"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Zenanlar önümçilikde tapawutlanýarlar

«Marygazçykaryş» müdirligi 4-nji Tehnologik ulaglar kärhanasy, Ýaşaýyş jaý-kommunal kontorasy, Durmuş taýdan dolandyryş edarasy, «Merw» bedenterbiýe-sport futbol kluby ýaly önümçilik we önümçilik däl edaralary, önümçilik sehleri, bölümleriň onlarçasyny, «Galkynyş» gaz käninde ýerleşýän zawodlar toplumyny özüne birleşdirmek bilen, agzybir işçi-hünärmenlerimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýji bolan nebitgaz toplumyna öz mynasyp goşandyny goşýarlar. «Marygazçykaryş» müdirligi tarapyndan gazy we kondensaty çykarmak, tebigy gazy taýýarlamak, şeýle hem gazyň, gaz kondensatynyň, kükürdiň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, guýularyň ulanylyşy, barlanylyşy, ýerasty we düýpli abatlamak, ýer gatlaklaryndan gaz akymyny güýçlendirmek boýunça işler geçirilýär, maýa goýumlary özleşdirilýär.

Türkmenistanyň we «CNPC»-niň wekilleri gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

28-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew Hytaýyň dünýä belli «CNPC» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşdy. Duşuşykda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 17 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, awiakerosini, yşyklandyryjy kerosini hem-de az kükürtli ýakyş mazudyny satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 38 million 469 müň 400 amerikan dollaryna deň boldy.

Oýun ýaly usul arkaly ÜSTÜNLIGE we üpjünlige tarap

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Bodo ŞEFER

Kärhananyň marketing strategiýasynyň işlenilip taýýarlanylyşy

Soňky döwürde marketing strategiýalaryna uly ähmiýet berilýär. Diňe birnäçe ýyl ozal, strategik marketing, ilkinji nobatda, kompaniýanyň geljegine gönükdirilen we üýtgeýän daşarky şertlere jogap berýän işiniň umumy ugruny kesgitlemek hökmünde hödürlenipdi. Dürli guramalaryň we kärhanalaryň ösüşini strategik dolandyrmak üçin esasy gurallaryň biri marketing strategiýasydyr. Soňky döwürde marketing pudagyndaky daşary ýurtly alymlar öz işlerinde marketing strategiýasynyň düýp manysyny kesgitlemek bilen baglanyşykly meselä çynlakaý çemeleşip başladylar. Marketing strategiýasy 1980-nji ýyldan bäri, ylmy gözlegleriň esasy temalarynyň biri hökmünde orta çykýar. Marketing düşünjesine ylmy edebiýatlarda birnäçe kesgitleme berilýär. Professor E.A.Utkin marketing strategiýasyna: «Kärhananyň ähli strategik dolandyryşynyň aýrylmaz bölegi we işiň meýilnamasydyr. Esasy wezipesi önümçilik işgärlerini, kompaniýanyň işgärleriniň intellektual ösüşini goldamak we ösdürmek, öndürilen önümleriň görnüşini we hilini ýokarlandyrmak, täze bazarlary ösdürmek, satuwy köpeltmek we netijede iş netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr» diýip, kesgitleme berýär.

8 million tonna çenli artdyrar

Gazagystan nebit önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça taslamalaryň üstünde işleýär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi içerki bazaryň zerurlyklaryny doly üpjün etmäge hem-de nebit önümlerini goňşy ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer. Gazagystanyň Energetika ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň 4 aýynda ýurtda 5,9 million tonna nebit gaýtadan işlenildi — bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,4 göterim köpdür.

Ulaglar arkaly türkmen-gazak söwda dolanyşygy 100 million dollardan geçdi

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada düýn Gazagystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen duşuşykda mälim edildi. «Şu ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 million amerikan dollardan geçdi. Oňyn ösüş depginleri ýakyn geljekde özara söwdamyzy 1 milliard amerikan dollara çenli ýokarlandyrmak baradaky maksada ýetmäge ynam döredýär» diýip, Gazagystanyň Premýer ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu belledi.

