şöhrata beslemek biziň el-ele berip, birek-birege düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanjak ýeňişlerimize baglydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli parasatly başlangyçlary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy jan-dilden söýmek, halka, ile-güne halal hyzmat etmek ýaly asylly däpler mynasyp dowam etdirilýär. Peder ýörelgelerine uýmak, janypkeşlik bilen agzybirlikde zähmet çekmek, keremli topragyňy söýmek, ata Watanyňy başyňa täç etmek, sözüň doly manysynda, gudrat döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlas-myradyndan Watanymyz jenneti mekana öwrülýär, il-ýurt bähbitli binalardyr desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň açyp ulanmaga berýän binalarydyr desgalarynyň toý-dabaralaryna gatnaşmak her bir adam üçin bagt. Uludan tutulan toýdur baýramlar ata Watanyňa söýgiňi, beýik ösüşlere buýsanjyňy artdyrýar, ruhuňy beýgeldýär, ömrüňe ömür goşýar.

Ýokary hilli ýüplükler

Ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady  özgertmelere laýyklykda, senagatyň beýleki ulgamlary bilen birlikde, dokma pudagyny täze belentliklere götermek hem milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat etrabyndaky «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýokary üstünliklere beslemek ugrunda netijeli zähmet çekilýär. Dünýä belli kompaniýalaryň iň kämil enjamlarydyr tilsimatlary bilen enjamlaşdyrylan toplumda daýhan azabyndan emele gelýän pagta kärhananyň bölümlerinde ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän dürli ölçeglerdäki ýüplüge öwrülýär. Toplumdaky bölümlerde oturdylan kämil enjamlara ýüplük taýýarlamak üçin  zerur bolan çig mal kuwwatly howa sorujy ulgamlar arkaly berilýär. Ýörite enjamlar süýümi kabul edip, ony hil boýunça toparlara bölýär we daraýjy enjama geçirýär. Toplumyň ikinji bölüminde taýýar ýüplük doly awtomatlaşdyrylan enjamlarda zerur hasaplanan ýogynlykdaky sapaklara öwrülýär. Önümçiligiň häzirki zaman tehnologiýasy bu ýerde ýokary hilli, dürli ölçeglerdäki sapaklary düwünsiz öndürmäge, olary dürli görnüşli matalary taýýarlamakda giňden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. 

«Giňderäniň» önümlerine isleg uly

Berkarar Diýarymyzy ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýan döwlete öwürmek, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksadyna gönükdiren giň gerimli özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde ýurdumyzyň hususy işewürleriniň mynasyp paýy bardyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Giňdere» hususy kärhanasy hem welaýatymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda joşgunly zähmet çekýän kärhanalaryň biridir.  — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan gurluşyk senagatynda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli ulanylmagy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýan gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini çykarmaga mümkinçilik berýär.

Şanly ýylyň batly gadamlary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» kabul etmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, täze kärhanalary gurup işe girizmek, müňlerçe täze iş orunlaryny döretmek boýunça belent maksatlary öňümizde goýduk» diýip belleýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir. Şol maksat bilen döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda şu ýylyň 13-nji martynda Köýtendag etrabynda ýylda bir million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry ulanmaga berildi hem-de ol halkara güwänamasyna mynasyp boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy, başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan maksatnamalar häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek ýoluny saýlap alan Türkmenistanda bu ugurda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilip, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzir

Bazar bolçulygyna bagyşlanan forum

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetiň hususy böleginiň ornuny ýokarlandyrmakda we hususy telekeçilige ýakyndan ýardam bermekde uly üstünlikler gazanylýar. Şeýlekin yzygiderli goldawyň netijesinde, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli oba hojalygynyň iri kärhanalary, tutuş senagat zolaklary, döwrebap ýyladyşhana toplumlary, önümçiligiň we gaýtadan işlemegiň bitewi ulgamyny öz içine alýan guş toplumlary, maldarçylyk we balykçylyk hojalyklary, bakja ekerançylygy hem-de bagçylyk toplumlary döredildi. Şu işleriň netijesini görmek her bir ynsanyň buýsanjyny goşalandyrýar. Mart aýynyň 17 — 19-y aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat geçirildi. Onda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlarda iş alyp barýan 230-dan gowrak agzasy öz önümlerini hödürledi. Döwlet Baştutanymyzyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, berkarar döwletimizi, bagtyýar döwrümizi, beýik galkynyşlarymyzy arzuw eden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen bu giň möçberli sergi milli ykdysadyýetimiziň barha pugtalanýan kuwwatyny, saçaklarymyzyň berekedini, bazarlarymyzyň bolçulygyny açyp görkezýär. Hakykatdan hem sergidäki önümleriň aglabasynyň diňe ýurdumyzda däl, eýsem

Zangezur geçelgesiniň açylmagy bilen ýük daşamagyň derejesi artdyrylar

Zangezur geçelgesiniň açylmagy Orta geçelgä tarap daşalýan ýüküň möçberini her ýyl 25 tonna çenli artdyrmaga mümkinçilik döreder. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň infrastruktura we ulag ministri Abdulkadir Uraloglu belledi.

