"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenabatly kosmonawt dünýä rekordyny täzeledi

Türkmenabat şäherinde dünýä inip, şu şäherde önüp-ösen we orta bilim alan kosmonawt, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany Oleg Kononenko orbital uçuşlarda geçiren umumy wagty boýunça kosmonawtlaryň taryhynda täze rekord goýdy: ol kosmosda 1000 gün boldy. Oleg Kononenko häzirki wagtda Halkara kosmos bekedinde bolup, bäşinji uçuşyny amala aşyrýar. Bu uçuş 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabryna çenli dowam etdiriler. Şol wagta çenli onuň açyk älemde bolan döwri 1110 gije-gündize deň bolar.

Arkadag şäheri — şanly taryhyň ojagy

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her ädimi — taryh. Halkymyzyň bagtly durmuşyna, ýurdumyzyň ösüşlerine hyzmat edýän taryh. Arkadag şäheriniň döreýşi, gülläp ösüşleri bilen baglanyşykly hem muňa kän mysallary getirip bolardy. ...Bu gezegem şeýle boldy. Geçen penşenbe güni, 30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Bularyň her biri, hakykatdan-da, il-ýurt, nesilleriň geljegi baradaky taryhy aladalardyr we bularyň her biriniň çuňňur manysyny seljerip, isledigiňçe söhbet etmek mümkin. Biz bolsa, häzirlikçe, Gahryman Arkadagymyzyň şu saparyna degişli käbir pursatlara ünsi çekmek isleýäris.

Şa gadamynyň sahawaty

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgam taslamasynyň jemleýji tapgyry bolan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisiniň we beketleriň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu waka mynasybetli welaýatyň ilatyna 200 sany täze ýolagçy awtobusyny sowgat edip, toý şatlygyny has-da artdyrdy. Şol nurana günde Daşoguz welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň gowşurylmagy, Daşoguz şäherinde we Gülüstan şäherçesinde dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-siniň açylmagy mynasybetli geçirilen çäreler bolsa Şa saparynyň sahawatynyň, ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň barha dabaralanýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Nur paýlaýan desga

Goşa mukaddeslik

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi giňden belläp geçmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Milli Liderimiziň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dowam etdirilýän täze taryhy eýýamynda asuda asmanda pasyrdaýan Döwlet baýdagy, rejelenen görnüşde kabul edilen Konstitusiýa halkymyzyň ösüşiniň, rowaçlygynyň hem bagtyýarlygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu ýagdaý türkmen döwletiniň üýtgewsiz ýörelgeleri bolan Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygy, parahatçylygy hem agzybirligi, demokratiýany, kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemleýär hem-de onuň geljekki ösüş ugruny kesgitledi. Häzirki taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň jebisligini, bitewiligini alamatlandyrýar. Bagtyýar halkymyzyň bu goşa senäni şatlyk-şowhuna besläp, uludan toýlamagy döwlet berkararlygymyzy dabaralandyrýan milli gymmatlyklarymyza goýulýan belent hormat-sarpadan nyşandyr.

Abuna — 2024

Hormatly okyjylar! 2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Daşoguz habarlary» gazetiniň elektron görnüşine abuna ýazylyşygy dowam edýär.

Täzelikler

Türkmenabat şäherindäki Zerger «Demirbetonönümleri» kärhanasynda ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan demir-beton önümleriniň, harytlyk betonyň, derýa çägesiniňdir keramzidiň öndürilişi barha artdyrylýar. Kärhanada şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda hem gurnama demirbeton önümleriniň 11 müň 97 kub metri öndürilip, bu baradaky meýilnama 106,15 göterim berjaý edildi. Ösüş depgini 109,16 göterime ýetirildi. Şeýle-de bu döwürde harytlyk betonyň 255 kub metri, derýa çägesiniň 20 müň 161 kub metri, keramzidiň bolsa 7 müň 112 kub metri öndürildi.

Şygryýetiň şalygyna syýahat

Öňňin — 4-nji iýunda welaýat häkimliginde «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, täze ýygyndy akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanyldy. Ýarym müň sahypadan hem gowrak kitapda akyldar şahyryň saýlanan şygyrlary ýerleşdirilipdir. Göwrümli kitapdaky şygyrlaryň elipbiý tertibinde ýerleşdirilmegi bolsa okyjy üçin oňaýlylyk döredýär.

