Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 37 sanysy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan hem-de Azerbaýjandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awiakerosini, az kükürtli ýakyş mazudyny, awtobenzini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy we «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 77 million 23 müň 300 amerikan dollaryndan gowrak boldy.