Ösüşiň täze mümkinçilikleri

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köýtendag etrabynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny mundan beýläk-de ösdürmekde we sementiň eksportyny artdyrmakda täze mümkinçilikleri döreder. Onuň üstümizdäki ýylda ulanmaga berlen ilkinji iri önümçilik desgasydygy bolsa, aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, beýleki pudaklar bilen birlikde ýurdumyzyň gurluşyk materiallary senagaty hem uly ösüşlere eýe bolýar. Gürrüňi edilýän sement zawody hasaba alnanda bu ýerde her haýsysynyň önümçilik kuwwaty 1 million tonna barabar bolan 2 sany sement zawodynyň hereket etmegi ýurdumyzda öndürilýän sementiň önümçiligini düýpli artdyrar. Diýarymyzyň beýleki sebitlerinde hereket edýän sement zawodlaryny hem hasaba alanyňda bu ugurda bar bolan kuwwatlyklaryň düýpli berkeýändigine göz ýetirmek mümkin. Ýerli çig malyň binýadynda sementiň we beýleki gurluşyk serişdeleriniň önümçilik depginindäki ösüş hem ýurdumyzyň senagatynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär.

Gurýan döwlet gurpludyr

Gurýan döwlet gurply döwletdir. Gurlup, ulanylmaga berilýän täze binalaryň her biri döwletimiziň berkararlygynyň, ykdysady taýdan ösen döwletdiginiň, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek, şeýle hem halkymyz hakynda tagalla edilýändiginiň görkezijisidir. Bu taryhy wakalaryň her biri Gahryman Arkadagymyzyň oňyn, döwletli başlangyçlaryny, beýik işlerini dowam edýän, olara rowaçlyk berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işlerdir, amala aşyrýan belent maksatlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlup, ulanylmaga berilýän durmuş-ykdysady, medeni-durmuş maksatly döwrebap binalaryň açylyş dabarasyna Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagy bu şanly wakalaryň ähmiýetini dünýä ýaýýar. Şu ýylyň 13-nji martynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyranda Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi täze taryhy eýýamymyzyň senenamasyny has-da baýlaşdyran şanly waka boldy.

Beýik ösüşleriň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly beýik ösüşlere beslenýär. Mälim bolşy ýaly, 22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Biziň ýokary okuw mekdebimizde hem taryhy maslahatdan gelip çykýan wezipelere bagyşlanan maslahat geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde parahatçylyk, asudalyk, abadançylyk, agzybirlik höküm sürýär, halkymyz bagtyýar hem-de bolelin durmuşda ýaşaýar. Adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Aýratyn-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna uly üns berilýär.

Belent üstünlikleriň şuglasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  parasatly baştutanlygynda eziz Diýar ösüşlere beslenýär Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda belent üstünlikler gazanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün edýär, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysady ösüşlere goşant goşýan pudaklaryň aýratyn orny bardyr. Çünki ýurdumyzyň pudaklarynda täze önümçilikler ýola goýlup, belent maksatlara ýetmegiň ýollary işlenip taýýarlanylýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde amala aşyrylýan işleriň ýokarydygyny aýdyň görkezýär.

Gazagystanda awtoulagda ýük daşamak üçin rugsatnamalary almagyň täze düzgünleri işlenip taýýarlanyldy

«Zakon.kz» habarlar gullugynyň maglumatlary Ulag ministrliginiň Gazagystan Respublikasynda ýol ulaglary üçin ygtyýarnama ulgamyny halkara düzgünlerinde ulanmak boýunça üýtgeşmeleri girizýändigini tassyklaýar. Şeýlelikde, Gazagystan Respublikasynda awtoulag gatnawyna rugsat berýän ulgamyň halkara ulag aragatnaşygynda ulanylmagynyň düzgünleri täze tassyklanan redaksiýada kesgitlenildi.

Täze gaz geçiriji öý-ojaklara eşret paýlaýar

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň hünärmenleridir işgärleri Mary welaýatynyň bagtyýar ilatyny döwletimiziň halkymyza berýän eşreti — tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde öz işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna laýyk guraýarlar. Olar welaýatyň şäherlerinde hem-de obalarynda Milli maksatnama laýyklykda, täze gaz geçirijileri gurmak, ozaldan hereket edýän gaz geçirijileriniň durkuny täzelemek işlerini alyp barýarlar. Ýakynda müdirligiň buýurmasy esasynda welaýatyň Tagtabazar etrabynyň çäginde Töreşyh-Tagtabazar ýokary basyşly gaz geçirijisi gurlup ulanmaga berildi.