Sungata siňen gözellik

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesine eýerilip körpe nesil mähirli aladalar bilen gurşalýar. Bu babatda alnyp barylýan işler geljegimiz bolan çagalaryň bagtly durmuşynyň üpjün edilmegine, olaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagyna giň ýol açýar. Ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýaş nesliň bagtyýar, sagdyn durmuşy we ruhubelent bolup ýetişmekleri ugrunda alyp barýan ajaýyp işleriniň gerimi barha giňeýär.

Ak şäherim Aşgabat

Täze taryhy eýýamymyzda ak şäherimiz Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlas-aladasy, külli il-ulsumyzyň söýgüsi bilen barha owadan keşbe girýär. Çünki paýtagt ýurduň ýüregi hasaplanylýar. Şeýle bolansoň ýurduň paýtagtynyň owadan binalara beslenmegi, ilatyň ýaşamagy, işlemegi, dynç almagy üçin iň bir amatly şäher gurşawyna eýe bolmagy, ýurduň syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriniň görkezijisi hökmündäki aýratynlyklar bilen dünýä tanalmagy möhüm ähmiýete eýedir. Bu günki gün gözel paýtagtymyz dünýäniň merjen şäheri hökmünde görenleri haýrana goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen paýtagt şäherimiz Aşgabat öz gözellikleri bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna iň köp girizilen şäherleriň biridir.

Bagtyýarlygyň goýnunda

Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň şadyýan dynç alyş möwsümi başlandy. Bu döwürde welaýatymyzyň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem körpe nesle gujagyny giňden açdy. Iýun aýynyň 2-sinde başlangyç berlen dynç alyş möwsüminiň ilkinji tapgyrynda çagalaryň 300-si merkeze kabul edildi. Tomusky möwsüm her biri 20 günden ybarat bolan 3 tapgyrda dowam eder. Häzirki günlerde ýaşlar bu ýerde öz wagtlaryny şadyýan, göwnühoş geçirýärler. Mugallymlardyr terbiýeçiler çagalaryň her gününiň ýatdan çykmajak täsirlere beslenmegi ugrunda alada edýärler.

Köňüllerde ebedi orun alan beýik akyldar

Türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna giren edebi mirasy dünýä halklarynyň dillerinde müdimi aýdym bolup ýaňlanýar. Asyrlaryň owazy bolup, üç asyr bäri ýaňlanyp gelýän aýdym köňüllerde ebedi orun aldy. Ýakynda türkmen, rus, iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde çapdan çykan «Magtymguly» atly kitap — beýik söz ussadynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysy dana şahyra hormatyň nyşany bolmak bilen, türkmen okyjylary bilen birlikde, daşary ýurtly çeper döredijilige sarpa goýýanlar üçin hem ajaýyp sowgat boldy. Täze kitabyň welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy munuň subutnamasyna öwrüldi.

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän, bellenen döwürde anyk wezipeleri öňde goýýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine badalga berýär. Häzirki ajaýyp günlerimizde hem «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyndan» ugur alnyp, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda tutumly işler amala aşyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň, binalaryň gurluşygyna badalga berlip, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ähli pudaklaryň depginli ösüşini üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan kemal tapan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly taryha buýsanja, Watana söýgä ýugrulan nusgalyk eserleri bolsa şeýle ajaýyp günlerde bize täze belentliklere ýetmekde ruhy goldaw bolýar. Watany beýgel

Çagalaryň hukuk kepillikleri

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar» diýlip bellenendir. Diýarymyzda çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň milli kanunçylygy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Şonuň ýaly-da, çaganyň özbaşdak şahsyýet hökmündäki hukuk derejesini takyklaýar we onuň hemmetaraplaýyn ösmeginiň üpjün edilmegine, onda belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine, onuň milli däp-dessurlar, umumadamzat ruhy-ahlak, medeni we durmuş gymmatlyklary, jemgyýetde kabul edilen ahlak ýörelgeleri, düzgünleri we kadalary, jemgyýetçilik hem-de döwlet bähbitlerine hormat goýmagy esasynda watansöýüjilik we raýatlyk ruhunda terbiýelenmegine gönükdirilendir. Kanunyň 4-nji maddasynda ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan her bir çaganyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, özüniň we ata-enesiniň ýaşaýan ýerine, diline, bilimine, dine garaýşyna, dogluş ýagdaýyna, saglygyna ýa-da beýleki ýagdaýlaryna garamazdan, hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini kepillendirýändigi beýan edilýär.

