"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Täjigistanda täze mekdep — dost-doganlygyň nyşany

1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde uly dabaralar geçirildi. Bu baýramçylyk gününde ähli bilim ojaklary ýaş nesle giňden gujagyny açdy. Şeýle baýramçylyk çäreleriniň biri-de Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirildi. Gündogaryň akyldar şahyrynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary wagtynda geçirilipdi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary bu durmuş ähmiýetli desganyň gurluşygyna sanly ulgam arkaly ak pata beripdiler.

Aşgabatda “Türkmentel-2024” halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler

2024-nji ýylyň 14-16 noýabry aralygynda Türkmenistanyň paýtagty telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradioýaýlyma bagyşlanan “Türkmentel-2024” atly Halkara sergini we ylmy maslahatyny kabul eder. Bu çäre aragatnaşyk pudagyndaky soňky gazananlary görkezmek we pudagyň ösüş geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy meýdança bolar. Serginiň gatnaşyjylary we myhmanlar dünýä telekommunikasiýa senagatynyň iň täze işläp düzenleri we onuň häzirki ösüş ugurlary bilen tanyşmak üçin aýratyn mümkinçilik alarlar. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň sanlylaşdyrylmagy, milli maglumat tehnologiýalarynyň global tora goşulmagy, şeýle hem kiberhowpsuzlyk meseleleri aýratyn üns merkezinde bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanynda iş alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň “Rönesans Holdinge” ynanylmagy bu kompaniýa üçin uly mertebedir. Şeýle desgalaryň yzygiderli ýagdaýda gurulmagy we ulanmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir. Pursatdan peýdalanyp, Erman Ylyjak Milli Liderimizi Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Şeýle-de işewür Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine buýsanýandygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, bu üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň oňyn başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin boldy. Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk strategiýasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär.

Türkmenistan — Täjigistan: Hoşniýetlilik. Ynanyşmak. Ynsanperwerlik

Mälim bolşy ýaly, 1-nji sentýabrda Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şanyna täze bilim edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrülip, 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen badalga aldy. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar. Dostlukly goňşy ýurtdaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gazanylan ylalaşyk esasynda kabul edilen bu çözgüt taraplaryň köpasyrlyk ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan iki halkyň arasynda dostluk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etmäge gyzyklanmalarynyň güwäsidir.

Dostlukly hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

Häzirki wagtda ýurdumyzda döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda goňşy ýurtlar, hususan-da, Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Muny 30-njy awgustda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygynyň geçirilmegi aýdyňlygy bilen görkezýär. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Owganystandaky syýasy-ykdysady durnuklylyga, doganlyk halkyň abadançylygyna gyzyklanma bildirýändigini bellemek gerek. Biziň dostluk goldawymyz ýeňillikli esasda elektrik energiýasynyň we suwuklandyrylan gazyň iberilmeginde, goňşy ýurduň çäklerinde durmuş maksatly desgalary gurmakda, hünärmenleri taýýarlamakda ýüze çykýar.

Gatnaşyklar ösdürilýär

30-njy awgustda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda goňşy ýurtlar, hususan-da, Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi.

«Türkmengaz» döwlet konsernine Türkiýäniň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda möhüm ähmiýetli bolan desgalaryň taslamalaryny milli maýa goýumlaryň hasabyna ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, zerur enjamlar bilen üpjün etmek we goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Resminama laýyklykda, bu desga üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we gaz gysyjy desgany 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarylýar

28-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny EYR-nyň ýokary wezipeli resmi adamlary garşyladylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Eýranyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg Malwajerdiniň söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýlan Türkmenistan bilen Eýranyň hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtadylar.

Türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygy ýokarlanýar

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Döwlet gümrük gullugynyň işi has-da kämilleşdirilýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn möhüm ähmiýet berlip, daşary ýurtlaryň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlyklar barha ýokarlanýar. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 28-nji awgustynda Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, ençeme ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen teklipler öňe sürüldi. Gahryman Arkadagymyz demir we awtomobil ýollary arkaly ikitaraplaýyn ýük gatnawlaryny artdyrmagyň zerurdygyny belläp, «Sarahs» we «Inçeburun» demir ýol nokatlaryndan geçýän harytlaryň möçberini köpeltmegi teklip etdi.

Türkmenistan — Owganystan: däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda

30-njy awgustda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy geçirildi. Owgan tarapynyň wekilleri myhmansöýer türkmen topragyna gelmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Taýlandyň port gözegçiliginiň zenan hünärmenleri tejribe alyşdylar

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň gümrük gulluklarynyň zenan hünärmenleri Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Zenan torlarynyň Ählumumy Maksatnamasynyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň “Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça” Ählumumy Maksatnamasynyň çäklerinde gurnalan Taýlanda sapary amala aşyrdylar. Çäre konteýner daşamalarynda we töwekgelçilikleriň görnüşlerini kesgitlemekde Bangkokda we Laýem Çabangda hereket edýän Port gözegçilik toparlarynyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek maskady bilen Maksatnama gatnaşýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük gulluklarynyň Port gözegçilik toparlarynyň zenan düzümlerine gönükdirildi. 20-22-nji awgust aralygynda amala aşyrylan saparyň dowamynda iş gatnaşyklarynyň hem-de sebitara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Maksatnamanyň Zenan torlary meýdançasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy boýunça geňeşmeler geçirildi. 