Gadamlary batly, ýürekleri joşly

Geçen ýyl «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri üçin şowly boldy. Olaryň birleşen tagallalary arkaly ýyllyk meýilnama möhletinden öň berjaý edildi. Gazanylan üstünlik täze ýylda has belent sepgitleri eýelemäge hem binýat bolup hyzmat edýär. Eýsem, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanan iki aýynda nähili netijelere eýe bolundyka? Biz şeýle sowal bilen müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetowa ýüz tutduk. Şonda ol: — Üstümizdäki şanly ýyly hem üstünliklere beslemek, tebigy gazyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ugrunda edilýän tagallalar ýerine düşýär. Gazçylarymyz gymmatly önümleri öndürmekde gowy netijeleri gazanýarlar — diýip, bizi önümçilik görkezijileri bilen tanyşdyrdy.

Hususy pudak: täzeçillik we öňegidişlik

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli 17 — 19-njy mart aralygynda geçirilýän sergi hem-de maslahat hususy pudagyň wekilleriniň — senagatçylaryň we telekeçileriň gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýär. Diýarymyzyň çar ýanyndan hususyýetçileriň 230-dan gowragyny ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda jemlän gözden geçirilişiň pawilýonlarynda azyk harytlarynyň, dokma, mebel, hojalyk himiýasy önümleriniň, aýakgaplaryň, gurluşyk serişdeleriniň, awtoulag ýaglarynyň, akkumulýatorlaryň, elektron enjamlaryň dürli görnüşleri, gurluşyk pudagynda, syýahatçylyk, jemgyýetçilik iýmiti, maliýe we bank, ätiýaçlandyryş ugurlarynda iş alyp barýan düzümleriň hyzmatlary tanyşdyrylýar. Biz hem bu ýerde bolup, giň gerimli gözden geçirilişde ünsümizi çeken täzeçillikler barada hünärmenleriň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Ýurdumyzda ilkinji, Merkezi Aziýada iň uly

«Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi işewürlik durmuşynyň iň işjeň merkezleriniň birine öwrüler

17-nji martda paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik toplumynyň üsti Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlan ajaýyp bina — işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi bilen ýetirildi. Täze toplum işewürlik durmuşynyň ýene bir işjeň merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler. Onuň açylmagy bilen, bu ýerde ýüzlerçe täze iş orunlary hem döredildi.

Ýollar Diýar giňişliklerine uzaýar

Köýtendagdaky iri senagat kärhanasynyň açylyşyndaky ýakymly pursatlaryň ýol ýazgysy Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Munuň özi senagat toplumynyň mümkinçilikleriniň artdyrylýandygynyň, türkmen topragynyň baý serişde gorlarynyň netijeli ulanylýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Ençeme iş orunlarynyň döremegine, ykdysadyýetiň girdejililiginiň artmagyna, netijede, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna ýardam etjek bu iri desganyň açylyş dabarasyna şaýat bolmak bize-de nesip etdi.

Söwda — senagat — sergi

Dünýäde ösüşleriň alamatyny aýdyň ýüze çykarýan serişdeleriň arasynda önümçilik diýlen düşünje esasy orunly eýeleýär. Ata-babalarymyzyň belleýşi ýaly, gurmak — gurplulyk, öndürmek — ösüş. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň hakydalardan hiç haçan öçmeýän dabarasy hem şu düşünjeler bilen berk baglanyşyklydyr. Ol ýurtdan bu ýurda, bu ýurtdan ol ýurda gatnan kerwenlerdäki täjirler bazarlarda sergi bolup ýatan harytlara görä, ýurduň derejesini kesgitläpdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ykdysadyýetiň täze belentliklerine bedew bady bilen göterilýär. Bazarlarymyzda öz önümlerimiz ýylyň-ýylyna köpelýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň geçen hepdedäki söwdalary

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 37 sa­ny­sy ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Ow­ga­nys­tan­dan, Tür­ki­ýe­den, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den, Mal­ta­dan hem-de Azer­baý­jan­dan ge­len te­le­ke­çi­ler «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­nin­de ön­dü­ri­len awia­ke­ro­si­ni, az kü­kürt­li ýa­kyş ma­zu­dy­ny, aw­to­ben­zi­ni, gid­ro usul­da aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny, şeý­le-de «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­nin­de ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy we «B» mar­ka­ly kar­ba­mi­di sa­tyn al­dy­lar. Bu­lar­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy 77 mil­li­on 23 müň 300 ame­ri­kan dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

«TÜRKMEN ENJAM» HOJALYK JEMGYÝETI: — BIZIŇ MAKSADYMYZ — MILLI ÖNÜMÇILIGI ARTDYRMAGA MYNASYP GOŞANT GOŞMAK

Le­bap se­ment za­wo­dy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nda ýylda 1 million tonna sement öner 13-nji mart­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Le­bap we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, Köý­ten­dag et­ra­byn­daky ýyl­da 1 mil­li­on ton­na se­ment ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik­li Le­bap se­ment za­wo­dy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra gat­naş­dy.