Welaýatymyzda 300 müň tonna golaý sement öndürildi

Şu ýylyň mart aýynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bu ýerdäki önümçiligiň depginine diýseň uly täsir etdi. Muny zawodda şu ýylyň geçen dört aýynda öndürilen sementiň mukdary hem tassyklaýar. Bu kuwwatly kärhanada şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda öndürilen sement 295 müň 204 tonna ýetdi. Munuň özi geçen ýyldakydan ep-esli köpdür. Öndürilen sement dessine sarp edijilere ugradyldy. Şunda önümiň 17 müň 826 tonnasyny daşary ýurtly müşderileriň satyn almaklary kuwwatly kärhananyň ýokary hilli önümlerine bolan islegiň artýandygyny görkezýär. Zawodda geçen dört aýda önümleri ýerleşdirmekden 59 million manada golaý girdeji alyndy.

IRU создает логистические центры МДП в Китае для диверсификации маршрутов грузоперевозок

В китайском городе Кашгар начал работу первый логистический центр по международной системе таможенного транзита (МДП), аккредитованный Всемирной организацией автомобильного транспорта (IRU), передает во вторник Trend со ссылкой на IRU. "Этот уникальный объект объединяет все основные транзитные услуги под одной крышей: таможенное оформление, складирование, обработку грузов, разработку маршрутов и подбор транспортных мощностей. Такой комплексный подход повысит эффективность и сократит расходы транспортных компаний, работающих в Центральной и Южной Азии, а также доставляющих грузы из Китая на Ближний Восток и в Европу", — отметили в IRU.

Belent ösüşleriň aýdyň beýany

24-nji maýda paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Bu gözden geçiriliş şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, toplan tejribesini we mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda häzirki döwürde Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, gözel paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inženerçilik-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek ugrunda giň möçberli çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk, sport maksatly desgalar, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir baş şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda hem möhüm orna eýe bolýar.

Sergä gatnaşyjylara söz berýäris:

Kemal ÝASAWULOW,«Türkmen bina gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni: — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda ýurdumyzyň ähli künjegi, şol sanda gözel paýtagtymyz hem görlüp-eşidilmedik derejede gözelleşýär. Gurlup ulanylmaga berilýän kaşaň binalar «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alýar. Biziň hojalyk jemgyýetimiz hem şeýle ajaýyp binalaryň gurluşygyna özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gurlan hem-de häzirki wagtda gurulýan ençeme ýaşaýyş jaýlarynyň we çagalar baglarynyň binalarynyň gurluşygy biziň agzybir toparymyza degişlidir. Ynha, bu gün hem gözel paýtagtymyzyň güni mynasybetli geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergide, beýleki hususy kärhanalar bilen birlikde, biz hem özümiziň alyp barýan gurluşyk işlerimizi görkezmäge geldik. Şu pursatdan peýdalanyp, halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn.

Ykdysady özgertmelere giň ýol

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde, şeýle hem ykdysadyýeti dolandyrmagyň bazar gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagynda, önümçilige öňdebaryjy innowasion tehnologiýany ornaşdyrmakda, eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ýaýbaňlandyrylmagynda, dünýäniň dürli döwletleri bilen köpugurly işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda ýurdumyzyň pul-karz syýasatyna möhüm orun degişlidir. Pul-karz syýasatynyň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetini zerur bolan möçberde pul-karz serişdeleri bilen üpjün etmekden we olaryň maksadalaýyk ýokary netijeli ulanylmagyny gazanmakdan, şeýle hem halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Munuň üçin milli pulumyzyň ýerli serişdelerden ybarat bolan haryt üpjünçiligini artdyrmaklyga, ilata hödürlenilýän tölegli hyzmatlaryň görnüşlerini köpeltmäge we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasat ýöredilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler örän begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen bank edaralarynyň düzümi yzygiderli kämilleşdirilýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşiniň köpeldilmegine degişli möhüm ähmiýetli işleriň uly topary durmuşa geçirilýär. Bank ulgamyny sanly ykdysadyýete geçirmek olaryň arasynda aýratyn orny eýeleýär. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy, elektron töleg ulgamynyň bank önümçiligine giňden ornaşdyrylmagy bilen nagt däl pul hasaplaşyklarynyň gerimi has giňeldi. Pul aýlanyşygynyň kadaly hereketi ýo