TULM deslapky maglumat-üstaşyr deklarasiýalary resmileşdirmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýändigini habar berýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Dowlet gümrük gullugynyň «Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz oňünde tutulýan harytlar barada deslapky maglumatyň düzümi, ony bermegiň we ulanmagyň tertibine» laýyklykda, Türkmenistanyň çägine awtomobil, demir ýol ulaglary arkaly getirilmegi (şol sanda üstäşyr geçirilmegi) göz öňünde tutulýan harytlaryň gümrük resmileşdirilmeleri bilen bagly amallary kämilleşdirmek, ýönekeýleşdirmek hem-de tizleşdirmek maksady bilen şertnamalary baglanşyp, deslapky maglumat-üstaşyr deklarasiýalary (DM) resmileşdirmek boýunça hyzmatlary tölegli esasda (nagt, nagt däl) ýerine ýetirýändigini habar berýär. Hyzmatlardan peýdalanmaga isleg bildiren halatyňyzda, ýokarda agzalan ulag serişdelerinde getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlaryň ýurdumyzyň çägine gelmezinden mümkin boldugyça uzak wagt öňünden ýa-da azyndan 12 (on iki) sagat galanda aşakda görkezilen maglumatlaryňyzy elektron poçta arkaly (dm@tulm.tm) ugradyp bilersiňiz.

«General Motors» we «Samsung SDI» 3,5 milliard amerikan dollarlyk zawod gurar

ABŞ-nyň «General Motors» hem-de Koreýa Respublikasynyň «Samsung SDI» kompaniýalary tarapyndan Indiana ştatynyň Nýu-Karlaýl şäherinde (ABŞ) täze akkumulýator öndürýän zawod gurlar. Täze zawodyň taslamasynyň umumy bahasy 3,5 milliard amerikan dollaryna deň bolup, onuň 2027-nji ýylda işe başlamagyna garaşylýar.

Döwletara gatnaşyklar pugtalanýar

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     2024-nji ýy­lyň 28-nji aw­gus­tyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri iş sa­pa­ry bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da bol­dy. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Pre­zi­dent Ma­sud Pe­zeş­ki­an hem-de Be­ýik ru­hy li­der Aýa­tol­la Se­ýed Ali Ho­seý­ni Ha­me­ne­ýi bi­len gep­le­şik­le­ri ge­çir­di.

Türkmenistan — Owganystan: däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda

Aşgabat, 30-njy awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär. Şunda döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda goňşy ýurtlar, hususan-da, Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen-owgan gatnaşyklary özara hormat goýmak, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar.

Türkmenistan — Owganystan: däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda

Aşgabat, 30-njy awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär. Şunda döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda goňşy ýurtlar, hususan-da, Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen-owgan gatnaşyklary özara hormat goýmak, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar.

Tähran duşuşygy: ýol goňşudan başlanýar

Milli Liderimiziň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary barada söhbet Çar tarapa il bolmak. Dünýä garylyp-gatylmak. Uly tutumlar bilen adamzadyň ykbalyna oňyn täsiriňi ýetirmek... Bular diňe goňşular bilen köňlüň bir, ümzügiň öňe bolup, tutumyň-gadamyň deň gopanda mümkin bolýar. Pederleriň «Goňşy — iň ýakyn aralykdaky il», «Haý diýemde haraýym, goňşym — bazar-saraýym» ýaly pähimleri diňe öýleriň däl, eýsem, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary aňlatmagyň ýüküni-de çekip bilýändigi bilen gymmatlydyr. Türkmenistanyň öňden gelýän bu asylly ýörelgäni turuwbaşdan döwlet syýasatyna öwrendigi duldegşir goňşy ýurdumyz Eýran Yslam Respublikasy bilen yzygiderli ilerledilýän gatnaşyklardan hem äşgär görünýär.

Pikirler, garaýyşlar

Mohsen PAKNEŽAD,EYR-nyň nebit ministri:

Işewür hyzmatdaşlyk ilerledilýär

Ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli alyp barmak arkaly dünýä ýurtlary, iri halkara guramalar, şol sanda abraýly kompaniýalar bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirýär. 26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar köp ýyllaryň dowamynda özara düşünişmek, ynanyşmak, hormat goýmak esasynda yzygiderli ilerledilýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem BMG-niň, beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýar. Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistan bilen BAE-niň özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.