Türkmenistan — Owganystan: däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda

31 Awgust 2024
24

Aşgabat, 30-njy awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär. Şunda döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda goňşy ýurtlar, hususan-da, Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen-owgan gatnaşyklary özara hormat goýmak, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar.

Beýleki habarlar