Nurana menziller, bagtyýar ýyllar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli belent maksatlarynyň netijesinde ýurdumyzyň durmuşyna giň gerimli özgertmeleriň örän çalt depginlerde ornaşdyrylmagy, gerimi we ähmiýeti jähetden geljegi nazarlaýan möhüm işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy beýik ösüşleriň milli ulgamyny kemala getirdi we netijeliligini äşgär etdi. Berkarar Diýarymyz ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlaryň hataryna goşuldy. Welaýatlarymyzyň ählisinde täze döwrebap etraplar, şäherçelerdir obalar emele geldi. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň binagärlik keşbi düýpli özgerdi, olarda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri, medeniýet köşkleri, stadionlar, şypahanalar we beýleki durmuş-ykdysady maksatly desgalar guruldy. Gojaman Köpetdagyň ajaýyp eteginde türkmen döwletiniň ösüşlerini, täze gazananlaryny, tehniki öňegidişliklerini dabaralandyrýan täze Arkadag şäheri döredi. Ak şäherimiz Aşgabatda gurlan Medeniýet şäherçesiniň, Olimpiýa şäherçesiniň we ýurduň günbatarynda gojaman Hazaryň kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp binagärligi, gözelligi bu gün dünýäniň halklaryny dostluga, doganlyga, medeni we ykdysady hyzmatdaşlyga çagyrýan türkmeniň kämil garaýşyny, köňül arzuwyny, gözel kalbynyň owazyny alamatlandyrýar. Olarda mähriban halkymyza döre

Döwrebap desgalaryň gurluşygynda

Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak barada öňde goýýan wezipelerinden, berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatymyzyň çäklerinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, onuň dürli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar, bilim, saglygy goraýyş merkezleri, sport desgalary we beýleki ugurlara degişli binalar gurlup, bellenilen möhletlerde ulanmaga berilýär. Bu ymaratlary bina etmeklige döwlet hem-de telekeçilik kärhanalarynyň gurluşykçylary işjeň gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda «Daşoguzobagurluşyk» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki düzümleriniň gurluşykçylary hem bar. Belli bolşy ýaly, birleşigiň garamagynda hereket edýän Daşoguz şäherindäki 3-nji gurluşyk-gurnama — taslama müdirliginiň, Şabat etrabyndaky 6-njy gurluşyk-gurnama müdirliginiň, Boldumsaz etrabyndaky 12-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle binalaryň, desgalaryň ençemesini gurup, ozaldan bar bolanlarynyň durkuny täzeläp, abatlaýyş işlerini geçirip, bu ugurda ýerine ýetirilýän işlere önjeýli

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Işjeň hyzmatdaşlyk Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ösmegine kuwwatly itergi berýär. Kämil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda uly ähmiýete eýe bolýar.

Ösüşlere beslenýän pudak

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimiziň senagat kuwwatyny has-da ösdürmek boýunça oňyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň himiýa senagatynyň hünärmenleriniň  netijeli işlemekleri üçin hem ähli şertler döredilýär. Himiýa senagaty ykdysadyýetdäki düzümleýin özgertmelere oňat täsir ýetirýän, şeýle-de uzak möhletleýin we durnukly ösüşiň esasyny goýýan senagatyň binýatlaýyn bölegi bolup durýar. Himiýa senagatynyň ösdürilmeginiň maksatnamasy ýerli çig maly doly peýdalanmaga, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga, dürli himiýa önümlerini daşary ýurtlara eksport etmäge, pudagyň kuwwatyny artdyrmaga, obasenagat toplumyny ösdürmäge gönükdirilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny rejeli we netijeli peýdalanmaga gönükdirilen möhüm wezipeleriň oňyn çözülmegine gönükdirilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda himiýa senagatyny güýçli depginler bilen ösdürmekde tutumly işler amala aşyrylýar. Munuň üçin bolsa Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmeýär.