Ajaýyp döwre zynat «Arkadagly nesiller»

Ýaş nesilleriň bagtyýarlygyny, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünliklere beslenýän durmuş ugurly döwlet syýasatynda esasy maksatlaryň biridir. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Magtymguly etrabynyň Magtymguly şäherinde «Arkadagly nesiller» atly döwrebap çagalar medeni dynç alyş merkeziniň ulanylyşa tabşyrylmagy şeýle buýsançly hakykaty ýene bir ýola tassyklady. Durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamaty bolan çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşamak, olaryň ýagşy arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin ähli tagallalary etmek halkymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip gelen mizemez durmuş ýörelgesidir. Bu ýörelge türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini, oňyn başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze taryhy eýýamda mazmun baýlygyna eýe bolýar. Şeýle nusgalyk aladanyň akyldar şahyrymyzyň adyny göterýän etrabyň merkezinde durmuşa geçirilen medeni-durmuş maksatly bu taslamada öz mynasyp beýanyny tapandygyny nygtamak buýsançlydyr.

Ýaş zehinleriň üstünligi

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigine welaýatymyzdan hem döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň ençemesi gatnaşdy. Çagalarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, döredijilik işine höweslendirmek, olaryň surat çekmek ukybyny ösdürmek we dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen geçirilen bäsleşige ýaş suratkeşler Watanymyzy, mähriban topragymyzy, maşgala gymmatlyklaryny, gözel tebigatymyzy we milli mirasymyzy wasp edýän işlerini

Her setiri zer mysaly

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Adyň dünýä doldy, dana Pyragy»  atly bäsleşige

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna

Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!Eziz watandaşlar! Sizi giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň okyjylaryna, awtorlaryna we neşir edijilerine

Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!Eziz watandaşlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak babatda uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Döwürleriň şahyry

Döwür-döwran aýlanyp, asyrlar geçse-de, türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary öz gymmatyny ýitirmeýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» we «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň nusgalyk ýol-ýörelgeleriniň dowamatlylygy, onuň döredijiliginiň ýaşlary terbiýelemekde, özygtyýarly Watanymyzyň geljekki ykbaly babatda ägirt uly jogapkärçiligini duýmaklaryny gazanmakda möhüm ähmiýetiniň bardygy barada hem bellenilýär. Akyldar şahyryň geljek nesillere goýup giden baý medeni mirasy häzirki wagtda umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilendir. Şahyryň eserleri dünýäniň onlarça diline terjime edildi we aýry neşirler görnüşinde çap boldy. Ýakynda şahyryň şanly senesi mynasybetli «Magtymguly» atly kitaby — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysy çapdan çykdy. Ýygyndy türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi. Akyldaryň eserleri, gymmatly pikirleri ýurdumyzyň çäklerinden has uzaklarda, beýleki halklaryň arasynda hem giňden meşhurdyr. Türkmen şahyrynyň dürli ýurtlarda, şol sanda Russiýada, Türkiýede, Eýranda, Özbegistanda, Ukrainada ýadygärlikleriniň oturdylmagy söz sungatyna goýulýan hormatdan nyşandyr. 17-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtgtymyzda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ýadygärliginiň dabaraly açylmagy beý

AŞGABAT: GEÇMIŞDEN GELJEGE UZAÝAN GÖZELLIK

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini mundan beýläk-de özgertmek, ýaşaýyş-durmuş amatlyklaryny, paýtagtyň jemagat hojalygyny ösdürmek boýunça işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda, ýokary we orta okuw mekdepleriniň edara binalaryny, ýaşaýyş jaý we seýilgäh toplumlarynyň, söwda merkezleriniň we bazarlaryň, häzirki zaman ulag ýollarynyň we beýleki ýaşaýyş-durmuş desgalarynyň guruljakdygy döwletiň ýokary gymmatlygy hökmünde adam hakyndaky alada durmuş-ykdysady syýasatyň baş ugrudygynyň tassyknamasy bolup durýar. Paýtagtyň giň möçberli mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutmak bilen, şäheri ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda senagat, ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş bazary, döwlete dahylsyz bölegiň kiçi we orta möçberli kärhanalary, durmuş ulgamy we ýaşaýyş derejesini görkezmek bolýar. Her ýyl bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Aşgabat şäherinde durmuş-medeni maksatly owadan desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, 17-nji maýda Aşgabadyň günorta künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyny aýratyn bellemek bolar. Akyldaryň hormatyna