Arassa agyz suwy — sagdynlygyň sakasy

Rysgal-berekediň binýady, eşretli durmuşyň gözbaşy bolan suwa goýulýan hormat-sarpa, ony netijeli peýdalanmakda asyrlaryň dowamynda toplanylan tejribeler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hil taýdan täze belentliklere göterilýär, häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň gazananlaryna daýanmak arkaly düýpli tutumlar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryndan gözbaş alýan şeýle döwletli tutumlarda diňe bir arassa agyz suw üpjünçiliginiň binýadyny berkitmek bilen çäklenilmän, eýsem, halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygynyň naýbaşy orunda goýulmagy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakynda ulanmaga tabşyrylan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda aýratyn bellemek bilen şeýle diýdi: «Arassa agyz suwy adamlaryň saglygyny goramaga, ömür dowamlylygyny artdyrmaga uly mümkinçilik döredýär».

Işleriň depgini ýokary

Köýtendag etrabynda 2013-nji ýylda işe girizilen sement zawody her ýylda 1 million tonnadan gowrak sement öndüren bolsa, şu ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen zawodyň ikinji tapgyry önümçiligiň kuwwatyny iki esse artdyrdy. Sarp edijileriň semente bolan islegini günübirin kanagatlandyryp durmak örän sazlaşykly guralan önümçiligi talap edýär. Galyberse-de, bu ýerde önümçiligiň sazlaşykly we üznüksiz bolmagyny üpjün etmek üçin awtomatlaşdyrylan ulgamy işletmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenler gerek. Lebabyň sement zawodynyň birinji nobatdakysy özüniň aýlyk we ýyllyk meýilnamalaryny birsyhly ýerine ýetirip gelýär. Kärhana «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem oňat netijelere besleýär. Geçen dört aýda 295 müň 204 tonna sement öndürilip, onuň ählisi sarp edijilere ugradyldy. Munuň özi bu ýerde öndürilýän sementiň dessine satyn alynýandygyny görkezýär. Daşary ýurtly işewürler hem lebap sementini satyn almaga barha köp isleg bildirýärler. Olar geçen dört aýda 17 müň 826 tonna sement satyn aldylar. Önüm geçginli bolsa, girdeji hem ýokary bolýar. Dört aýda satylan sement önümlerinden kärhana gelen pul 58 million 741 müň 498 manada barabar boldy. Bu görkezijiler zawodda işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygyny görkezýär.

Eziz Diýar — bagtyýarlygyň mekany

Ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, belent üstünlikler halkymyzyň agzybirliginiň, parahat durmuşynyň aýdyň netijeleridir. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän desgalar, belent-belent binalar bu ösüşleriň anyk mysallarydyr. Dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary, sanly ulgamyň iň ýokary derejesi, «akylly» öýler döwrebaplygyň we beýik işleriň netijeleridir. Türkmen halky bu gün dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp özgerişleriň mekanynda ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeler özüniň oňyn netijesini berýär. Bu özgertmeler diňe bir ýurdumyzyň ösüşine däl-de, eýsem, dünýäniň ösüşine hem, halklaryň hoşniýetli gatnaşyklaryna hem oňat täsir edýär. Muňa mysal edip, ýurdumyzda bolup geçen şanly wakalary aýratyn bellemek bolar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi şanly wakalaryň biri boldy. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň sebitlerini birikdirmän, ulag-üstaşyr geçelgeleri üçin hem ähmiýetlidir. Çünki ýollar gatnaşyklaryň, söwdanyň möhüm ugry hökmünde kabul edilýär. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, özgertmeler

Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda asylly işler durmuşa geçirilýär. . Ýurdumyzda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, durmuş üpjünçiligi ulgamlaryna gönükdirilen beýik işler alnyp barylýar. Türkmenistanda durmuş ugurly ykdysadyýeti ösdürmek babatda alnyp barylýan işleriň netijesinde, maýa goýum serişdeleriniň esasy bölegi önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalary hem-de desgalary gurmaga, ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga, täze, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kärhanalary döretmäge, hususy ulgamy ösdürmäge gönükdirilýär. Ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk, medeni we sport desgalary yzygiderli gurulýar.